Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň dogruçyllygy

Pygamberimiz dogruçyllygyň we dürslügiň iň ajaýyp nusgasydy. Ol çagalygyndan başlap dogruçyl bolmaklykdan aýrylmandyr, hiç haçan ýalan sözlemändir. Pygamberliginden öň ýaşlyk ýyllarynda dogruçyllygy we ynamdarlygy üçin oňa “Muhammedül-Emin”, ýagmy “Ynamdar Muhammet” diýipdirler. Duşmanlary-da onuň dogruçyllygyny kabul edipdirler, oňa ýalançy diýmändirler.

Pygamberimiziň iň ganym duşmany Ebu Jehil: “Muhammet! Biz saňa ýalançy diýmeýäris, sen biziň düşünişimize görä dogrusyň. Biz diňe seniň getiren zadyňa ýalan diýýäris”-diýipdir. Bu söz pygamberimize gaty agyr degipdi, şonuň üçin oňa şu aýat inipdir:

“Olaryň aýdanlarynyna, elbetde, seniň gynanýandygyňy bilýäris. Aslynda olar saňa ýalançy diýmeýärler, emma şol zalymlar aç-açan Allatagalanyň aýatlaryny inkär edýärler.”(Enam, 33.)

Kureýşiň tanymal adamlaryndan Harys b. Amir-de şeýle diýipdir: “Eý Muhammet! Walla, sen hiç haçan bize ýalan söz diýmediň, ýöne biz saňa tabyn bolsak, ýerimizden aýryljak, şonuň üçin biz iman etmeýäris.”(Ruhul-Mani, j.7, s. 136.)

Ebu Süfýan musulman bolmanka, söwda-satlyk maksady bilen Şama giden wagty Wizantiýa hökümdary ony kabul edipdir we pygamberimiz bilen baglanyşykly käbir soraglary sorapdy. Şol soraglaryň biri şeýledi:

“Pygamberlik düşünjesini öňe süren bu adamyň öň heý ýalan aýdan sözüni eşitdiňizmi?”

Ebu Süfýan oňa: “Ýok, onuň ýalan sözlänini asla eşitmedik”-diýip jogap beripdir. Onda hökümdar:

“Size pygamberlik düşünjesini öňe süren adamyň öň heý ýalan aýdan sözüni eşidip-eşitmändigiňizi soradym. Sizem onuň ýalan sözlemedigini aýtdyňyz. Eger bu adam Alla hakynda ýalan aýdýan bolsa, onda ol öňem ýalan sözlemezmidi, näme?”-diýip (Buhary,Bedul-Wahy, 1.), pygamberimiziň dogruçyl lygy sebäpli, onuň hakyky pygamberdigini beýan edipdir.

Pygamber bolan wagty Mekgede halkyny yslama çagyrmak maksady bilen ýygnanypdy. Safa depesine çykyp, şol ýerde ýygnananlara ýüzlenip:

“-Eý Kureýş halky!” Size şu depäniň aňyrsyndan duşamynyň goşuny gelýär diýip habar bersem, siz maňa ynanarsyňyzmy?”-diýip sorady.

Şol ýerde bolanlaryň hemmesi bilelikde:

“Hawa, ynanarys, seniň ýalan sözlän ýeriňi görmedik”-diýip jogap berdiler. Bu köpçülikde pygamberimiziň iň ganym duşmanlaryda bardy. Olar-da pygamberimiziň dogruçyllygyny boýun alýardylar.

Pygamberimiz dogry sözli bolşy ýaly, bizden hem ony talap edýärdi, ol biziň dogruçyl bolmagymyzy we ýalan sözden gaça durmagymyzy isläp şeýle diýipdi: “Şeýle bolsa, dogruçyllykdan aýrylmaň. Çünki dogruçyllyk ýagşy bilen ýoldaşdyr. Dogry bilen ýagşy bolsa sizi jennete elter. Ýalandan gaça duruň, çünki ol ýaman bilen ýoldaşdyr. Ýaman bilen ýalan bolsa sizi jähenneme elter.”(Et-Tergib wet-Terhib, j.4, s.370.)

Ol ýalan zady asla halamazdy, hatda çagalary köşeşdirmek we ünsüni bir zatdan başga zada sowmak üçin olara ýalan sözlemekligiň hem günädigini, şonuň üçin beýle görnüşdäki ýalandan hem gaça durmalydygyny beýan edipdir.

Abdylla b. Amr şeýle diýýär:

“Pygamberimiz bir gün öýümize gelende, ejem “köşegim, bärik gel, bir zat bereýin” diýip meni ýanyna çagyrdy. Pygamberimiz ejeme:

-“Çaga näme bermekçi bolduň?”- diýip sorady. Onda ejem:

·   “Hurma bermekçi boldum”-diýdi. Şonda pygamberimiz:

·  “Eger bir zat bermedik bolsadyň (çagany aldan bolsadyň), onda saňa bir ýalan ýazylardy”(Ebu Dawut, Edeb, 88.) –diýipdir.

Pygamberimiz bir zat hakynda söz berdimi, ol hökman şol sözünde durar eken we aýdyşy ýaly hem berjaý eder eken.

Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasynyň düzgünleriniň biri-de mekgelilerden kimdir biri musulmanlara sygynsa, şol adam musulman bolaýsa-da, yzyna gaýtaryljakdy, ýöne musulmanlardan mekgelilere sygynsa, onda yzyna gaýtaryljak däldi.

Musulmanlar üçin gaty agyr bolan bu şertnamanyň ýazylmagy ýaňy bir gutarypdy welin, mekgelileriň adyndan şertnama gol çekjek bolan Süheýliň musulman bolan ogly Ebu Jendel bir ýol tapyp gaçypdyr we aýagyndaky gandalyny süýräp gelipdi. Şertnama görä Ebu Jendeli yzyna gaýtarmak zerurdy. Musulmanlar muňa gaty gynanypdylar we Ebu Jendeli yzyna bermek islemändiler. Pygamberimiz Ebu Jendele ýüzlenip:

·  “Eý Ebu Jendel, sabyrly bol, biz beren sözümizden dönmeris, ýakynda jenab-y Hak saňa halas bolmaklygyň ýoluny açjakdyr”-diýip teselli etdi (Buhary, Şurut, 25; Ibn Hişam, j.3, s.318.) we heniz gol çekilmedik bolmagyna garamazdan söz bilen ylalaşylan şertnama boýun boljakdygyny subut edipdi.

Ol halas bolmaklygyň dogruçyllykdan emele gelýändigini beýan edipdir, dogruçyllaryň kyýamat gününde pygamberler bilen bilelikde boljakdygyny habar beripdir.

Pygamberimize “Adamlaryň peýdalasy we haýyrlysy kimdir?” diýip sorapdyrlar. Pygamberimiz:

·   “Her bir sap ýürekli we dogry sözli bolanlardyr” (Ibn Maje, Zühd, 24.) diýipdir.