Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » ÝAZGYT WE TAKDYRA IMAN

Imanyň şertleriniň biri-de takdyra we ýazgyda ynanmakdyr. 

Ýazgyt: Allanyň gadymda tä ebedä çenli boljak zatlaryň, wakalaryň wagtyny, ýerini, aýratynlyklarydyr häsiýetlerini we nädip boljakdygyny Allanyň öňünden bilmegine we onuň anyk wagtyny bellemegine ýazgyt diýilýär.

Takdyr: Allanyň öňünden billän we şol ýazgydy diýen wagtynda ýüze çykarmagyna takdyra diýilýär. Başgaça aýdanymyzda, ýazgyt Allanyň kanunlary, ölçegleridir, takdyra bolsa işleriň şol kanuna we ölçege görä ýüze çykmagydyr. Her bir zady beýan edip ýaradan Allatagaladyr. Çünki ondan başga ýaradan ýokdur. Alla bolan we boljak näme bar bolsa olary öňünden bilýändir. Haçanda wagty geleninde, olar hem Allanyň diýenine we ýazanyna laýyk görnüşde emele gelýär,ýüze çykýar. Onuň ýazgydynyň daşynda hiçbir zat ýüze çykmaz. Mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilýär:

“Ýer ýüzünde emele gelen we siziň başyňyza düşen hiç hili bir kynçylyk ýokdur, ýagny ony ýaratmazdan öň, ol bir kitapda ýazylan bolaýmasyn. Şübhesiz, bu Allatagala görä örän aňsatdyr.”( Hadid: 22)

“Şeýle diýip aýt, Allanyň bize ýazanyndan başgasy biziň başymyza gelmez. Ol biziň möwlamyzdyr. Ynananlar Allatagala bil baglasyn.”(Toba: 51) Ynha, ýazgyt we takdyr diýilýäni hut şudur. Ýazgyt we takdyr diýleninde akyla öňi bilen Allanyň ylym, düşünje we ýaradanlyk sypatlary gelmelidir. Allatagala bilýändir hem-de ýaradýandyr. Her bir zat Allanyň dilemegi bilen we ýaratmagy bilen emele gelýär, munda hiç hili şübhe ýokdur. Ýöne akyla şeýle görnüşli bir sorag-da gelip biler: “Eýsem, her bir zat Allanyň takdyr etmegi bilen ýüze çykýar, onda biz edilmegi buýruk bolan zatlary berjaý etmedigimiz, gadagan edilen zatlary bolsa ýerine ýetirendigimiz üçin näme sebäbe görä jogapkär bolýarys? Çünki biz bulary Allanyň takdyry bilen etýäris ýa-da etmeýäris, ahyry?” Indi şol akyla gelen soraga jogap bermäge synanyşyk edeliň: Allatagala adamlary ýaradypdyr, olara akyl, düşünje we güýç beripdir. Adam öz akyly we düşünjesi bilen ýagşydyr ýamany seljerip bilmeli we ýamandan saklanyp bilmegi başarmaly. Adamyň bu seljerme we saklanma güýjüne “irade-i jüziýýe” (başarnyk güýji) diýilýär. Bu başarnyk we islegimiz haýsy tarapa sarp etsek, haýsy tarapy saýlap-seçsek, Allatagalada ony başarnygymyza hem-de islegimize görä ýaradar. “Alla şeýle takdyr edipdir, ýaradypdyr, men näme edeýin?” diýip günä bolan bir zady etmejegimiz ýaly, şeýle ýaramaz işi ýerine ýetirmekden we meselem, “Allahym saklasyn!” –adam öldüreniňden soňra, “Men näme edeýin, Allanyň ýaradyşy şeýle eken” diýip bahana ýa-da sebäp gözlemeris. Çünki biz eden işimizi berjaý etmezden öň hem soň hem takdyr we ýazgyda ýöňkäp bilmeris. Biz başarnykdyr islegimizi şol ugra sarp etmek şerti bilen Allanyň takdyrynyň bu görnüşde ýüze çykmagynyň sebäbi esasynda eden işimize jogapkär bolarys. Muny şeýle bir mysal bilen düşündirip bileris: Bir astronom eden hasaplamalarynyň netijesinde günüň tutuljagyny kesgitläp, ony öňünden habar berýär. Wagty gelen-de bolsa gün tutulýar. Indi, gün bu alymyň habar berendigi üçin tutulýarmy? Ýogsa, günün tutuljagy üçin alym muny öňünden kesgitlap habar berýärmi? Başgaça aýdanymyzda, astronomyň günüň tutuljagyny habar bermegi günüň tutulmagynyň sebäbimi? Ýa-da günüň tutuljagy alymyň öňden muny habar bermegine sebäp bolýarmy? Şübhesiz, günüň tutuljagy alymyň muny kesgitläp, öňünden habar bermegine sebäp bolupdyr, ýogsa alym muny habar berendigi üçin gün tutulan däldir. Ine, biziň etjek işlerimizi Jenaby Hakyň öňünden bilmegi-de hut şunuň ýalydyr. Biz öz düşünjämiz, başarnygymyz bilen eden işlerimizi Jena-by Hak ummasyz köp sanly ylymlary bilen öňünden bilip, takdyr edýär. Ýogsa, ol bilendigi üçin biz olary etmeklige mejbur bolmaýarys. Aslynda biz bilen baglanyşykly näme takdyr edendiginide bilip bilmeýäris. Bir zady etmekligi ýa-da etmezligi ýüregimize düwen wagtymyzda, hiç hili basgy duým azdan öz erkin düşünjämiz bilen netijä gelýäris.

Ýazgyda we takdyra imanyň peýdalary

 Ýazgyda we Takdyra imanyň adamzat durmuşynda uly ähmiýeti bardyr. Ýazgyda iman eden adam sabyrly bolar. Elinde bolmaýan sebäpler bilen garşylaşan kynçylyklaryň öňünde müzzerilmez, sussypeslige düşmez. Bu Allanyň ýazgydyr diýer we sabyr eder. Öz ýalňyşlygy sebäpli başyna düşen işler üçin öküner, puşman bolar, ýalňyş tutum we hereketlerden ýüz öwrüp, Allatagala sygynar we ondan kömek sorar, umytsyzlyga düşmez.