Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Töwrat (Ahd-i Atik):

Häzirki wagtda bar bolan Töwradyň Musa aleýhissalama iberlen ylahy kitabyň meňzeş nusgasy bolandygyny aýdyp bolmaz. Soňra dürli adamlar tarapyndan ýazylypdyr, goşmaça we çykgytlar berlen bir kitap görnüşine getirilipdir. Içinde asyl Töwratdan bölekler hem bolup biler. Çünki, Musa aleýhissalamdan soňra ençeme söweşler bilen Izraýylogullary dargapdyr we häkimetlerini ýitirip, uzak wagtlap baknalykda ýaşapdyrlar. Aýratyn hem Süleýman aleýhissalamdan soňra gelen ýahudy hökümdarlarynyň köpüsi Hz. Musanyň dinini terk edipdi. Şol sebäplide Töwradyň asyl nusgasy goralyp saklanmandyr, ýitipdir. Hz. Musanyň dinini terk eden ýahudy hökümdarlarynyň biri has soňra Hz. Musanyň dinine gaýtadan dönüpdir, şol wagtda takmynan milady 622-nji ýyldan owal Azra diýen bir palçy özüniň ýazan bir kitabyny Töwrat diýip orta atypdyr. Ynha, häzirki wagtda ýahudylaryň elindäki “Ahd-i Atik” diýlip atlandyrylýan kitabyň ýagdaýy şeýledir. Bu kitabyň ylahy kitap hökmünde kabul edilmegi mümkin däldir. Töwradyň ibrany, ýunany (grek) we samyry dillerinde bolan jemi üç sany belli nusgalary bolsa-da, olar hem biri-birinden üýtgeşikdir. Mukaddes Gurhan Töwradyň aslynyň üýtgedilendigini hem habar beripdir (Enam,6/91).