Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Borçlynyň işleri (Efal-i mükellefin)

Jogapkär, borçly bolan adamlaryň işleri sekiz sanydyr. Bulara borçly bolan adamlaryň boýun borçnamasy, boýnundaky jogapkärçilikli işleri (efal-i mükellefin) diýilýär.

1.Parz:Dini taýdan berjaý edilmegi anyk deliller bilen emir edilen zada parz diýilýär. Parzyň hökümi: berjaý eden sogap gazanar, geçirimli ýagdaýy bolmaýan adam ýerine ýetirmese, ol azaby görer. Inkär eden bolsa (Allahym saklasyn!) dinden çykan hasaplanylar. Parzyň parz-y aýyn hem-de parz-y kifaýe diýen iki sany görnüşi bardyr.

Parz-y aýyn:her bir borçly adamyň berjaý etmegi zerur bolan parza “parz-y aýyn” diýilýär. Parz-y aýyn birnäçe adamlaryň berjaý etmegi bilen beýleki borçly bolan adamlardan boýun borjy aýrylmaz, ýagny jogapkärçiligi giderilmez. Ony her bir borçly bolan adamyň berjaý etmegi hökmanydyr. Namaz okamak, oraza tutmak ýaly.

Parz-y kifaýe:Käbir borçly bolan adamlaryň berjaý etmegi bilen beýlekileriň berjaý etmegi möhüm bolmadyk parza “parz-kifaýe” diýilýär. Jynaza namazy ýaly. Parz-y kifaýäniň sogaby diňe ony berjaý edenlere degişlidir. Parz-y kiýafe hiçbir borçly bolan adamlar tarapyndan berjaý edilmejek bolsa, on-da borçly bolanlaryň bary jogapkär bolar. Meselem, jynaza namazyny şol ýerde bolan borçlularyň ýeke-ýeke däl, eýsem tutuşlygyna, hemmesine birden parzdyr. Eger borçlulardan bir bölegi jynaza namazyny okasa, beýlekileri günäden halas bolan hasaplanylýar. Şondan soňra gaýtadan şol adamyň jynaza namazyny okamagy hökman däldir. Eger borçly bolanlardan hiç kim jynaza namazyny okamajak bolsa, onda şol ýerdäkileriň bary günäkär hasaplanylýar.

2. Wajyp:Delil taýdan edil parz ýaly hökmany bolmasa-da, berjaý edilmegi islenilen zatlardyr. Witir we baýram namazlaryny okamak we gurbanlyk bermek ýaly. Wajybyň hökümi: Berjaý eden adam sogap gazanýar,belli bir saý-sebäpsiz (bilgeşleýin), delilsiz wajyby berjaý etmedik adam azaba duçar edilýär.Ýöne anyk delili bilen geçirimlilige degişli saý-sebäbi bolmadygy üçin parzda bolşy ýaly wajyby inkär eden dinden çykan hasaplanylmaýar.

3. Sünnet:Pygamberimiziň parz we wajyp bolmadyk adaty görnüşinde edenlerine we berjaý edilmegini maslahat beren zatlaryna aýdylýar.

Sünnetiň müekkede we gaýry müekkede diýilýän iki sany görnüşi bardyr:

Sünnet-i müekkede: Pygamberimiziň köplenç ýagdaýlarda berjaý edip, käýarym berjaý etmedik sünnetine aýdylýar. Ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri.

Sünnet-i gaýry müekkede: Pygamberimiziň käwagt berjaý eden sünnetine aýdylýar. Ikindi namazynyň sünneti bilen ýassy namazynyň ilkinji sünneti ýaly. Başga bir tarapdan hem sünnet umumy görnüşde ikä bölünýär:

a. ybadat bilen baglanyşykly bolanlara “sünnetül-hüda” diýilýar. Azan, kamat we köpçülik bilen namaz okamak şeýle sünnete degişlidir.

b. Ybadat bilen baglanyşykly bolman, adatça edenlerine-de “sünenüz-zewaid” diýlip atlandyrylýar. Pygamberimiziň geýniş biçüwi, oturyp-turşy ýaly işleri adatça bolan sünnetlerdendir. Bulary etmeýän adam günäkärlenilmez.

Sünnetiň hökümi: berjaý eden adamlar sogap gazanar. Sünneti bilgeşleýin terk edenlere bolsa azar berilýär, azap çekdirilýär. Sünnetiň ýene-de kifaýe bölümi bardyr. Oraza aýynyň soňky on gününde bassyryma girip ybadat etmek, tarawa namazyny köpçülik bilen okamak ýaly.

4. Müstehap: Pygamberimiziň käwagt berjaý edip, käwagt berjaý etmedik zatlaryna aýdylýar. Guşluk namazy okamak, Oraza aýyndan soňra Baýram (Şewwal) aýynda alty gün oraza tutmak ýaly. Mütehaba “mendup” hem diýilýär. Müstehabyň hökümi: Berjaý edenler sogap gazanýar, berjaý etmeýänler sogapdan mahrum bolýar.

5. Mubah: Borçly bolan adamyň berjaý edip etmezligi özygtyýaryna görä kesgitlenen zada aýdylýar. Halal bolan zatlary iýip-içmek, oturmak, ýöremek we uklamak ýaly. Mubahyň hökümi: Berjaý eden adamlar sogap gazanmaz, berjaý etmedikler-de günäkärlenilmez.

6. Haram: Dinimize görä berjaý edilmegi hökmany suratda gadagan edilen zatlara aýdylýar. Adam öldürmek, ogurlyk etmek, ene we ata garşylyk görkezmek ýaly. Haramyň hökümi: Haram bolan zatlary eden adam günäkär bolar, haramdan gaça durýan adam sogap gazanar. Haram bolan bir zady halal hasaplan adam bolsa dinden çykar.

7. Mekru: Delil taýdan haram ýaly anyk bolmak bilen birlikde, berjaý edilmegi islenilmeýän zada aýdylýar. Mekru tahrimi we tenzihi görnüşinde ikä bölünýär.

Tahrimen mekru: Harama ýakyn bolan mekrudyr. Wajyp bolan bir işi berjaýetmezlik tahrimen mekrudyr.

Tenzihen mekru: Halala ýakyn mekrudyr. Sünnet we müstehap bolan zatlary berjaý etmezlik mekrunyň bu bölümine girýär. Tenzihen mekru bolan bir zady etmek azaby zerurlyga öwürmez, ýöne berjaý edilmezligi has oňat hasaplanylar.

8. Müfsüt: Başlanan bir ybadaty bozan zada aýdylýar. Namaz okalýarka, geplemek, agzyň beklikä bilgeşleýin iýip-içmek ýaly.