Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ANT

Ant (ýemin) sözlükde kuwwat we sag el diýmekdir. Dini adalga hökmünde berlen sözi Allanyň ady bilen badaşdyryp, has-da güýçlendirmekdir.

Antlaryň görnüşleri

Ant üç sanydyr:

1.Ýemin-i Gamus(ýalan aýdylan ant): Geçen ýa-da häzirki wagtdaky bir iş üçin bilgeşleýin ýalandan ant etmekdir. Bu ant eýesini günäkärligiň jümmüşine äkidýändigi üçin şeýle adalgany alypdyr. Munuň ýaly ant gaty uly günädir.Munuň ýaly ant üçin asla geçirimlilik ýa-da ötünç haky ýokdur. Sebäbi munuň günäniň geçirimlilik ýa-da ötünç bilen öňi alnyp bilinmez. Toba we essapyrylla edilmegi zerurdyr. Eger bu ant bilen başga biriniň hak-hukugy elinden alnan bolsa, onda öňi bilen şol adamyň hak-hukugy yzyna gaýratylmaly, şol netijesinde halallaşmaly, ondan soňra Alladan eden günäsi üçin ötünç soralmalydyr.

2. Ýemin-i Munakide(arzuw edilen ant): Geljekde bir iş edip-etmezlik bilen baglanyşykly bolan antdyr, başgaça arzuw edilen antdyr. “Walla şu işi (pylan işi) etmerin” ýa-da “walla şu işi (pylan işi) ederin” ýaly arzuw-islegler bilen baglanyşykly antlardyr. Munuň ýaly ant berjaý edilmese, geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny bermek zerurdyr. Edip-edilmezligi ant edilen işiň parz, wajyp, günä ýa-da sogap bilen baglanyşykly bolmaklygynyň arasynda geçirimlilik ýa-da ötünç haky ödemek babatda hiç hili tapawudy ýokdur.

Ýöne “walla, bu gün hökman öýle namazyny okajak” ýaly parz bolan bir işi ýerine ýetirmäge ýa-da “walla, mundan beýläk içgi içjek däl” ýaly haram bolan bir zady etmezlik barada ant eden adamyň öz sözüni ýerine salmagy hökmanydyr. Bu hakynda pygamberimiz:“Kimde kim Allatagala ybadat etmeklige ant eden bolsa, onda beren sözünde dursun, Alla gulluk etsin. Kimde kim Alla garşy durmaga ant eden bolsa, onda oňa asla garşy durmasyn.”(Buhary, Eýman, 38.) diýip belläpdir.

Eger “walla Oraza aýynda agzymy beklejek däl” ýa-da “walla içgi içjek” ýaly dini taýdan berjaý edilmegi hökmany bolan gullugy goýbolsun etmäge ýa-da günä bolan bir işi berjaý etmäge ant içse, şol bada ant eden sözünden gaýdyp, geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny bermek zerurdyr. Sebäbi, beýle ant etmekligiň özi günädir. Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Her kim bir zada ant edip, başga bir zady haýyrly hasaplasa, onda şol haýyrly işi berjaý etsin; beren sözüni tutmandygy üçinem geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny bersin.” (Müslim, Eýman, 3.)

Eger “walla nepil namaz okajak däl, walla hassa zyýaratyna-da gitjek däl” ýaly ýerlikli we haýyrly hasaplanylýan işleri berjaý etmezlige ýa-da “namaz okan wagtymda saga-sola seretjekdirin” ýaly mekru bolan işi berjaý etmäge ant içse, onda haýyrly we ýerlikli işi ýerine ýetirmelidir, mekru bolan iş üçin ant eden sözüni gaýdyp alyp, geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny bermelidir.

Eger “walla şu öýe girjek däl”, walla şu nahary iýjek däl” ýaly islege görä ant etse, onda munuň ýaly ýagdaýda iň amatlysy sözüni gaýdyp almasydyr.

Antda geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny bermek üçin bilip, ýalňyşlykdan, unudyp, ýatdan çykaryp ýa-da sütem edilip ant sözüniň bozulmagynyň arasynda üýtgeşik bir tapawut ýokdur.(Şafi we Hanbelilere görä bolsa zorluk bilen bozdurylan ant bilen unudylyp bozulan ant sebäpli, geçirimlilik ýa-da ötünç haky gerek däldir.)

Antyň şertleri

Antyň hakyky bolmagy üçin ant içene, ant edilene we berlen söze degişli bolan birnäçe şertler bardyr.

a.Ant edene degişli şertler: Ant eden adamda eden antynyň hakyky bolmagy üçin iki sany şertiň bolmasy hökmanydyr.

Birinjisi, ant edeniň akylly, kämillik ýaşly bolmagy we sözi bilen anty beýan etmegi hökmanydyr. Çaganyň, däliniň ýa-da ukudaky samraýan adamyň anty hakyky hasap edilmeýär.

Ikinji şerti ant eden musulman bolmalydyr. Kapyryň anty hakyky däldir. Sebäbi, antyň geçirimlilik ýa-da ötünç haky ybabadat bilen baglanyşyklydyr. Kapyryň bolsa ybadat bilen baglanyşykly jogapkärçiligi ýokdur.(Şafi we Hanbeliler ant içeniň öz islegi bilen ant etmegine-de şert goşýarlar. Zorluk we sütem edilip ant içeniň anty ýörgünli hasap edilmeýär.)

b.Ant edilen zat bilen baglanyşykly şertler: Ant edilen zat bilen baglanyşykly bir şert bardyr, ol hem ant edilen zadyň ant edilen wagty şol zadyň bar bolmagydyr. Ant edilýän döwürde bar bolmaýan zada edilen ant ýörgünli däldir. Içinde suwy bolmadyk bir bedreden “walla şu bedredäki suwy içjek däl” diýip ant eden mysaly.

ç. Ant sözi bilen baglanyşykly şertler

Antda ýörgünli bolan esasy sözler şulardyr:

1. Allatagalanyň haýsy hem bolsa bir adyny ulanyp ant etmek.

Ýerlikli hasaplanylýan ant “Alla” sözi bilen edilen antdyr. Yslam alymlary Allanyň atlary bilen ant içmäniň ýerliklidigi meselesinde pikirdeşdirler. Bu adyň “Alla” we “Rahman” diýen sözleri ýaly has at bolmaklygy bilen “Alym, Hekim, Kerim, Halym we şm.” umumy at bolmagynyň arasynda tapawut ýokdur. Nähili umumy at bolsa bu ýerde esasy göz öňünde tutulýan we aňda kabul edilýän manysy ýaradandyr. Çünki, Alladan başgasyna ant etmek dogry bolmaz we ýerlikli hasaplanylmaz.

Antyň harplary

Antyň harplary: “B”, “W”, “T” harplarydyr: Wallahy, Billahy, Tallahy sözlerdäki ýaly.

2. Allanyň sypatlaryndan bir sypat bilen ant etmek

Allanyň sypatlary üç bölekden ybaratdyr:

a.Urp-adatda bu sypat diňe Alla üçin ulanylýar (Allanyň yzzaty, azamaty, jelaly, haky üçin ýaly). Bu sypatlar bilen edilen ant ynamlydyr.

b.Alla bilen başga birleri hakynda hem ulanylýan sypatlar (Allanyň gudraty, kuwwaty, eradasy, razylygy, haky üçin ýaly. Bu sypatlar bilen edilen ant ynamlydyr.

ç.Alla bilen Alladan başka birleriniň arasynda umumy bolan, ýöne köplenç başgalary hakynda ulanylan sypatlardyr. Bular bilen ant edilmez. Allanyň ylmy haky üçin, Allanyň rehmetiniň haky üçin ýaly.

Alla bilen sypatlaryndan başga zatlara ant edilmeýär. Pygamberiň haky üçin, Käbäniň haky üçin, Gurhanyň haky üçin ýaly.(Mäliki, Şafi we Hanbelilere görä Gurhan we sahabalar üçin edilen ant hem ant hasaplanylýar.)

Şonuň ýaly-da “Allanyň haky üçin” diýmek antdyr. Çünki, “Hak” Allanyň atlarynyň biridir we munuň üsti bilen Allanyň bir sypaty düşünilýändir.(Ebu Hanife, ymam Muhammet we Ebu Ýusufdan aýdýan bir rowaýatyna görä, “Allanyň haky üçin” görnüşde edilen antdan ant bolmaz.)

“Ant edýärin” ýa-da “Alla ant edýärin”, “Ant içýärin” ýa-da “Alla ant içýärin”, “Şaýatlyk edýärin”, “Alla şaýatlyk edýärin” diýmek hem antyň bir görnüşidir.

Bir adam yslam dininden çykmak üçin ant etse, mysal üçin, şuny etsem, hristian bolaýyn, ýa-da yslam dininden, Allanyň resulyndan, Gurhandan uzak duraýyn, kapyr bolaýyn diýse, bular hem ant hasap edilýär. (Mäliki, Şafi we Hanbelilere görä bu sözlerden ant bolmaz. Çünki, bu sözlerde Allanyň ady we sypaty atlandyrylmaýar. Bu sözler bilen bilen ant etmek günädir.)

Eger “şeýle etsem, bu maňa haram bolsun” ýa-da “şeýle etsem, halal bolan zatlar meniň üçin haram bolsun” diýip, soňundan ony ýerine ýetirse, erkindir, islese, ol özi üçin haram eden zadyny goýbolsun eder, halasa-da ol geçirimlilik ýa-da ötünç hakyny berer.” (Şafi we Mälikilere görä, bu ant däldir, muňa başga bir zat hem gerek bolmaýar.)

Antyň geçirimliki ýa-da ötünç haky (keffaraty)

Ant bozulan wagty keparat bermek zerurdyr.

Ant we onuň keparaty hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Allatagala siziň bilmän agzyňyzdan gaçan antlaryňyz sebäpli, sizi o diýen jogapkärçilige çekmez, ýöne bilip hatda bilgeşleýin eden antlaryňyz üçin soraga çeker. Munuň geçirimlilik we ötünç haky öz maşgalaňyza iýdirýän iýmitiň ortaça nusgasyndan on sany garyba iýdirmek, ýa-da olary geýdirmek ýa-da bir guly azat etmeklige deňdir. Bu zatlary tapmaýan bolsa üç gün oraza tutmalydyr. Eger ant edýän bolsaňyz, onuň keparaty hem hut şunuň ýalydyr. Antlaryňyz aýaň. Alla size aýatlar bilen düşündirýär, muňa şükür edersiň diýip hasaplaýarys.”(Maide, 89.)

Bu aýaty-kerimä görä, ant keparaty guly azat etmekden, on sany garyba ertir-agşam nahar bermekden ýa-da başdan-aýaga geýindirmekden ybaratdyr. Bulary ýerine ýetirmeýän adam yzygiderli üç gün oraza tutmalydyr.

Keparat ant bozulandan soňra berilýär. Keparaty ant bozulmazdan öň bermek ýeterlik däldir.Keparat üçin belli bir wagt ýokdur. Ant bozulanyndan başlap şol bada berilmelidir.

Keparat üçin ýagdaýy oňat bolan adam ýokarda belli edilen nusgalaryň haýsyny halasa, şony hem ýerine salyp biler. Bularyň üçüsine-de güýji ýetýän bolsa, onda üç gün orazasyny-da tutar.

On sany garyby doýurmak ýerine olaryň her birine pitre bermek hembolar.Bir garyby on gün ertir-agşam doýurmak ýa-da bir garyba on günläpyzygiderli günde bir pitre hem berip biler.

Egin-eşik babatda aýdylanda bolsa, onda munuň bütin göwräni bürejek görnüşde birlaý çalşyrgyç bolmagy hökmanydyr.

3. Bilmän ýa-da çen-takmyn edilen ant (Ýemin-i Lagw)

Geşmişe ýa-da häzirki wagta degişli bolan bir işi şeýledir öýdüp edilen antdyr. Ahmet bilen gürleşen hem bolsa, unudyp ýa-da ýadyna düşmän “walla Ahmet bilen gürleşmedim” diýen ýaly edilen ant mysaly.

Yslam alymlary munuň ýaly ant üçin keparatyň gerek däldigi meselesinde pikirdeşdirler. Bu anty bilip etmändigi üçin Allanyň ony geçirjekdigi, günäsini bagyşlajakdygy hasap edilýär.