Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Yslam dininiň aýratynlyklary

Yslam dininiň bir topar aýratynlyklary bardyr, olardan esasylary şulardyr:
1.    Yslam dini soňky dindir
Semawy dinleriň hak dinidigini we ilkinji hak dininiň, ilkinji ynsanyň hem-de birinji pygamberiň Adam aleýhissalam tarapyndan ýaýradylyp jar edilendigini başda belläp geçipdik. Wagtyň geçmegi bilen adamlar özlerine iberilen diniň esaslaryndan daşlaşan halatynda, Alla pygamberlere iberen ilkinji "Biribarlyk dinini” (tewhid dinini) täzeläpdir hem-de ynsanlaryň üýtgedenlerini pygamberleriniň wekilçiligi bilen düzedipdir. Semawy dinleriň esaslarynda aýratyn bir üýtgeşiklik bolmandyr, zamandyr şertlere görä özgeren amallar bilen baglanyşykly kada-kanunlardyr düzgünler bolupdyr.
Ynha, şeýdibem soňky pygamber Hz. Muhammet (s.a.s.) Alla tarapyndan özüne wahyý edilen yslam dinini ýaýradyp, äşgär edipdir.
Hz. Muhammediň soňky pygamber bolşy ýaly, onuň getiren yslam dinide iň ahyrky dindir. Adam aleýhissalam bilen başlaýan we Allanyň birligi esasyna daýanýan biribarlyk dini barha ösüp, kämilleşip yslam dini bolup ýetişipdir. Indi mundan soňra başga bir din iberiljek däldir. Şonuň ýaly-da, yslamyň kada-kanunlary, düzgünleri hut Allanyň öz islegine çenli ýörgünli boljakdyr.
Her bir zadyň ahyrkysy özünden öňkülere garanyňda has kämildir. Yslam dini-de hut şonuň ýaly özünden öňki semawy dinlere garanyňda has kämildir.
Şoňa görä Alla soňky din bolan yslam dininiň kada-kanunlary, düzgünleri bilen bütin adamzat neslini jogapkärli edipdir we diňe ynsanlaryň bu dine höwes bildirmegi bilen özüniň razy boljakdygyny beýan edipdir. Şonuň üçin mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:  
"Allanyň huzurynda hakyky diniň yslam dinidigine şübhe ýokdur”( Al-i İmran: 19).
"Kimde-kim yslamdan başga bir dini gözleýän bolsa, ondan asla kabul ediljek däldir. Ol o dünýäde-de zyýana uçrajaklardandyr.”( Al-i İmran: 85).
"Bu gün siz üçin diniňizi düzdüm, gerekli bolan nygmatlaryňyzy taýýarladym we size mynasyp din hökmünde yslam dinini haladym.”( Maide: 3)
2.    Yslam dininiň üýtgewsiz esaslary bardyr
     Yslam dininiň üýtgewsiz bir topar esaslary bardyr. Bular: ynanç, amal we ahlak bilen baglanyşykly bolan kada-kanunlardyr düzgünler bolup, jemi üç sany bölüme bölünýär:
a.    tüýs ýürekden ynanma bilen baglanyşykly esaslar (itikat)
Bu bir zada köňül bermek ýa-da bir zady halysalla höwes etmek diýmekdir.
Yslama tüýs ýürekden ynanma bilen baglanyşykly esaslaryny emele getirýän we ähli semawy dinlerde-de orun berlen bu esasy kadalardyr düzgünler şular:
 -Alla, perişdelerine, pygamberlerine, kitaplaryna, ahyret gününe, ýazgytdyr takdyra ölenden soňra direlcegine ynanmakdyr.
b.    amal bilen baglanyşykly esaslar
Yslamyň amal bilen baglanyşykly esaslary: adamlaryň edýän işlerine degişli bolan kadalar-kanunlardan, düzgünlerden we gadagan edilen zatlardan ybaratdyr.
Bular Alla bilen onuň gullarynyň arasyndaky gatnaşyklara degişli bolanlar ybadatlardyr.
Amal bilen baglanyşykly esaslardan bir bölegide adamyň özi bilen beýlekileriň arasyndaky gatnaşyklary emele getirýän düzgünlerdir. Beýlekileriň hak-hukyklaryna hormat goýmak, hiç kimiň janyna, malyna we namysyna degmezlik babatdaky kadalardyr düzgünler bu bölüme degişlidir.
ç. ahlak bilen baglanyşykly esaslar
Yslamyň ahlak bilen baglanyşykly esaslary bolsa ahlagyň arassa we oňat bolmagyny, wyjdanyň terbiýelenmegini hem-de ruhuň belent bolmagyny maksat edinýär.
Yslam dininiň ynanç, amal we ahlak bilen baglanyşykly düzgünleri, kada-kanunlary hem şahsyýetiň, hem-de jemgyýetiň eşretli ýaşaýşy üçin niýetlenendir.
3.    Yslam bütindünyä we ähliumumy bir dindir
Yslam dini soňky din bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde bütin adamzat nesliniň dinidir. Yslam dininden başga bu şekilde bolan başga din ýokdur. Meselem, Töwratda ýahudiligiň ähliumumylyga degişlidigi hakynda ýekeje setir hem ýokdur. Tersine, ýahudiligiň tutuşlygyna Izraýylogullaryna mahsus bir dindigi aýdylýar. Hatda olar ýahudilige isleg bildirenleri bu höweslerinden döndermek üçin dinleriniň örän kyndygyny we çekip-çydap bolmajak düzgünleriniň bardygyny belleýärler. Hristianlyk hem ähliumymy ýa-da bütindünýä bir din däldir. Çünki, Hz. Isa özünden öňki pygamberler ýaly, ol hem belli bir kowuma pygamber hökmünde iberilendir. Hut Hz. Isanyň özi özünden soňra geljek pygamber hakynda buşluk habaryny berendir.
Yslam dini babatda aýdanymyzda bolsa, ony ýaýradan Hz. Muhammet (s.a.s.) soňky pygamberdir. Ol özünden öňki pygamberler ýaly belli bir kowuma däl, eýsem tutuş adamzat nesline iberlendir, älem-jahana rehimdar hökmünde gelendir. Bu babatda mukaddes Gurhan şeýle beýan edipdir:
"(Eý Muhammet!) Diý: eý adamlar, dogrusy men siziň hemmäňiz üçin Allanyň iberen pygamberidirin.”( A’raf: 158)
"(Eý Muhammet!) Biz seni bütin ynsanlara diňe buşlukçy we oýandyryjy hökmünde iberipdik, ýöne adamlaryň köpüsi muny bilmezler.”( Sebe: 28)
"(Eý Muhammet!) Biz seni diňe älem-jahana rehimdar hökmünde iberdik.” (Enbiýa: 107)
Hz. Muhammet bütin adamzat nesline iberilen soňky pygamber bolandygy üçin, onuň jarnamasy bilen ýaýradan dinide tutuş adamzadyň dini bolmaly, aslynda hut şeýle hem bolmaly.