Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Perişdelere imanyň peýdalary

Iman esaslary - ynsanyň ýaşaýşynda özüne ýolbeletlik etjek we hemişe hereketlerini oňa eýerjek düzgünleridir. Bu jähtden, perişdelere imanyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki, perişde adamlary ýagşylyga çagyran bir serişdedir. Muňa ynanan ynsan özüni oňatlyga çagyran her sese gulak asar hem-de çagyrylan ýere gider. Şeýle hem perişdelerden birnäçeleri mydama ynsan bilen bilelikde bolarlar; ynsanyň eden ýagşylyklaryny we ýaramazlyklaryny ýazarlar. Şonuň üçin imanly ynsan sözlerine we hereketlerine üns berer. Beýleki tarapdan, ynsanyň edenlerini, etmişlerini ýazan perişdeleriň oňat zatlaryň ýazmaklary üçin hemişe hatyrjem bolar hem-de işinde dogruçyl bolmaklyga çalşar.

Esasy uly perişdeler şulardyr:

Jebraýyl aleýhissalam: Alladan pygamberlerine wahyý we kitap getiren ýagny wekilçilik eden perişdedir.

 Mikaýyl aleýhissalam: Tebigatdaky hadysalardyr wakalar bilen baglanyşykly wezipäni ýerine ýetirýän perişdedir.

Israfyl aleýhissalam: Kyýamatyň gopmagy we adamlaryň ölenden soňra gaýtadan direlmegi üçin “sur” çalmak boýunça wezipäni ýerine ýetirýär. “Sur” - söz görnüşinde turba, üflenende ses çykarýan şah diýen many aňladýar. Israfyl aleýhissalam wezipesinde Allanyň buýrygy bilen “sur” diýen gurala üç gezek üflejekdir. Birinji gezek üfläninde, Allanyň diýeninden başga, ýerde, gökde näme bar bolsa, bary agdar-düňder boljakdyr (Neml, 27/87), ikinji gezek üfleýşinde Allanyň diýenlerinden başga, ýerde, gökde näme bar bolsa, bary öljekdir (Zümer, 39/68). Üçünji sapar üfleýşinde bolsa, magşar diýlen ýerde ýygnanmak üçin şol ölenleriň bary direljekdir. (Zümer, 39/68). Ezraýyl aleýhissalam: Sanalgysy dolanyň janyny almak bilen bag-lanyşykly wezipäni ýerine ýetirýän perişdedir. Şeýle hem mydama ynsanlar bilen bilelikde bolan we olaryň eden ýagşylyklarydyr ýamanlyklaryny ýazan perişdelerde bardyr. Bulara: “Kiramen Kätibin” - kätip, ýazyjy perişdeler diýilýär. Perişdeleriň birnäçesi adam öleninden soňra, ondan sorag sorarlar. Bulara-da: “Müňkür - Nekir” diýilýär. Ikisine bilelikde “Münkereýin” hem diýilýär. Olara bilinmeýändigi we tanalmaýandygy üçin şonuň ýaly at berilýär.