Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Täretiň edebi

Usul, ýol, kada manysyndaky edebe “müstehap” we “mendup” hem diýilýär. Mendup bolan zady berjaý eden sogap gazanar, berjaý etmeýän bol-sa azap çekdirilmez.

Täretiň esasy edepleri şulardan ybaratdyr:

1. Täret suwunyň üstüňe syçramazlygy üçin biraz belendiräjik ýerde durmak.

2. Täret kylanyňda kybla tarap öwrülip durmak.

3. Täretde başga birinden kömek islemezlik. Ýöne haýsy hem bolsa bir maýyplygy sebäpli, başgasyndan kömek soramagy ýa-da başga biriniň öz islegi bilen oňa täret suwuny taýýarlamagy, getirmegi we dökmegi edebe ýat däldir.

4. Mümkin boldugyça, geplemezlik.

5. Agza we burna suwy sag el bilen almak.

6. Sol (çep) el bilen sümkürmek.

7. Sakat-maýyp bolunmasa, wagt girmezden öň täret almak. (sakat-maýyp bolanlar bolsa wagt gireninden soňra täret almaklyga mejburdyr.)

8. Tüýs ýürekden edilen niýeti diliň bilen aýtmak.

9. Her bir beden agzasyny ýuwýarkaň we meshedýärkäň “bismilla” aýtmak.

10. Her bir beden agzasyny ýuwýarkaň we meshedýärkäň doga okamak.

11. Giň bolan ýüzügi hereket etdirmek, eýläk-beýläk aýlamak.

12. Gulaklaryňy mesh edeniňde, külbike barmaklaryňy gulaklaryň içine sokmak.

13. Aýaklaryňy çep eliň bilen ýuwmak.

14. Täretiň soňunda şaýatlyk andyny (kelime-ýi şehadet) aýtmak.

15. Täretden soňra, (agzy bekli däl bolsa) artan suwdan içmek.

16. Arassa bir ýerde täret almak.

17. Täretiň soňunda “Kadr” süresini okamak.

18. Täretde ulanulan suw damjalaryndan egin-eşigiňi goramak.

19. Suwy ýüzüňe serpmezlik.

20. Suwy ne isrip etmek, ne-de örän az möçberde ulanmak.

21. Ýüzi ýuwmaga üst tarapdan başlamak.