Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Alladan gorkmak

Alla bize gan damarymyzdanda örän ýakyndyr. Bizi islendik wagt we islendik ýerde görüp, gözegçilik edip, edýän zatlarymyzyň baryny bilýändir. Ýerdäki we asmandaky hiçbir zat oňa gizlin däldir. Hiç kimiň görüp bilmejek ýapyk we tenha ýerlerde-de näme edýändigimizi görer, aýdýan zatlarymy eşider. Hatda göwnümize getirenlerimizi-de, niýetimize düwenlerimizide biler. Ahyry bir gün eden işlerimiz boýunça bizden hasap sorar. Oňat we ilhalar iş edenlere sylag berjekdir, ýaramaz iş edenleri bolsa jezalandyrjakdyr. Onuň öňünde bu dünýäde edenlerimiziň hasabatyny berýän halatymyzda, hiç bir zady gizläp saklamagymyza mümkinçiligimiz boljak däldir. Alla şeýle görnüşde ynanan adam elbetde ondan gorkar we oňa çuňňur hormat goýar.  Alladan gorkmak diýmek onuň buýruklaryna boýun bolup, gadagan edin zatlaryndan saklanmak diýmekdir. Alladan gorkmak bu dünýä we ahyret eşretliliginiň düýp-teýkarydyr. Alladan gorkan çäkli, hasaply, ölçegli hereket eder. Her bir eden işinde dogruçyl bolmaklyga we her kim bilen hoşgylaw gatnaşmaklyga çalşar. Günä etmezlige hem-de her kim bilen oňat aragatnaşyk saklamaga ymtylar. Diňe bir adamlara däl, eýsem bütin janly-jandarlara rehimdarlyk eder. Çünki, eden her bir işini Allanyň görýändigine hem-de bir gün özünden hasap sorajakdygyna düşüner. Alladan gorkmak adamy Alla has-da ýakynlaşdyrar. Onuň razy bolmaklygyny gazanmagyna we jennete girmegine itergi berer. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Kimde kim Rabiniń huzurynda durjakdygyndan gorksa we nefsini howaýy arzuwlardan uzaklaştyran bolsa, şubhesiz jennet onuń üçin sygynjak yeridir.”( Nazi’at: 40-41)