Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň Mekgeden Medinä göç etmegi (M. 622)

Yslamyň taryhynda pygamberimiziň Mekgeden Medinä göç etmegine “Hijret” diýilýär.

Müşrikleriň yzygiderli döredýän kynçykylarynyň we zulumlarynyň öňi-ardy kesilmeýändigi sebäpli, pygamberimiz musulmanlaryň Mekgeden Medinä göç etmekligine rugsat berdi. Musulmanlar topar görnüşinde Medinä göç etmäge başladylar. Din ugrunda doglan, önüp-ösen ýerlerini, mal-müklerini taşladylar. Medinede ýanýan umyt aýdyňlygyna tarap eňdiler.

Mekgede pygamberimiz bilen birlikde hezreti Ebu Bekir, hezreti Aly we birnäçe musulmandan başga hiç kim galmandy. Pygamberimiz ähli kynçylyklara döz gelip, öz wezipesini berjaý edipdi. Pygamberliginiň 13 ýyllygy Mekgede dolupdy.

Müşrikler pygamberimize we musulman bolanlara köp ezýet çekdirdiler. Yslam dinini kökünden ýok etmek üçin “Darun-Nedwe” diýlen ýerde gizlin görnüşde ýygnandylar. Ebu Jehiliň teklibi boýunça pygamberimizi öldürmek hakynda karar aldylar. Bu aýylganç karary ýerine salmak üçin her bir taýpadan ýaş ýigitleri saýlap aldylar. Saýlama ýigitleriň bary ýaraglydy, olar pygamberimiziň öýüniň daşyny gurşap aldylar we onuň daşary çykmagyna garaşýardylar.

Müşrikleriň alan bu gizlin karary Allatagala tarapyn Jebraýylyň araçylygy bilen pygamberimize habar berildi we göç etmegine rugsat edildi. Pygamberimiz öz ýatýan düşegine hezreti Alyny ýatyryp, öýüni gurşan müşrikleriň arasyndan çykdy. Allatagala öz pygamberini gorady. Eli ýaragly müşrikler ony görmediler.

Ýol taýýarlyklary tamamlanandan soňra pygamberimiz we hezreti Ebu Bekir gije Mekgä 1,5 sagat aralygy bolan Sewr dagyna gitdiler we şol ýerde bir gowakda gizlendiler. Daň atanda pygamberimiziň öýden çykyp gidendigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin müşrikler her ýeri gözlemäge başladylar. Kim Muhammedi tapyp getirse, oňa ýüz düýe sowgat beriljekdigini hem yglan etdiler.

Pygamberimiziň gözlegine çykanlar ýoldaky yzlary yzarlap, onuň saklanýan gowagynyň agzyna çenli baryp ýetdiler. Alla tarapyn şol gowagyň agzyny bir möý özüniň kerebi bilen mäkäm sarapdy. Gowagyň içine girip barlamakçy boldular. Şonda olaryň arasyndan biri “Goýsaňyzlaň-aý, munuň içine adam giren bolsa, bu kerep beýdip durmazdy, ahyry” diýeni üçin, goýbolsun edip, yzlaryna gaýtdylar.

Müşrikler gowagyň öňünde gelende, hezreti Ebu Bekir alada galyp: “Üstümiz basdyraýdyk öýdýän, bizi görjekler, eý Resulalla”- diýdi. Şonda hormatly pygamberimiz:

“Gynanma, Alla bardyr, biz ol bilen bilelikdediris”-diýdi.

Gowagyň agzyna möýüň kerep örmegi, şol ýerde ösen bir agajyň şahalaryna gögerçinleriň höwürtge ýasamagy we oňa ýumurtga taşlamagy bularyň bary geň-taň täsinliklerdir. Beýik Allatagala özüniň söýgili pygamberini şol geň-taň täsinlikler bilen gorap saklapdy, gowagyň hut agzyna gelen duşmanlary göze görünmeýän gizlin bir güýç yzyna serpikdiripdi.

Pygamberimiz we hezreti Ebu Bekir gowakda üç günläp bolanyndan soňra, Medinä gitmek üçin ýola çykdylar. Olary yzarlaýan Süraka diýen bir pälwan ýigit olaryň yzlaryny tapdy. Ol ähli güýç-gaýraty bilen atyny haýdadyp, olaryň yzyndan kowdy. Olara ýakynlaşan badyna atynyň aýagy taýyp, özi hem atdan agyp düşdi. Gaýtadan bar güýjüni jemläp, atyna atlandy. Ýöne bu gezek atynyň aýaklary guma batdy, şol ýerden gozganyp bilmedi. Gizlin we täsin bir güýç onuň atyny yzyna tesdirýärdi. Süraka bu ýagdaýdan gaty gorkdy. Edenine pyşman boldy, yzarlanyna ökündi. Pygamberimizden ötünç sorap, yzyna gaýtdy.Yzyndan gelýänlere bolsa “Men bu ýerleri barladym, bu ýerde hiç kim ýok”-diýip, olary hem yzyna öwürdi. Süraka soňra musulman bolupdyr.

Ebu Jehil Sürakanyň şeýle edendigini soňra eşidip, ony gaty ýazgarypdyr. Şonda Süraka Ebu Jehile şeýle diýipdir: “Atymyň aýaklarynyň ýere nähili çümendigini görsediň, dessine sen hem Muhammediň pygamberdigine iman ederdiň.”

Hormatly pygamberimiz bir hepdeläp dowam eden taryhy saparyny tamamlap, ahyry hepdäniň duşenbe güni Medinäniň ýakynlarynda ýerleş ýän Kuba obasyna baryp ýetdi. Ony bu ýerde uly hormat we şatlykly dabara bilen garşyladylar.

Pygamberimiz bu ýerde on gündenem köp boldy. Kuba metjidini gurdurdy. Metjidiň gurluşygyna gatnaşyp, mübärek elleri bilen daş daşady, edil bir işçi ýaly işledi. Yslamyň taryhynda ilkinji gurlan metjit şol Kuba metjididir. Pygamberimizden üç gün soňra Mekgeden çykyp gaýdan hezre ti Aly hem bu ýere, pygamberimiziň ýanyna gelip ýetdi.