Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň jomartlygy

Pygamberimiz ynsanlaryň iň jomardydy. Özünden bir zat isleýän her kimi boş gaýtarmazdy, eline ilen zady mätäç bolanlara paýlardy, “men diňe paýlaýandyryn, beren – Alladyr” diýerdi. Şonuň ýaly-da ol dilegçilik edip, el sereni halamazdy, dilegçilik edenlere ondan halas bolmaklygy üçin işläp gazanmanyň ýollaryny görkezerdi.

Egindeşlerinden bolan Jabir (r.a.) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz özünden islenilen zada hiç wagt ýok diýmändir.” (Buhary, Edeb, 39.)

Bir gün pygamberimize bir bölek mata sowgat berlipdir, ol ony alypdyr, aslynda oňa zerurlygy-da bar eken. Ýanynda oturanlaryň biri “Be, gowuja mata ekeni” diýen dessine, al seňki bolsun edip, pygamberimiz matany şoňa beripdir.

Ol ýoksullar, mätäçlik çekýänler hakynda mydama alada edipdir, özi aç galypdyr welin, açlaryň garnyny doýrupdyr. Pygamberimiz maddy taýdan mümkinçiligi oňat bolan döwürlerinde-de ýönekeý we sadalykdan üýtgemändir. Özi üçin zat galdyrmandyr, baryny-ýoguny mätäçlere paýlap, özüniň aç ýatan wagtlary hem bolupdyr. Ýanýoldaşy hezreti Äşe şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz üç gün yzygider görnüşde garnyny doýran däldir. Islese, arkaýyn doýrup bilerdi. Emma ýoksullary, mätäçlik çekýänleri doýrup, özi aç galmagy gowy görerdi.”(Tirmizi, Şemail, s. 43.)

Barly bir adamyň mätäje kömek etmegi, garny dok bolanyň ajy doýurmagy, elbetde, oňat häsiýetdir. Jomartlyk duýgusynyň bir nusgasydyr. Ýöne baryny-ýoguny mätäçlere beren, öz iýjegini açlara beren, şeýdip özi aç galan adamyň jomartlygy welin ýokary derejedäki duýgynyň eseridir. Sahylygyň iň ajaýyp sapagydyr.

Ynha, ýüregi ynsanlara bolan söýgüden, mähirden we rehimden doly hem-de ýüregi mydama ynsana hemaýat duýgusy bilen urýan mähriban pygamberimiziň jomartlygy şeýle jomartlyk bolupdy we ömrüniň ahyryna çenli-de şeýle dowam edipdi.