Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň taryhy hoşlaşyk hutbasyndan käbir nusgalar:

EÝ YNSANLAR!

Meniň aýdýan sözlerimi üns berip diňläň. Anyk bilemok welin, belki-de mundan soňra siz bilen bu ýerde ebedi görnüşde duşuşyp bilmerin.

ADAMLAR! Häzirki günleriňiz nähili mukaddes gün bolýan bolsa, häzirki aýlaryňyz neneňsi mukaddes aý bolýan bolsa, bu şäheriňiz (Mekge) nähili ajaýyp şäher bolýan bolsa, hut şonuň ýaly siziň janyňyz, malyňyz, namysyňyz hem mukaddesdir, olar her hili talaňçylykdan goralyp saklanmalydyr.

EGINDEŞLERIM! Ertir Rabbyňyza gowuşjaksyňyz we hut şu günki eden hereketleriňizden, amal eden işleriňizden hökmany ýagdaýda siziň jogapkärçiligiňiz soraljakdyr. Şuny berk belläň, menden soňra köne heňleriňize tutup, biri-biriňizi horlamaň. Bu maslahatymy şu ýerdäkiler beýleki gatnaşmadyk adamalara hem ýetirsinler. Belki, soň eşiden adam bu ýere gatnaşandan-da has oňat görnüşde bu maslahatymy berjaý eder.

EGINDEŞLERIM! Kimiň ýanynda amanat zat bar bolsa, ony öz eýesine gowşursyn. Hakyky bahanyň nepil göteriminiň hemme görnüşini aýagymyň astyna alyp depeleýärin. Ýöne karz alanyňyzda ony wagtynda beriň. Hiç kime zulum etmäň, başga biriniň zulumyna-da galmaň. Allanyň emri bilen hakyky bahanyň nepil göterimi gadagandyr. Nadanlykdan galan däp-dessurlaryň hemmesini aýagymyň astyna alyp depeleýärin.

EGINDEŞLERIM! Nadanlyk döwründen galan gan dawalarynyň hemmesi gadagan edilendir.

ADAMLAR! Bu gün siziň şu topraklaryňyza şeýtan öz täsirini we agalygyny ýitirendir. Ýöne siz meniň gadagan eden zatlarymdan başga käbir zatlara göwnüýetmezçilik edip, oňa boýun bolan wagtyňyzda, onda siz şeýtany hoşal edersiňiz. Diniňizi goramak üçin munuň ýaly zatlardan saklanyň.

ADAMLAR! Aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryna gözegçilik ediň we bu barada-da Allatagaladan gorkmagyňyzy maslahat berýärin. Siz aýal-gyzlary Taňrynyň amanaty hökmünde aldyňyz. Olaryň ar-namyslaryny Allanyň adyndan söz berip, halal ediň. Siziň aýal-gyzlar bilen baglanyşykly hak-hukuklaryňyz, aýal-gyzlaryňda siz bilen baglanyşykly hak-hukuklary bardyr. Siziň aýal-gyzlar bilen baglanyşykly hak-hukuklaryňyz olaryň maşgala ojagyny hiç kime bozdurmazlykdan, ýykdyrmazlykdan ybaratdyr.

MUSULMANLAR! Size iki amanaty miras galdyrýaryn. Siz oňa näçe ýakyn durup jebisleşseňiz, şonça-da ýoluňyzy ýalňyşmarsyňyz. Şol amanatlar Allatagalanyn kitaby Gurhandyr we Onun pygamberiniń sünnetidir.

MUSULMANLAR! Sözümi oňat diňläň we asla unutmaň. Musulman musulmanyň doganydyr, şeýlelikde bütin musulmanlar dogandyrlar. Din doganyňyza degişli bolan her bir hak-hukugy basgylamak halal däldir. Öz islegi boýunça meýil etse, onda gep başgaça bolar.

EGINDEŞLERIM! Özüňize zulum etmäň. Öz jogapkärçiligiňizi hem unutmaň we bar bolan hak-hukuklaryňyz hakynda-da oýlanyň.

ADAMLAR! Jenab-y Hak her bir adama Gurhanda hak-hukugyny beripdir. Muny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok.

ADAMLAR! Rabbyňyz birdir, ol Biribardyr. Ataňyz bir, ol Adam atadyr. Siziň hemmäňiz Adam atanyň perzentleridirsiňiz. Adam ata bolsa toprakdandyr. Allanyň huzurynda iň ýagşy görlüp, halanýanyňyz oňa köp hormat goýýanyňyzdyr. Arabyň arap bolmaýana Allatagala eden horma tyndan başga üstünligi ýokdur.

ADAMLAR! Ertir sizden meni sorajaklar, näme diýjeksiňiz?

“Allanyň ilçiligini ýerine saldyň, wezipesini berjaý etdiň, bize maslahatlar, öwütler berdiň” diýip şaýat bolup, güwä geçeris.” (Şondan soňra Resuly Ekrem mübärek süýem barmagyny ýokary galdyryp, ony adamlara tarap öwrüp, şeýle diýdi):

“Şaýat bol, eý Rabby! Şaýat bol, eý Rabby! Şa ýat bol, eý Rabby!”