Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mujize we keramat

Pygamberleri Allatagala belläpdir, ynsan işlemekdir zähmet çekmek bilen pygamber bolup bilmez. Alla ynsanlaryň arasyndan saýlap-seçip iberen pygamberleriniň hakyky pygamberdigini göze görkezip subut etmek üçin mujize bilen güýç beripdir.

Mujize: Pygamber hökmünde wezipe berlendigini aýdýan adamyň bu sözünde dogrudygyny subut etmek üçin Allanyň gudraty bilen görkezen adatdan daşary geň-taň wakasydyr. Mujize bir pygamberiň pygamber bolandygynyň şaýady diýmekdir. Allanyň rugsady bolmazdan hiç kim mujize görkezmez. Tebigat kanunlaryna ters gelýän görnüşde ýüze çykan her bir waka ýa-da hadysa mujize däldir. Düşündirişinden ýa-da kesgitlemesinden hem belli bolşy ýaly mujize görkezen adam pygamber bolandygyny aýdar we özünden talap edilýän zadyň edil meňzeş nusgasyny gaýtadan görkezse, mujize bolar.  Eger bu adatdan daşary wakany görkezen adam pygamberdigini aýtmaýan bolsa, onda oňa keramat diýilýär. Weliniň keramaty tabyn bolan pygamber üçin mujize diýmekdir. Şeýle bir wakanyň ýa-da hadysanyň ynanmaýan adamlardan ýüze çykarylaýmagy-da mümkindir. Muňa bolsa tötänlik (istidraj) diýilýär. Her pygamber özünden talap edilen täsinligi, geň-taňlygy görkezendir. Biziň pygamberimiziň-de görkezen mujizeleri bardyr.