Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » PYGAMBERIMIZIŇ ADAMKÄRÇILIGI WE AHLAGY

Allanyň halan guly, soňky we iň uly pygamberi hezreti Muhammet (s.a.s.) edil parlak güneş ýaly bolup doguldy. Teşne topralary suw nähili derejede gandyrýan bolsa, onuň gelmegi bilen, adamzat-da täzeden janlandy.

Onuň ýüreklere ornaşdyran iman yşygynyň saýasynda ýalňyş ynançlar syrylyp süpürildi, nadanlyklaryň, sowatsyzlygyň ornuna ylym, bilim; zulumyň ýerine adalat, hakykat; öýke-kinäniň we duşmançylygyň ýerine adamzadyň mähirli söýgüsi geldi. Sözüň hakyky we doly manysynda yslam doganlyk-dostlugy gurlup, jemgyýet erkinlige we abadançylyga eýe boldy.

Adamlara bu dünýäde-de, ahyretde-de eşretli we bagtyýar bolmaklygyň aýdyň ýoluny görkezen pygamberimiz özüniň öwreden ahlak düşünjelerini ilki özi berjaý edip, iň ajaýyp nusga boldy.

Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda pygamberimiz hakynda: “… sen elbetde ýokary derejedäki ahlaga eýesiň”(Kalem süresi, 4.)

 diýip, onuň belent mertebä we ýokary ahlaga eýe bolan bir şahsdygyny beýan edipdir. Ol öz ahlagyny Gurhandan alyp, adamkärçiligiň iň oňat nuslaryny özünde jemläpdir. Hormatly ýanýoldaşy hezreti Äşä pygamberimiziň ahlagy nähilidi diýip soralanda:

“Onuň ahlagy edil Gurhandy”(Müslim, Musafirun, 139.) diýip jogap beripdir.

Ony beýik Allatagala ýetişdirdi we külli adamzada nusga bolsun diýip, oňa ýörite terbiýe berdi. Bu hakynda pygamberimiz: “Maňa Rabbym terbiýe berdi we terbiýämi ajaýyp nusgalar bilen öwretdi.” (El-Jamius-Sagyr (Münawi, Feýz. Hadys № 310).) diýipdir.

Ol hereketleri, özüni alyp barşy bilen bütin adamzada iň ajaýyp nusgadyr.

Şonuň bilen baglanyşykly Allatagala mukaddes Gurhanda:

“Şuňa ynanyň, Allanyň ilçisinde siz üçin Alla we ahyret gününe gowuşmagy tüýs ýürekden islän hem-de Allatagalany köp ýatlan adamlar üçin ajaýyp bir nusga bardyr.”(Ahzab süresi, 21.) diýip, onuň ýaşaýşyny we ömrüni nusga edinmegimizi isläpdir.

Musulman hökmünde biziň wezipämiz pygamberimiziň ahlakdan we edepden doly ömür beýanyny oňat öwrenmek we olardan nusga alyp ýaşamakdyr.

Geliň, gysga görnüşde pygamberimiziň ömrüni we ahlaky hereketlerini bilelikde öwrenmäge çalşalyň: