Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Kyýamat gününde pygamberimiziň şepagaty

Şepagat diýmek günäkär musulmanlaryň bagyşlanmalary, günäsiz bolanlaryň bolsa has ýokary derejeler almaklary üçin pygamberleriň we Allanyň söýgüli gullarynyň Alla ýalbarmagy diýmekdir. Kyýamat güni Allanyň rugsady bilen bütin pygamberler şepagat etjekdirler. Kyýamat güni magşar ýerinde adamlar örän köp sanly ýagdaýda toplanjaklar hem-de özlerine şepagatçy gözlemäge başlajaklar. Turuw başdan ilkinji ynsan we birinji pygamber Adam aleýhissalamdan (Adam Atadan) başlamak şerti bilen ähli pygamberlere ýüz tutuljakdyr. Pygamberleriň hemmesi-de özlerine heniz rugsat berilmedigini duýduryp, şepagat edip bilmejekdiklerini aýtjaklar. Ahyrynda halk iň ahyrky pygamber bolan Muhammede (a.s.w.) gitjekler we şepagat bermegini haýyş etjekdirler. Ol Allatagaladan rugsat alanyndan soňra şepagat etjekdir, hasabat ine hut şondan soňra başlajakdyr. Ondan soňra-da beýleki pygamberler Allanyň halaýan gullary, şehitler, alymlar-da şepagat ediljekdir. Pygamberimiz şol gün iman bilen ölen her kişä şepagat etjekdir. Bir hadysda bu hakda şeýle diýlipdir:

“Kyýamat güni bolanynda men şepagat ederin. “Eý Rabby, göwnünde sähelçe, çigidiň gabygy ýalyjak imany bolanlary jennete goý” diýip doga ederin, olar jennete girerler. Soňra “Eý Rabbym, çigidiň gabygyndan az imany bolanlaryda jennete goý” diýip ýalbararyn.”( Buhary, Tewhit, 36) Şepagaty inkär eden şepagatdan mahrum galar. Alla rugsat bermese-de, hiç kim şepagat edip bilmez.