Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Orazanyň görnüşleri

Orazanyň bäş sany görnüşi bardyr:

1. Parz bolan orazalar: Oraza aýynda oraza tutmak, Orazada tutulmaýan orazany başga günlerde kaza etmek we keffarat orazalary parzdyr.

2.Wajyp bolan orazalar: Aýdylan orazalary bilen, bozulan nepil orazalary kaza etmek wajypdyr.

3.Sünnet bolan orazalar: Aşyr (Muharrem) aýynyň dokuzynjy gününi onunjy güni bilen ýa-da onunjy gününi on birinji güni bilen bilelikde oraza tutmak sünnetdir.

4.Göwnejaý (müstehab) bolan orazalar: Kamary aýlaryň on üçünji, on dördünji we on bäşinji günleri bilen hepdäniň başgüni we sogap günleri we Orazadan soňra Baýram aýynda alty gün oraza tutmak müstehapdyr (göwnejaýdyr).

5. Mekru bolan orazalar: Mekru bolan orazalar iki sanydyr:

1.Tenzihen (günä getirjek) mekruh bolan orazalar: Aşyr aýynyň (Muharrem) diňe onunjy güni bilen diňe juma (anna) we diňe şenbe günlerinde oraza tutmak, agşam agzaçar (iftar) edinmän, bir günüň orazasyny ertesi güne birleşdirmekligiň mekru bolşy ýaly, adamy halys ysgyndan gaçyrjagy we orazany endik ýagdaýyna getirjegi üçin tutuş senäni yzygiderli oraza tutmak-da mekrudyr.

2.Tahrymen (haram hasaplanylýan) mekru bolan orazalar: Oraza baýramynyň birinji güni bilen Gurban baýramynyň dört gününi oraza tutmak tahrimen mekrudyr.

Bu günler Allanyň öz gullaryna eçilen bir zyýapat günleridir. Oraza tutup, Allanyň eşret eçilen zyýapatyndan gaçmak dogry däldir.