Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Azan we kamat

Azan sözi sözlükde haýsy hem bolsa bir zady habar bermek manysyndadyr.

Dini bir adalga görnüşinde namaz wagtlaryny belli, anyk sözler bilen, ýörite özüne mahsus bolan şekilde habar bermekdir.

AZAN:

Allahü ekber – Allahü ekber Allahü ekber – Allahü ekber

Eşhedü enla ilahe illalah Eşhedü enla ilahe illallah

Eşhedü enne Muhammeden Resulüllah Eşhedü enne Muhammeden Resulüllah

Haýýe ales – salah, haýýe ales – salah Haýýe ales – felah, haýýe ales – felah

Allahü Ekber, Allahü Ekber La ilahe illellah

Ertir azanynda “Haýýe alel-felah”dan soňra iki gezek “namaz ukudan haýyrlydyr” diýen manysynda gelen َ“Es salatü haýrunminennewm, Es salatü haýrun minennewm” diýilýär.

Kamat hem azan ýalydyr.Ýöne “Haýýe alel-felah”dan soňra iki gezek “Kad kametissalah” diýilýär.

KAMAT:

Allahü ekber – Allahü ekber Allahü ekber – Allahü ekber

Eşhedü enla ilahe illalah Eşhedü enla ilahe illallah

Eşhedü enne Muhammeden Resulüllah Eşhedü enne Muhammeden Resulüllah

Haýýe ales – salah, haýýe ales – salah Haýýe ales – felah, haýýe ales – felah

Kad Kametis-salah, Kad Kametis-salah Allahü Ekber, Allahü Ekber

La ilahe illellah

Azan – namaza çagyryşdyr, halas bolmaklyga çakylykdyr. Diniń esas düýbi bolan Allanyň birligini we Hz. Muhammediň (A.S.) pygamberligini habar bermekdir. Azan–musulmanlygyň şygary, bir ülkede yslam barlygynyň nyşanydyr. Yslam esaslaryny habar berýän, adamlary halas bolmaklyga çagyrýan bu ses göwünleri parahatlykdan doldurýan, ruhlara ynamlylyk berýän, imanyň täzelenip, güýçlenmegini ýola goýýän esasy serişdedir.

Azan okaýana “müezzin” diýilýär. Şeýle bir abraýly wezipäni ýerine ýetirýän müezziniň sesiniň ýeten ýerine çenli azany eşiden: ynsan, jyn we her bir zadyň müezzin üçin kyýamat gününde şaýatlyk etjekdigini we her zadyň onuň bagyşlanmagyny islejegini hormatly Pygamberimiz habar berendir. Hz. Omar hem “Halypalyk wezipesi boýnumda borç bolmasady, onda men hem müezzinlik ederdim” diýipdir.

Azan muekkede sünned-i bolup hijri hasabynyň birinji ýylynda rugsat edilendir. Bäş wagt namaz bilen juma namazy üçin azan okamak we kamat getirmek erkekler üçin sünnetdir. Zenanalar üçin azan we kamat hökman däldir.

Azan üçin namaz wagtynyň girmegi şertdir. Wagt girmezden öň okalan azanyň wagt gireninden soňra gaýtadan okalmagy zerurdyr. Kaza namazlary üçin-de azan okalar we kamat getiriler. Birnäçe kaza namazy birbada okalan halatynda öň okalan namaz üçin hem azan okalar hem-de kamat getiriler, soňraky namazlar üçin diňe kamat ýeterlik hasaplanylýar.

Jumadan başga wagtdaky namazlar üçin iki gezek azan okalmaýşy ýaly, hiçbir parz namazy üçin-de birden artyk kamat okalmaz, okamak hem dogry däldir.

Azan okaýan adamyň musulman, erkek, akyly ýerinde, akylly bolmagy şertdir. Bu sebäpli musulman bolmaýan bir adamyň azany dogry hasap edilmez. Zenananyň, kemala gelmedik bir çaganyň, dälidir serhoşuň azan okamagy-da mekrudyr. Bularyň okan azanlary gaýtadan okalar. Ýörite kemala gelen oglanyň bolsa azan okamagy oňyn hasaplanylyp binler, jaizdir.

Oturyp ýa-da oturan ýeriňde azan okamak we kamat getirmek mekrudyr.

Azan belent ses bilen, sözleri agras we aralykly görnüşde, kamat bolsa sesiňe bat bermezden yzly-yzyna hem-de yzyny üzmän okalmalydyr.

Azan we kamat aýak üstünde, başga-ça dik durup hem-de kybla tarap bakyp okamaly. Azanyň belent bir ýerde okalmagy sünnetdir. Azan okaýan adamyň sesini beýgeltmek maksady bilen süýem barmaklarynyň uçlaryny gulaklaryna sokmagy oňyn görlüp, dogry hasap edilýändir, ellerini gulaklarynyň üstünde goýmaklygy-da ýerliklidir. Azanda “Haýýe ales-salah” diýlen wagtynda beden kybladan dönmezden ýüz sag tarapa, “Haý-ýe alel-felah” diýlen wagtynda-da ýüz çep tarapa öwrülýär, minarada azan okalýan bolsa, minaranyň ýodasynda aýlanylar. Azany täretsiz okamak bolýan hem bolsa, täretli görnüşde okamak has-da göwnejaýdyr.

Müezzin dini emirlerdir buýruklary ýerine ýetiren, haramlardan gaça durýan, ilhalar, ýagşy niýetli, namaz wagtlaryny we özüne mahsus bolan usulyna görä azan okamaklygy oňat bilen bir adam bolmalydyr.

Azan aýdylýan wagtda müezziniň geplemegi, hatda berlen salamy almagy mekrudyr. Azany eşiden adam durup, ony diňlär we azana goşulşar, ýagny müezziniň okaýan sözlemlerini onuň aýdyşy ýaly edip gaýtalar. Ýöne “Haýýe ales-salah” we “Haýýe alel-felah” okalan halatynda “La hawle we la kuwwete illa billah” diýmeli. Ertir azanynda “Essalatü haýrun minennewm” okalanda bolsa, “Sadakte we berirte” diýmeli. Muńa azanyń jogaby diyiler.

Azan aýdylyp gutaranynda Pygamberimize sylag-hormat we salam aýdylandan soňra şu dogany okamaly: Okalyşy: “Allahümme Rabbe hazihid-daweti-t tammeti wes-Salatilkaimeti ati Muhammeden el-wesilete wel-fazilete webashü makamen mahmuden ellezi waadteh.”

Manysy: Eý kemi goýulmadyk çagyryşyň (Azanyň) we okaljak bolunýan namazyň eýesi bolan Allahym! Muhammet Aleýhissalama howandarlyk et we mertebesini (jennetde iň ýokary derejäni) beýgelt we wada eden mynasyp ornyňa ony Makam-y Mahmyda ýetir!”

Hormatly Pygamberimiz: “Azan soňunda kim bu dogany okasa, kyýamat gününde şepagatym oňa halal bolar.” (Buhary, Azan, 8.)

Kamat namaz okalan ýerde okalar we yzyndanam derrew namaza durlar. Kamat aýdylýan metjide giren adam aýak üstünde durmaz, oturar we “Haýýe alel-felah” aýdylanynda namaza turar.