Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Yslamyň çalt depgin bilen ýaýramagy

Pygamberimiz we musulmanlar müşrikleriň çekip-çydalmajak zulumlarynyň we horluklarynyň öňünde önüp-ösen ýeri Mekgeden Medinä göç edenlerinden soňra-da müşrikler öz duşmançylykly hereketlerinden el çekmediler. Yslamyň nuruny söndürmek üçin goşunlar taýýarladylar we musulmanlaryň üstüne hüjüm etdiler. Bu howply ýagdaýyň öňünde özlerini goramak üçin söweşmekden başga çäreleri bolmaýan musulmanlar bu hüjümlere garşy gahrymanlarça garşylyk berdiler, özlerinde ençe esse güýçli bolan duşman güýçlerini Allatagalanyň kömegi bilen ýeňlişe sezewar etdiler. Şeýlelikde, duşmanlar betpäl niýetlerine ýetip bilmediler. Musulmanlaryň sany gün-günden köpeldi we yslamyň nury çalt depgin bilen ýaýramagyny dowam etdirdi.

Öňler yslama garşy çykan we musulmanlygy kabul etmezlik üçin aýak direýänler wagtyň geçmegi bilen hakykata göz ýetirmäge başladylar. Mekge basylyp alnyp, Käbe butlardan arassalanandan soňra yslamyň nury gaty çalt ýaýrady. Ynsanlar ýeke-täk we köpçülikleýin görnüşde yslamyň aýdyňlygyna gelip goşulýardylar. Bu maksat bilen Arabystanyň çar tarapyndan gelen toparlar pygamberimizi zyýarat edip, musulmanlygy kabul edendiklerini habar berdiler.