Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň çagalygy

Mekgede tanymal adamlaryň şeýle bir adaty, däp-dessury bardy. Täze doglan çagalary Mekge töwereginde ýaşaýan tire-taýpalardaky süýt emdirýän ýörite enelere seretdirerdiler. Sebäbi, Mekgäniň howasy gaty petişdi hem-de örän yssydy. Bu ýagdaý bolsa çagalar üçin amatly bolmaýardy.

Pygamberimizi hezreti Emine üç gün, Süweýbe ene-de iki gün emdirdi. Ondan soňra hezreti Muhammet (s.a.s.) Sad ogullary (Beni Sad) diýen taýpadan bolan Halyma atly süýt emdirýän enekä tabşyrylýar. Halyma ony öz çagasyndan hem eziz görerdi, ösen ýelden-uzdan hem gorap saklardy. Halymanyň kiçi gyzy we hezreti Muhammediň süýtdeş dogany bolan Şeýma-da ony gaty gowy görerdi, hemişe bile oýnardylar. Halyma bu çaga gaty oňat seredýärdi, oňa iň kiçijik görnüşde-de zyýan gelmezligi üçin gaýrat edip ony asla gözden salmaýardy. Bir gün pursatyny tapyp, Muhammet süýtdeş dogany bilen bilelikde öýle wagty öýden çykyp guzularyň ýanyna gidipdirler. Halyma bu ýagdaýa gaty gynanypdyr we çagalar öýe gaýdyp gelenlerinde, gyzy Şeýma: “Näme üçin günüň jokrama yssysynda öýden daşaryk çykdyňyz?” diýipdir. Şonda Şeýma şeýle diýipdir: “Biz hiç hili yssyny duýmadyk, doganymyň (Muhammediň) depesinde bir topbak bulut aýlanýardy. Ol nirä gitse, bulut hem onuň bilen bilelikde hereket edip, şol tarapa gidýärdi, nirede dursa, buludam durýardy, biz öýe çenli şeýdip geldik.”

Ynha, beýik Allatagala ony günüň jokrama yssysyndan şeýdip gorapdyr. Bu ýetim çaga şol maşgala ugur, haýyr getiripdir. Halymanyň adamsy bir gün şeýle diýipdi:

“Halyma, bu çaganyň aýagy bize düşümli boldy. Ol biziň öýümize aýak basan gününden başlap, mallarymyzyň süýdi, süýdümiziňem ýagy köpeldi. Öýümize bereket geldi. Elimiz uzady. Men bu çagada bir üýtgeşikligiň bardygyny syzýaryn.”

Hezreti Muhammet (s.a.s.) bu maşgalada bäş ýaşyna çenli galýar, soňra Mekgä öz maşgalasynyň ýanyna äkidilýär.

Hezreti Muhammediň (s.a.s.) ejesi Eminäniň Medinede dogan-garyndaşlary bardy. Hem şolary görmek, hem-de ogluna kakasynyň mazaryny zyýarat etdirmek maksady bilen, Emine öz ogly bilen bilelikde Medinä gitdi. Medinede bir aýlap boldular. Pygamberimiziň kakasy Abdyllanyň mazaryna zyýarat etdiler. Hezreti Emine çagasy we ýanyndaky hyzmatçysy Ümmü Eýmen bilen birlikde Mekgä gaýtmak üçin ýola çykdylar. Agşam düşüp gelýärkä, Ebwa obasyna geldiler. Şol ýerde Emine hassalandy, başujunda oturdan ogluny mähir bilen ogşady, hasrat duýgusy bilen bagryna basyp başyny sypalady. Öljegini we oglundan aýra galjagyny öňünden duýan ene onuň ýüzüne garap şeýle diýdi:

“Her bir täze zat köneljekdir we bar bolan her bir zat ýok boljakdyr. Menem ölerin. Ýöne gam çekmen. Çünki sap nurdan bolan bir posalak ýaly ogul dogurdym. Dünýä uly we peýdaly bir barlyk galdyrýaryn.”

Bu sözlerinden soňra Emine gözlerini baky ýumdy. Şol wagt hezreti Muhammet (s.a.s.) alty ýaşyndady. Ümmü Eýmen çagany alyp Mekgä gaýdyp geldi.

Ene-atadan ýetim galan hezreti Muhammedi babasy Abdylmuttalyp öz ýanyna aldy. Pygamberimiz iki ýyllap onuň ýanynda galdy. Abdylmuttalybyň ölümi golaýlan çagynda, öz agtygyny pygamberimiziň doganoglan daýysy Ebu Talyba tabşyryp, oňa gaty oňat seretmegi wesýet etdi. Pygamberimiz şol wagt sekiz ýaşyna ýetipdi. Ebu Talyp we onuň maşgalasy Patma eje çaga gaty oňat seretdiler. Ony edil öz çagalary ýaly söýdüler.