Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » PYGAMBERLERE IMAN Pygamberler we pygambere bolan zerurlyk

Imanyň alty sany esasy şertinden biride pygamberlere ynanmakdyr. Pygamber parsça bir söz bolup, habar getiren, çapar diýen manyny aňladýar. Dini adalga manysy bolsa Allanyň adamlara dogry ýoly salgy bermek üçin ýörite bellän naýbaşy saýlama we ilhalarlyga mynasyp adamydyr. Pygamber Allanyň özüne iberen habaryny adamlara ýaýradar, Alla bilen gullarynyň arasynda wekilçilikilçilik eder.  Pygamberleriň birnäçesine kitap iberlendir. Olara “Resul” diýilýär. Bu sözüň köplügi Rusuldyr. Bir toparynada kitap iberlen däldir. Olar özlerinden öňki pygamberlere iberlen kitaplar bilen amal ederler we kitaplardakyny ýaýradarlar. Bulara bolsa “Nebi” diýilýär. Onuň köplügi Enbiýadyr. Bu düşündirişe görä, özüne kitap iberlen resula nebi hem diýilýär. Ýöne özüne kitap iberilmän başga bir pygambere iberlen kitap bilen amal eden we kitabyň habaryny ýaýradan nebä resul diýilmez. Başgaça aýdanymyzda, her bir resul şol bir wagtyň özünde nebidir. Emma her bir nebi resul däldir. Adamlaryň pygamberler emma ýol görkezijilere zerurlygy bardyr. Çünki, ynsan akyly bilen hemme zady bilip bilmez, köp zatlara düşünmekde kynçylyk çeker. Bizi we tebigaty ýaradan Allatagalany akylymyz bilen tapýan bolsakda, oňa nädip ybadat etjegimizi, onuň buýruklarynyň we gadagan eden zatlarynyň nämelerdigini bilmegimiz mümkin däldir. Bulary bize habar beren pygamberlerdir. Şonuň üçin Alla özlerine pygamber ibermedik, buýruklarydyr gadagan eden zatlaryny pygamberler bilen bildirmedik adamlaryna azap bermejekdigini mukaddes Gurhanda habar beripdir (Isra, 17/15).