Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň öwülmegi halamaýşy

Pygamberimiz Allatagalanyň iberen iň soňky pygamberi bolsa-da, çenden aşa öwülmegi halamazdy. “Hormatly penakärimizsiň” ýaly sözlerden rahatsyz bolardy we şeýle diýerdi:

“Hristianlaryň Merýem ogly Isany öwüşleri ýaly, meni öwmäň. Men Allanyň guludyryn, muňa şübhe ýokdur. Şonuň üçin maňa “Allanyň guly we ilçisi diýiň (ýeter).”(Buhary, Enbiýa, 4.)

Muawwiz b. Arfanyň gyzy Rubeýýi şeýle diýipdir:

“Men durmuşa çykamda, pygamberimiz biziň öýümize geldi. Men üçin dokalan namazlygyň üstünde şu oturyşym ýaly oturdy. Toýa gelen hyzmatçylar-da onuň töweregine ýygnanyp, Bedir söweşinde şehit bolan atalarymyz üçin ýazylan agylary okamaga başladylar. Şonda olaryň arasyndan biri “Aramyzda ertir näme boljagyny bilen bir pygamber bardyr” diýen bir setir okady. Şonda pygamberimiz:

“Muny goýuň, beýle görnüşde aýtmaň, öňki aýdyşyňyz ýaly aýdyberiň.” (Buhary, Nikah, 48; Ebu Dawut, Edeb, 59.) diýip, hetdenaşa öwgüleri halamandygyny beýan edipdir.

Pygamberimiz bir gezek täret alýan eken. Ýoldaşlary onuň ulanan we ýuwunan suwyny dökmek isläpdirler. Pygamberimiz munuň sebäbini soran wagty olar size bolan hormatymyz üçin diýipdirler. Şonda pygamberimiz:

“Araňyzdan kimdir biri Allatagala bilen pygamberi söýmek zowky sapasyny duýmakçy bolsa, onda gepleýäni dogry söz bolsun, ýüregi arassa bolsun, ynamdarlygyny berjaý etsin, başgalary bilen ýaşan wagty goňşuçylyk hak-hukuklaryny ýerine salsyn.”(Mişkatul-Mesabih.) diýipdir.

Günleriň birinde bir adam pygamberimize görme-görşe gelipdir, pygamberiň huzurynda durandygyny ýatlap, titiremäge başlapdyr. Pygamberimiz oňa:

“Asla aljyrama! Men bir hökümdar däl, Kureýş tiresinden gury çöregi suwa batyryp iýen sada aýalyň ogly”(Ibn Maje, Kitabul-Atime, 30.) diýip, ony köşeşdiripdir.

Pygamberimiz şeýle bir kiçi göwünli eken, hatda her bir adamyň hormatlylygy beýan eden sözleri ulanmagyna-da rugsat etmezdi.