Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Dini düzgünleriň esaslanýan ilkinji çeşmesi Gurhandyr.

Mukaddes Gurhan beýik Allanyň pygamberleriniň araçylygy bilen iberen kitaplarynyň iň soňkysydyr. Ondaky düzgünlerdir kadalar we ýörelgeler kyýamata çenli ýörgünlidir. Ähli çaglaryň we jemgyýetleriň zerurlygyny üpjün etjek häsiýetindedir.

Gurhan bize ýaradylyşymyzyň maksadyny beýan edýär. Adamlar, bütin älem-jahany ýaradan Alla ynanmaga hem-de oňa gulluk etmäge çagyrýar. Ýagşylyk etmekligi we ýamanlykdan saklanmaklygy talap edýär.

Gurhan hem şahsyýetleriň hem-de jemgyýetiň asuda parahat görnüşde bagtly eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek üçin zerur bolan ýol-ýodadyr ýörelgeleri beýan edýär hem-de olara eýerilmegini talap edýär.

Mukaddes Gurhan beýik Allanyň buýruklaryna we gadagan eden zatlaryna dogry, düşünjeli hereket edenlere serpaýlandyrjagyny buşlaýar, buýruklary ýerine ýetirmeýän, gadagan edilen zatlary äsgermeýänleri bolsa jezalandyrjagyny habar berýär.

Ol ynsanlary tümlükden, gözedürtme garaňkylykdan aýdyňlyga çykaran bir ýagtylykdyr. Baky bagtlylykdyr eşretliligiň ýoluny görkezýän bir täsin ýolbeletdir. Dünýa we ahyret bagtlylygynyň esaslary hak-hukuk, adalat we deňligiň esasy ýörelgeleri hem-de ýokary derejede arassa ahlak düşünjeleri ondadyr. Gurhanda orun berlen buýruklardyr maslahatlara eýerenler hem bu dünýäde rahat ýaşajakdyr, hem-de o dünýäde, ölümden soňra dowam etjek bolan ebedi durmuşda hakyky bagtlylygy gazanyp, eşretde ýaşamaga hak gazanjakdyrlar.

Mukaddes Gurhan bilen baglanyşykly “Kitaplara iman” bölüminde ýörite maglumat berlendir.