Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň merhemeti

Pygamberimiziň ýüregi rehimdarlykdan, merhemetden we ynsana bolan söýgüsinden doludy. Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda ol hakda şeýle diýipdir:

“Eý Muhammet! Biz seni diňe älemlere rehmet, rehimdarlyk diýip iberdik.”(Enbiýa süresi, 107.)

Onuň rehimliligi we merhemetliligi ömrüniň her bir döwründe anyk görülýär, merhemet bilen doly bolan ýüregi diňe we elmydama ýagşylyk diýip urýardy. Hiç kime ýamanlyk ýetmegini, hiç kimiň ynjydylmagyny islemezdi.

Hormatly ýanýoldaşy hezreti Hatyja bilen doganoglany Ebu Talyp pygamberimize gaty köp hemaýat edipdiler. Gysga wagtlyk ara bilen ikisiniň hem aradan çykan wagty yslam duşmanlary pygamberimize ezýet bermegi has-da artdyrdylar. Şonda pygamberimiz ilkinji musulmanlardan bolan Zeýd b. Harysa bilen bilelikde Mekgeden çykyp, Taif halkyny yslama çagyrmak üçin gidipdi. Taifliler yslamy kabul etmeýişleri ýaly, pygamberimizi hem daşa tutdular. Zeýd zyňylýan daşlardan pygamberimizi goramak üçin öz göwresini galkan edipdi. Zyňylýan daşlardan pygamberimiziň aýaklary ýaralandy, gan akyp başlady, ýöräp bilmejek ýagdaýa geldi we ýoluň kenaryndaky bir üzümlige sygyndy.

Onuň şeýle kynçylykly ýagdaýa düşen halatynda beýik Allatagala Jebraýyly iberip, daglaryň perişdäniň hyzmatynda bolandygyny we näme dilese, şol perişdäniň berjaý etjekdigini habar berdi. Şonda daglara emir eden perişde pygamberimize seslenip salam berdi we şeýle diýdi:

“Sen näme et diýseň, men seniň gullugyňa taýýar, eger şu iki dagyň mekgelileriň üstüne çöküp, biri-birine gowuşmasyny we müşrikleriň tutuşlygyna mynjyramasyny isleseň, ony hem edip bilerin, aýtsaň, ýeterlik!”

Pygamberimiz eger islän bolsady, özüne rehimsiz çozanlar we ganlaryň içinde galdyranlar şol bada ýer bilen ýegsan boljakdy. Emma pygamberimiz gaty gynançly bolan ýagdaýynda-da söýgüden we merhemetden doly ýüregi olaryň jezalandyrylmagyna razy bolmandy we perişdä şeýle diýipdi:

·  “Ýok! Men ony islemeýärin, men şuny isleýärin, goý, Allatagala bu müşrikleriň neslinden Alla ybadat eden we Alla şärik goşmaýan ynsanlary ýüze çykarsyn!”(Buhary, Bedul-halk, 7.)

Pygamberimiz adamlara we beýleki janly-jandarlara rehimdarlyk edenlere beýik Allatagalanyň-da rehimdarlyk bilen gaýtargy berjekdigini beýan edip şeýle diýipdi:

“Merhemet edenlere Allatagala-da merhemet eder, siz ýer ýüzündäkilere merhemet ediň, asmandakylar-da size merhemet etsin!”(Ebu Dawut, Edeb, 66; Tirmizi, Birr, 16.)

Rehimsizler barada-da şeýle duýduryş beripdir: “Merhemet etmeýäne merhemet edilmez.”(Buhary, Edeb, 18.)

Ol söýgä we kömege mätäç bolan ýetimler bilen ýörite gyzyklanardy, musulmanlara-da ýetimlere merhemet we rehimdarlyk edilmegini maslahat beripdir. Pygamberimize bir adam gelip, ýüreginiň gatylygyndan şikaýat edipdir: Pygamberimiz oňa:

“Ýüregiň ýumşamagyny we mätäç bolan zadyňa gowuşmak isleýän bolsaň, onda sen ýetime merhemet et, onuň başyny sypala we naharyňy oňa iýdir. Şeýle etseň, seniň ýüregiň ýumşar we öz mätäç bolan zadyňa-da gowşarsyň.” (Et-Tergib wet-Terhib, j.3, s.344 (Hadysy Taberany aýdypdyr).) diýip jogap beripdir.

Pygamberimiz diňe ynsanlara däl, eýsem haýwanlara-da rehimli serederdi. Ol suwsan pişige öz elleri bilen suw beripdi. Haýwanlaryň aç goýulmazlygyna garşy çykypdy we oňat serilmegine buýruk beripdi. Ibn Mesut (r.a.) şeýle diýipdir:

Bir gezek pygamberimiz bilen bilelikde birnäçe adam bolup syýahata çykypdyk. Goş ýazdyran ýerimizde iki sany guşuň çagajygyny gördük we ýanymyza aldyk. Şondan salym geçip-geçmänkä, ynha birden olaryň enesi gelip, daş-töweregimizde aýlanmaga başlady. Bu ýagdaýy aňan pygamberimiz:

“Çagalaryny alyp, bu guşa kim ezýet etdi? Haýsyňyz alan bolsaňyz, derrew çagalaryny oňa beriň.”(Ady agzalan eser, j. 3, s. 205.) diýdi.

Bir gezek pygamberimiz aç bir düýe görüpdir. Düýäniň garny içine giden eken. Şonda pygamberimiz:

“Haýwanlaryňyz, mallaryňyz hakynda (zulum etmekden) Allatagaladan gorkuň”(Ebu Dawut, Jihad, 47.) diýipdir.

Ýene bir gezek pygamberimiz Medineli musulmanlaryň biriniň melleginde bir düýäniň açlykdan ýaňa bozlaýandygyny görüpdir we muňa gaty gynanypdyr. Düýäniň ýanyna gelip, ony sypalapdyr we eýesiniň kimdigini sorap bilipdir. Soňra düýäniň eýesine:

“Haýwanlara görkezen ejiriň üçin Allatagaladan gorkaňokmy?” (Ebu Dawut, Edeb, 39.) diýip, ony berk ýazgarypdyr.