Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mukaddes Gurhanda ady agzalyp geçilýän pygamberler

Ilkinji pygamber Adam aleýhissalam, ýagny Adam Ata bilen iňsoňky pygamber Muhammediň (s.a.s.) arasynda birnäçe pygamber bolup geçipdir. Bularyň anyk sanyny diňe Alla biler. Çünki Gurhanda bir topar pygamberleriň ady anyk agzalýar, ady agzalmaýan ençeme pygamberleriň bolandygy habar berilýär. Biz Allanyň iberen bütin pygamberlerine ynanýarys, olaryň sany babatdaky meseläni Alla galdyrýarys. Mukaddes Gurhanda ady agzalyp geçen pygamberler jemi 25 bolup, olar şulardyr: Adam, Idris, Nuh, Hud, Salyh, Şuaýyp, Ybraýym, Lut, Yshak, Ysmaýyl, Ýakup, Ýusup, Musa, Harun, Dawut, Süleýman, Eýýup, Zül-kifl, Ylýas, Elýesa, Zekirýa, Ýunus, Ýahýa, Isa we Muhammet aleýhissalamdyr. Bulardan başga Gurhanda Zül-Karneýiniň, Lukmanyň we Üzeýiriň ady hem agzalyp geçilýär. Ýöne olaryň pygamber bolandyklary anyk belli däldir. Käbir adamlara görä olar hem pygamberdir, birnäçe adamlaryň pikiriçe bolsa olar pygamber däldirler, welidirler. Bularyň pygamberdigi kabul edilse, onda mukaddes Gurhanda ady agzalan pygamberleriň sany 28 bolardy.