Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň ýaşlygy

Hezreti Muhammet (s.a.s.) pygamberliginden öňem gaty ýokary derejede dogry we ynamdarlyk mertebä eýedi. Bu aýratynlygy sebäpli, hal kyň arasynda oňa “Muhammedül-Emin” ýagny “ynamdar Muhammet” diýilýärdi. Her kimiň söýgüsini we hormatyny gazanmagy başarypdy. Hezreti Muhammet her dürli ýaramazlyklaryň ýüze çykan we ýaýran hem-de ahlak gymmatlyklarynyň ýok bolup ugran jemgyýetde ýaramaz lyklardan uzak, içi-daşy sap arassa ahlak nusgasy bolup ösüp-ulalýardy, üýtgeşik bir ýaşaýşy bilen jemgyýetde täze bir ýyldyz ýylpyldaýardy. Beýik Allatagala oňa iň oňat nusgadaky terbiýäni nesip etdi, has ýagşy ahlak we edep bilen bezeg nuruny çaýdy. Sebäbi, adamzadyň halas bolmagy üçin ony pygamber hökmünde mertebeli wezipä mynasyp görüpdi.

Käbir ýerleri silden ýykylan Käbäni mekgeliler gaýtadan dikeltmäge başladylar. Diwarlar dikeldilip nobat “Hajarül-Ewsed” diýlen keramatly daşy Käbäniň diwarlaryndaky ornunda goýmaga ýetipdi. Her bir tire-taýpa bu abraýy gazanmak üçin adatça biri-biri bilen ýaryşýardylar. Şol sebäpli olaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykyp başlapdy, dawa ulalypdy, ahyr çözgüt görnüşinde ýaraglaryna ýapyşanlar bolupdy. Iň soňunda hakykatdanam ynamdar we dürs bolandygyny hemmeleriň kabul eden adamy hezreti Muhammediň berjek kararyna razy boldular.

Hezreti Muhammet “Hajarül-Ewsedi” bir keteniň üstünde goýdy. Şol keteniň uçlaryndan ähli tire-taýpanyň ýolbaşlaryna tutdurdy. Hemmesi birleşip, agzybirlik bilen ýokary galdyrdylar. Hezreti Muhammet daşy mübärek elleri bilen diwardaky ornunda oturtdy. Onuň eden bu ylalaşdyryjylygy, ugurtapyjylygy hemmeleri hoşal etdi. Şeýlelik bilen düşünişmezlik aradan aýryldy. Bu wakanyň bolup geçen wagtynda hezreti Muhammet otuz bäş ýaşynda eken.