Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Sahypa nusgalarynyň köpeldilmegi

Hz.Osmanyň halyfalygy döwründe alnan ýerleriň giňelmegi sebäpli, käbir etraplarda okama üýtgeşiklikleri ýüze çykmaga başlapdyr. Şol sebäpli halyfa Hz. Ebu Bekir wagtynda Gurhanyň sahypa görnüşine getirilmeginde örän ukyply bolan Zeýd b.Sabitiň (Alla jan ondan razy bolsun!) ýolbaşçylygynda bir topar döredildi. Bu topar Hz. Ebu Bekir döwründe ýazylan we pygamberiň ýanýoldaşy, Hz. Omaryň gyzy Hz. Hafsanyň ýanynda bolan asyl nusgany alyp, 7 sany nusga edip köpeldipdir. Halyfa bu nusgalary tapawuly bolan yslam merkezlerine iberipdir we şeýdip, ýalňyş okamalaryň öňi alnypdyr. Şol döwürde ýazylan mukaddes Gurhanyň nusgalary biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Şeýlelikde mukaddes Gurhan pygamberimize inişi, iberlişi ýaly görnüşde ýazylypdyr, sahypalar şekiline getirilipdir, köp sanly musulmanlar tarapyndan ýatdan tutulypdyr hem-de hiç hili üýtgewsiz biziň günlerimize gelip ýetipdir. “Dogrusy, Gurhany biz inderdik, onuň goraýjysy-da bizdiris.”( Hijr: 9) diýen ylahy wada hem hakykata öwrülipdir.