Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Namazyň esaslary

Namazyň parzlary

Namazyň parzlary on iki sanydyr. Olaryň alty sanysy namazyň daşynda bolup, namazdan öň berjaý edilmegi zerur bolan parzlardyr. Bulara başgaça “namazyň şertleri” diýilýär. Alty sanysy-da namazyň öz içindedir. Olara bolsa “namazyň diregleri” (rükünleri= hakyky iman ynamy üçin tüýs ýürekden çykan sözler we meyil bildirilen hereketler) diýilýär. Namazyň hakyky bolmagy üçin bu parzlaryň berjaý edilmegi zerurdyr.

Namazyň şertleri

1.Hajatdan arassalanmak şerti =Hajatdan täret (Hadesten ta- haret): Jünüplik we täretsizlige “hajat” (hades) diýilýär. Namaz okamak üçin hapaçylyk hökmünde bilinýän hajatdan arassalanmak esasy şertdir. Zerur bolan halatynda boý täret almak, ýagny suwa düşmek we täret almak hajatdan arassalanmaklyk diýmekdir.

2.Maddy tämizlik şerti=Nejasetden täret: Namaz okajak adamyň endamynda, üst-başyndaky egin-eşiginde we namaz okajak ýerinde (na maza päsgelçilik döretjek görnüşde (hapaçylyk) bar bolsa, şolary arassalamakdyr.

3.Örtünme şerti (Setr-i awret): Namaz okajak adamyň endamynda örtmegi zerur bolan ýerlerini örtmegi diýmekdir.

Erkeklerde örtülmegi parz bolan ýerler göbekden başlap dyzçanaga çenli bolan aralykdyr (dyzçanak hem degişlidir).

Zenan maşgalalarda ýüz,eller we aýaklardan başga bedeniň hemme ýeriniň örtülmegi parzdyr.

Örtülmegi zerur hasaplanylýan agzalardyr organlardan biriniň dörtden biri, üç tesbi mukdarda gysga wagtlaýyn hem açylsa, onda okalan namaz hakyky namaz hökmünde hasaplanylmaz. Organlary belli eden gysby we dar egin-eşikler bilen aşagyndan endam görünmeýän bolsa, onda namaz okamak bolar. Aňyrsy görnüp duran mata-marlykdan tikilen, endamyň reňkini görkezýän örän ýuka eşikli namaz okalmaz.

4.Ugur-tarap şerti (Istikbal-i kyble): Namazy kybla tarapa öwrülip okamakdyr. Kybla Mekgede “Käbe” diýlen keramatly binadyr. Käbe Allanyň emri bilen Hz. Ybraýym we onuň ogly Hz.Ysmaýyl tarapyndan gurlandyr.

Namazy kybla öwrülip okamak şertdir. Mekgede bolýan we Käbäni görýän adam gönüden-göni käbäniň özüne öwrüler. Käbäni görmeýän adam bolsa Käbäniň bolan tarapyna öwrülip namazyny okar. Kybla tarapa öwrülen adamyň diňe “käbä döndüm” diýip niýet etmegi hökman däldir. Kybla esasan käbäniň ýerleşýän ýeridir.

Hassa bolan bir adam kybla öwrülmäge gurbaty çatmasa we özüne kybla öwrülmek üçin kömek etjek hiç kim bolmasa ýa-da hassa bolman, bir duşman sebäpli şol tarapa öwrülmekden gorkýan bolsa, onda güýjüniň ýeten tarapyna öwrülip namazyny okar.

Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän adam ýanynda bilen bar bolsa, ony sorap öwrenmelidir. Eger ýanynda sorar ýaly hiç kim ýok bolsa, onda özi çen-takmyn derňew edip, namazyny okar. Gapy kakyp kybla soramak hökman däldir. Namaz okanyňdan soňra kyblanyň ýalňyş bolandygyny öwrenip bilse, namazy gaýtadan okamaklygy hökman däl.

Eger namaz döwründe kybla bilen baglanyşykly hata goýberendigi hakynda pikir etse, onda şol wagt kybla öwrülip namazyny tamamlar, namazy täzeden okamagy hökman däl.

Kyblany bilmeýän adam ýanynda kyblany bilen biri bar hem bolsa, ondan soraman, öz düşünişine görä namazyny okasa, ol hem dogry bolsa, onda namaz hakyky hasaplanylýar, ýöne ol kyblany ýalňyş kesgitlän bol- sa,onda onuň okan namazy dogry däldir.

Kybla tarapy babatda göwnüne çiglik giden adam hiç hili ideg-gözleg etmän, namaza başlasa-da, namazyň içinde kyblany anyk bilendigine göz ýetirse, namazyny täzeden okar. Anyk bolmadyk bir maglumata esaslanyp, belli netijä gelinmez. Namazy gutaranyndan soňra kyblanyň dogry däldigini bilse, onda namaz gutarandygy üçin gaýtadan okalmaz.

5.Wagt şerti: Namazlary öz wagtynda okamak esasy şertdir. Wagty girmezden bir namazy okamak dogry däldir.

6.Niýet şerti: Haýsy namazy okajagyňy bilmek we ybadaty Alla üçin etmekligi tüýs ýürekden dilemekdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mustehapdyr. Şeýle hem haýsy namazy okaýandygyňy niyet edende belli etmek zerurdyr. “Niyet kyldym Allanyń razylygy üçin bu günki öýle namazynyń parzyny okamaga” ýaly. Köpçülik bilen namaz okaýan adamyň ymama uýmaklyga-da niýet etmegi zerurdyr. Niýetde namazyň näçe rekagat bolandygyny aýtmaklygyň zerurlygy ýokdur. Köpçülik erkeklerden ybarat bolsa, ymamlyk eden adamyň özüne uýan kişilere ymam bolandygyny niýetde belli etmekligi hökman däl hem bolsa, özüne uýan zenan maşgalalaryň namazynyň dogry namaz bolup bilmegi üçin ymamyň namaza niýet eden wagtynda uýanlara ymam bolandygyna-da niýet etmegi zerurdyr.

Namazyň esaslary (rukünleri)

1.Allanyň ady bilen başlamak(Alla ýüzlenme= iftitah tekbiri): Namaza “Allahü Ekber” diýip başlamakdyr. Bu hormatlylyk ýüzlenmesine “Tahrime” diýilýär. Bu ýüz tutma hanefileriň garaýşyna görä, namazyň esaslaryndan däl, eýsem namazyň şertlerine degişlidir.Ýöne namazyň esaslaryndan bolan edepli dik durma (kyýam) bilen sepleşik bolandygy sebäpli, ol namazyň esaslaryna goşulyp hasaplanylýar.

Bu iftidah tekbiri dogry bolmaklygy üçin käbir şertleriň berjaý edilmegi zerurdyr.

Bu şertler şulardan ybaratdyr:

a.iftidah tekbiri bilen niýet etme arasynda iýmek, içmek ýa-da geplemek ýaly namaza ters gelýän bir zat girmeli däldir,

b.iftidah tekbiri dik durup aýdylmalydyr, (ýöne aýak üstüne durmaklyga gurbaty çatmaýan adam oturan ýerinde-de ony berjaý edip biler.)

ç. Ilki namaza niýet etmek, soňra iftidah tekbirini aýtmak,

d.iftidah tekbirini özüniň eşidip biljek bir sesi bilen aýtmak,

e. “Allahü Ekber” diýeniňde “Allahü” sözüniň başynda gelýän “A” sesini, “Ekber” sözüniň “b” sesini süýndürip aýtmaly däldir.

f.Köpçülik bilen namaz okalanda, ymam iftidah tekbirini aýdanyndan soňra, ony aýtmalydyr (ymamdan öň aýtsaň, onda namaz hakyky bolmaz.)

2.Edepli dik durma (kyýam):Namazda edepli görnüşde aýak üstünde dik durmak diýmekdir. Parz we wajyp bolan namazlarda kyýam, ýagny edepli dik durma parzdyr. Aýak üstünde dik durmaga ýarawsyz adama kyýam parz bolmaz. Nepil namazlarda kyýam parz däldir.

Bir hassa aýakda durmaga gurbaty ýetip, ruku we sejdä (edepli baş egmä ýa-da alyn diremä) güýji ýetmese, onda namazyny aýak üstünde durup okamagy zerur däl, ol namazy oturyp, bolşuna görä okar. Aýak üstünde namaz okaýan adam namazyň dowamynda rahatsyzlanyp, ýaramasa, ol namazyny oturyp tamamlar. Namazyny oturyp okaýan bir adam namaz wagtyndaka, oňatlaşsa, özüni oňat duýsa, onda ol öz ýagdaýyna görä hereket edip, namazyny aýak üstünde hem okap biler we namazyny aýakda durup tamamlar.

3.Labyzly okama (kyraat):Namazda Gurhan okamakdyr. Namazda gysga bir aýat hem bolsa, Gurhan okamak parzdyr. Üç we dört rekagatly parz namazlaryń iki rekagatynda, iki rekagatly parz namazlary bilen witir we nepil namazlaryń her rekagatynda Gurhan okamak parzdyr we edepli dik duran ýagdaýdaka kyýamda okalar.

4.Rüku:Namazda elleriň dyzlara ýetjek görnüşde egilmek diýmekdir. Labyzly okamadan (kyraatdan) soňra, eller dyzlara ýeter ýaly başyň we arkaň dogry = düzgün görnüşdäki ýagdaýa geler ýaly edip egilmeli.

5.Süjud = sejde:Sejdä barmak diýmekdir, baş egmeden soňra, aýaklar, dyzlar we eller bilen bilelikde alyny = maňlaýy ýere goýmaklyga sejde diýilýär. Her bir rekagatda iki gezek sejde etmek parzdyr.

Sejdede maňlaý ýere direlip, burun ýere degrilmese, onda sejde jaýyz hasap edilýär. Ýöne ötünçsiz, hassa bolmaýanyň burnuň ýere goýmazlygy mekrudyr. Burun ýere goýlan ýagdaýynda bir ýarawsyzlykdan sebäpli alyn ýere goýulmasa sejde jaýyz hasap edilýär. Ötünçsiz görnüşde alyn ýere goýulmasa, onda beýle sejde jaýyz hasap edilmeýär. Sejde edilýän ýer aýaklaryň duran ýerinden ýarym sereden (on iki barmakdan) beýik bolsa, bu beýiklikde bolan ýere sejde etmek jaýyz däldir. Iki aýagyň barmaklary ýere goýulmadykça, sejde jaýyz hasapla- nylmaz. Sejde ediljek ýeriň gaty bolmaklygy zerurdyr.

Şol sebäpli taşlanan ýüň, pagta we gar ýaly zatlaryň üsüne sejde edilen halatynda alyn ýeriň gatydygyny duýup, ornaşýan bolsa, onda sejde jaýyzdir. Ýüzüňdir burunlaryň içine siňip, ýeriň gatylygy duýulmasa, oňaýly ornaşmasa, onda sejde jaýyz däldir. Çuwalyň içinde bolmaýan bugdaýdyr arpa ýaly zatlaryň üstüne-de alyn diremeklik dogry däldir. Eger bular çuwalyň içinde bolsa, onda olaryň üstüne sejde edilip biler.

6.Ahyrky düzgün (kade-i ahyre):Namazyň soňunda “Ettehiýýatuny” okajak çemesi wagt (teşehhüd mukdary) oturmak diýmekdir. Bu oturyş hem namazyň parzlaryndandyr.

Namazyň wajyplary

Wajyplar parzlary; sünnetler bolsa wajyplary, edepler bolsa sünnetleri kämilleşdirmek üçindir. Şeýlelikde, namaz biderek bolmakdan halas edilip goralýar.

Wajybyň hökümi: Wajyby berjaý eden sogap gazanar, bilgeşleýin terk edip taşlan bolsa azaba duçar bolar. Unudyp ýa-da ýalňyşyp terk edeniň namazy kem bolandygy üçin säwlik sejdesini berjaý etmegi zerurdyr. Wajyby bilkastlaýyn terk eden adamyň namazy gaýtadan okamagy zerurdyr. Gaýtadan okalmadyk halatynda namaz kem-käs görnüşde okalan hasaplanylýar.

Namazyň esasy wajyplary şulardan ybaratdyr:

1.      Namaza “Allahü Ekber” sözi bilen başlamak.

2.      Namazda Fatiha (Alham) süresini okamak.

3.      Fatiha süresini parz namazlaryň başky iki rekagatynda, witir we nepil namazlarynyń her rekagatynda okamak.

4.      Parz namazlaryň başky iki rekagatynda witir we nepil meýil edilen namazlaryň her rekagatynda süre ýa-da aýat okamak (Zamm-y süre),

5.      Fatihany (Alhamy) süreden öň okamak,

6.      Sejdede maňlaý bilen bilelikde burnuňy-da ýere goýmak,

7.      Iki sejdäni biri-biriniň yzyndan berjaý etmek,

8.      Üç we dört rekagatly namazlaryň ikinji bölüminde “Ettehiýýatuny” okajak wagt çemesi oturmak. Muňa “Kade-i ula” başky oturyş diýilýär.

9.      Namazlardaky başky oturyş bilen ahyrky oturyşlarda “Ettehiýýa- tüni” okamak.

10.  Birinji oturyşda “Ettehiýýatuny” okanyňdan soňra gijä galman, üçünji rekagata aýaga galmak.

11.  Witir namazynda kunut tekbirini we kunut dogasyny okamak.

12.  Baýram namazlaryna mahsus bolan artyk tekbirini we goşmaça dilegler etmek.

13.  Köpçülik bilen bilelikde okalanda ertir, agşam, ýassy, juma we baýram namazlarynyň birinji we ikinji bölümlerinde; tarawa namazy bilen orazada tarawadan soňra okalan witir namazynyň her bölüminde ymamyň Alhamy we süräni sesli okamak.

14.  Öýle we ikindi namazlarynda bolsa bulary sessiz (içinden) okamak.

15.  Ymama uýan adam alhamy we süräni okaman dymmak.

16.  Tadili erkan: edepli dik we dogry aýakda durma, rukuda dogry egilmek (aýal-gyzlar öz meýline görä durarlar). Rukudan soňra doly dik durmak, iki sejde arasynda doly oturmak.

17.  Namazyň ahyrynda salam bermek.

18.  Namazda ýalňyşlyk goýberse, şol säwlik üçin sehiw sejde etmek.

19.  Namazda alyn sejde aýatyny okasa, onda ýörite sejde etmek.

Namazyň sünnetleri

Sünnetiň hökümi:Namazda sünneti terk etmek, namazy bozmaz, säwlik sejdesini berjaý etmek hem zerur däl, ýöne mekru bolar.

Namazyň esasy düzgünleri şulardan ybaratdyr:

1.      Bäş wagt namaz bilen juma namazy üçin azan we kamat erkekler üçin sunnettir.(zenan maşgalalara mekrudyr.)

2.      Her bir namazyň iftidah tekbirinde, witir namazynyň kunut tekbirinde we baýram namazlarynyň artyk tekbirlerinde elleriňi galdyrmak. (Erkekler elleriniň başam barmagyny gulak düýbüne geljek görnüşde gal- dyrmak. (Zenan maşgalalar bolsa barmaklarynyň ujuny gerdenine ýetjek görnüşde galdyrýarlar).

3.      Eller galdyrylan wagtynda parmaklary sepleşik ýa-da arasy has açyk görnüşde tutmak dogry däldir. Şonuň üçin özygtyýaryna adaty açyklykda tutmak, elleriň we barmaklaryň iç tarapy kybla öwrülen görnüşde bolmak.

4.      Ymama uýan adamyň iftidah tekbiri, ymamdan öňe geçmezlik şerti bilen, ýagny ymamyň tekbirine ýakyn bolmak.

5.      Edepli dik durmada (kyýamda) gollary gowşurmak. (Erkekler sag eliň owujyny çep eliniň üstünde we sag eliniň başam we külbike barmaklary sol eliniň goşaryny tutýan şekilde edip, ellerini göbeginiň aşak ýanynda biri-birine gowşurarlar.) (Zenan maşgalalar sag elini çep eliniň üstüne geler ýaly ellerini göwsüniň üstünde goýarlar. Erkekler ýaly sag eliniň barmaklary bilen çep eliniň goşaryny tutmazlar.)

6.      Kyýamda iki aýagyň arasyny dört barmak çemesi açyklykda tutmak.

7.      Sübanekäni okamak.

8.      “Euzübillahi mineşşeýtanirrajym” diýmek.

9.      Her rekagatda fatiha = alhamdan öň “Bismillahirrahmanirrahym” diýmek.

10.  Fatihanyň soňunda ymamyň we oňa uýanlaryň “Ämin” diýmegi.

11.  “Sübhaneke, Euzü-Bismilla we Ämin” içiňden okamak.

12.  Ertir we öýle namazlarynda fatihadan soňra uzynrak, ikindi we ýassy namazlarynda gysga, agşam namazynda bolsa has gysga süre okamak. Bu myhmançylykda bolmaýanlar üçindir. Ýolagçy bolan ýa-da wagty gyssagly bolan adam meýil eden aýatdyr süresini okar.

13.  Ruku başlanylanda, “Allahü Ekber” diýmek.

14.  Rukuda dyzlaryňy elleriň barmaklary açyk görnüşinde tutmak. (Zenan maşgalalar barmaklaryny açmaz we dyzlaryny tutmazlar, diňe ellerini dyzlarynyň üstünde goýarlar.)

15.  Rukuda dyzlaryňy we tirsekleriňi dik tutmaly, eplemeli ýa-da bükmeli däl.(Zenan maşgalalar rukuda dyzlaryny bükük görnüşde saklarlar.)

16.  Rukuda ýagrynyňy tekiz tutmak. (Zenan maşgalalar ýagrynlaryny biraz meýline görä saklarlar.)

17.  Başyňy arkaň bilen bir derejede saklap, ýokary galdyrmazlyk we aşaga egmezlik.

18.  Rukuda üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmek.

19.  Rukudan galanyňda “Semiallahu limen hamideh” diýmek.

20.  Rukudan galanyndan sonra dik duranyňda “Rabbena lekel- hamd” diýmek.

21.  Sejde başlanyňda, ilki dyzlaryňy, soňra elleriňi, ondan soňra-da maýlaýyňy we burnuňy ýere goýmak.

22.  Sejdeden turanyňda, ilki başyňy, soňra elleriňi, ondan soňra-da dyzlaryň üstüne elleriňi goýup, dyzlaryňy ýerden galdyrmak.

23.  Sejdelere başlanyňda “Allahü Ekber” diýmek.

24.  Sejdelerden turanyňda “Allahü Ekber” diýmek.

25.  Sejdelerde ýüzüňi iki elleriň arasynda saklamak, elleriňi ýüzüňden yzda we ýüze ýakyn hem-de ýüzüň edil ortasynda saklamak, elleriň barmaklary biri-birine gysby görnüşde kybla tarap edip, eliň aýasy bilen ýere goýmak.

26.  Sejdelerde üç sapardan “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmek.

27.  Erkekleriň sejdede garnyny uýluklaryndan, tirseklerinini bykynlaryndan we ellerini ýerden uzak tutmagy. (Zenan maşgalalar sejdede ellerini bykynlaryna, garnyny uýluklaryna degrip ýere tarap egilerler.)

28.  Iki sejde arasynda oturmak.

29.  Iki sejde arasynda başky oturmada (Kade-ýi ula) we ahyrky oturmada (Kade-ýi ahyre) elleri uýluklaryň üstünde goýmak.

30.  Oturma wagtynda çep aýagyňy ýere ýaýyp, onuň üstünde oturmak we dikligine tutulan sag aýagyňy barmaklaryňy kybla tarapa dogry getirmek. (Zenan maşgalalar aýaklaryny sag tarapa ýatyryp, çep butlarynyň üstünde oturarlar.)

31.  Ettehiýýatiniň şaýatlyk andynda (kelime-ýi şehadetinde) sag eliň süýem barmagyny galdyrmak. Yşarat: Şaýatlyk andynda (kelime-ýi şehadetde) “La ilahe” diýeniňde, sag eliň süýem barmagyny galdyrmak, “illellah” diýeniňde-de ýatyrmak bilen berjaý edilýär.

32.  Ettehiýýatüni içiňden okamak.

33.  Üç we dört rekagatly parzlaryň üçünji we dördünji bölümlerinde alhamy (fatyha) okamak. (Başky iki bölümlerde fatyhany okamak bolsa wajypdyr.)

34.  Ahyrky oturmada “Ettehiýýatiden” soňra “Allahümme salli, Allahümme barik” we olardan soňra-da doga okamak.

35.  Salam bereniňde başyňy ilki saga, soňra çepe öwürmek.

36.  Salamda “Esselamü aleýküm we Rahmetullah” diýmek.

37.  Ymam her iki tarapa salam bereninde özüne uýan köpçülige we hapyz perişdelere salam bermäge niýet etmek.

38.  Köpçülik bilen namaz okalan halatynda namazyň soňunda salam berleninde ,bu salamy köpçülige we ymama bermekligi niýet etmek.

39.  Ýeke-täk, ýagny öz başyňa okan namazyňda, şol salamy perişdelere bermekligiňi niýet etmek.

40.  Ymam çep tarapa salam bereninde, sesiňi biraz peseltmek.

41.  Ymama uýan adamyň salamy ymamyň salamyna ýakyn bolmaly.

42.  Ymama soňra uýan adam ýetişmedik bölümlerini okamak üçin ymamyň ikinji salamyna garaşmak.

Namazyň edepleri

Namazyň edepleri şulardan ybaratdyr:

1.      Erkekler iftidah tekbirini galdyran halatlarynda ellerini ýeňlerinden çykarmak.

2.      Namaz okaýan dik durka alyn direjek (sejde etjek) ýerine, rukuda (rukuda) aýaklarynyň üstüne, sejdede burnunyň iki gapdalyna, oturanynda bolsa gursaga we salam bereninde eginleriniň üstüne seretmeli.

3.      Ýagdaýyny tapsa, üsgürmezlige çalyşmaly. Eger ötünçli bolman, üsgürse we şonuň netijesinde-de harplardyr sesler emele gelse, onda namazy bozýandyr. Gägirmek hem üsgürmek ýalydyr.

4.      Pallan ýagdaýyňda agzyňy dodaklaryň bilen tutmaga çalyşmak, eger bu mümkin bolmasa, onda sag eliň bilen agzyňy tutmak.

5.      Kamat aýdylýarka, “Haýýe alel-felah” diýlen wagtynda köpçüligiň we ymamyň namaz üçin ýerinden turmagy.

6.       “Kad kametissalah” diýleninde, ymamyň namaza başlamagy (kamat gutaranyndan soňra, ymamyň namaza başlamagy-da adatydyr.)