Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň ybadaty

Pygamberimiz her bir işini doly we düzgüne laýyk görnüşde ederdi. Ybadat wagtlary, dynç alyş wagtlary anyk bellidi. Wagtlaryny boş we biderek geçirmezdi, her salymyny peýdaly iş üçin sarp ederdi.

Pygamberimiz Allanyň iň halan guly bolsa-da, Alladan gaty gorkardy, kyýamat gününi alada ederdi.

Ol her salymda Allany ýatlardy, ybadatdan örän uly güýç toplardy. Gijelerine okan namazlarynda uzak wagtlap aýak üstünde durmakdan ýaňa aýaklary çişip giderdi. Ýanýoldaşy hezreti Äşe onuň bu ýagdaýyny görüp:

“Eý Allanyň resuly! Alla seniň geçen we geljek günäleriňi bagyşlasa-da, näme üçin özüňi gynaýarsyň? diýerdi. Şonda pygamberimiz oňa şeýle görnüşli jogaby beripdir:

“Allatagala şükür eden bir gul bolmaýynmy, eýsem?!”(Buhary, Edeb, 31.)

Pygamberimiz ybadata şeýle meýilli bolmak bilen bir hatarda “rehbaniýeti” halamazdy.

“Rehbaniýet” diýmek, terkidünýälik manysyndadyr, tutuşlygyna dünýäden el çekip, özüňi ybadata bagyşlamaklygy aňladýar. Pygamberimiz muny asla gowy görmezdi. Hatda käbir sahabiler hristianlaryň täsirine düşüp, dünýäden el çekmäge göwnüni baglan hem bolsalar, pygamberimiz olaryň bu ýoluny gadagan edipdi.

Araplar birnäçe güni biri-birine goşup, oraza tutupdyrlar, muňa hem “sawm-i wysal” diýipdirler. Egindeşler bu görnişdäki orazany tutmak isläpdirler, ýöne pygamberimiz olara muny hem goýbolsun etdiripdir.

Abdylla b. Omar (r.a.) takwa adam bolupdyr. Gündiz oraza tutup- dyr, gije-de namaz okap geçiripdir. Pygamberimiz onuň halyndan habar alypdyr we oňa:

“Alan habaryma görä, sen yzygiderli oraza tutup, “agzaçar” etmeýän ekeniň. Gijeleriňi namaz okap geçip, hiç ýatmaýan ekeniň. (Asla beýtme!) Käwagt oraza tut, käwagt agzyňy aç, gije turup namaz oka, soň oňat ýatyp dynjyňy al. Çünki, gözleriň hem haky bardyr. Göwräň, bedeniň hem, çaga-çuganyň hem öz haky bardyr. Aýda üç gün oraza ýeterlikdir” diýipdir.

Şonda Abdylla ibn Omar:

“Ýöne men köpräk oraza tutup bilerin” diýdi. Pygamberimiz:

“Beýle bolsa, günaşa oraza tut. Orazanyň iň oňat görnüşi budur” diýdi. Omar has köp tutulmagyna rugsat bermegini haýyş edende, pygamberimiz: “Bolmaz, mundan köpi ýagşy däldir”-diýipdir.

Egindeşleriniň biri gezelenç edýärkä bir gowagy görüpdir we onuň töweregi gök otluk, ýanynda howuz bar eken. Soňra pygamberimiziň ýanyna gelip gören zatlaryny aýdyp beripdir we rugsat berseň, şol gowaga çekilip, ybadatymy şol ýerde yzygiderli dowam etdirjek diýipdir.

Şonda pygamberimiz:

“Men musewiligi ýa-da hristianlygy ýerine salmak üçin gelmedim. Men size Ybraýymyň ybadaty sada we aňsat görnüşde berjaý edilen dinini getirdim.” (Ahmed b. Hanbel, Müsned, j. 5, s. 266.) diýipdir.

Bularyň bary şuny görkezýär, ýagny pygamberimiz terkidünýäligi halamandyr, ýaşaýan ynsanyň bu dünýäniň nygmatlaryndan peýdalanmagyny isäpdir, munuň dinimiziň hem buýrugydygyny beýan edipdir.