Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Täretiň görnüşleri

Täretiň üç görnüşi bardyr:

1. Parz bolan täret: Täreti bolmaýan adamyň namaz okamak, tilawet sejdesini etmek we mukaddes Gurhany tutmak (eline almak) üçin täret almagy parzdyr.

2. Wajyp bolan täret: Täreti bolmaýan adamyň Käbäni togap etmegi üçin täret almagy wajypdyr.

3. Mendup bolan täret: Hemişe täretli bolmak, her bir namaz wagty üçin täret almak, täretli görnüşde uklamak, täreti bar hem bolsa täret almak mendupdyr. Gurhan okamak, dini kitaplary tutmak, hadys okumak, pygamberimiziň gonamçylygyna zyýarat emek, Arafata gitmek, Safa bilen Merwe arasynda ýörişe goşulmak, azan okamak, jynaza ýuwmak üçin täretiň mendup bolşy ýaly, bir ýalňyş (hata) goýbereniňden, gaharlananyňdan, ýalan sözläniňden we gybat edeniňden soňra-da täret almak mendupdyr.