Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Işlemegiň, zähmet çekmegiň ähmiýeti

Allatagala her bir janly-jandaryň rysgalyny berjekdigini wada edendir we bu rysgala eýe bolmak üçin bolsa birnäçe sebäpler ýaradypdyr. Şol sebäplere ýapyşmak we Allanyň takdyr eden rysgalyny gözläp tapmak adamyň esasy wezipesidir. “Rysgalym bar bolsa, nirede bolsam hem meni tapar” diýip oturmak, soňrada “Men Allatagala tamakynlyk etdim, meniň rysgalymy berjekdir” diýmeklik ýalňyşdyr. Muňa tamakynlyk diýilmez. Alla rysgalyny gözleýäne we işleýäne berer. Ýazgyda we takdyra ynanypda işlemekligi taşlamak we gerekli bolan çäräni görmezlik dogry däldir. Şonuň üçin sebäplere daýanmak, çäreleri gözlemekligi tamakynlyga päsgelçilik hasaplamakda dogry bolmaz. “Işlemek bizden, bermek Alladandyr” diýlen söz ýazgyda imanyň doly manysyny beýan eder. Aslynda ynsan üçin diňe çeken zähmetiniň rehneti bardyr. Muny mukaddes Gurhan salgy berýär.