Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » GURBANLYK

Gurbanlyk näme?

Gurbanlyk ybadat niýeti bilen, belli wagtda özboluşly häsiýeti bolan haýwanlary gurbanlyk hökmünde çalmakdyr. Muňa “udhiýýe” diýilýär.

Gurbanlyk pul we mal ybadatlaryndan biridir. Bu jenaby Hakyň eçilen eşrete we barlyga şükür etme borjudyr.

Gurbanlyk ybadatynyň taryhy gaty gadymydyr. Häzirki wagtdaky şekili boýunça Ybraýym Aleýhissalama esaslanýar.

Hezreti Ybraýym bir ogly bolsa, ony Allanyň ýoluna gurban etjekdigini aýdypdyr. Şondan ep-esli wagt geçenden soňra, olaryň ogullary bolupdyr, ýöne ol aýdanyny ýadyndan çykarypdyr. Soňra ol bir gije düýş görüpdir we düýşinde öz ogluny gurban edipdir. Munuň netijesinde-de, öz eden wadasy ýadyna düşüpdir. Bu wakany soňra öz ogly Ysmaýyl aleýhisalama aýdypdyr. Ogly muny kabul edipdir. Şondan soňra kakasy ogluny gurban etmeklige taýýarlanypdyr. Allatagala onuň bu ynamyna wepalylygy üçin hezreti Ysmaýylyň ýerine bir goýnuň gurbanlyk edilip bilinjekdigini Jebraýyl aleýhissalamyň üsti bilen habar beripdir.

Bu mesele bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Hezreti Ysmaýyl kakasy Ybraýym aleýhissalam bilen bile gezip biljek ýaşyna gelen wagty: “Köşegim, men düýşümde seniň damagyňy çalýan ekenim, munuň manysy nämekä, bir oýlanyp gör?”- diýdi. “Kaka jan, buýruk bolsa, çäresi bolmaz, buýrulany berjaý et, enşalla menem sabyr edenleriň biri bolaryn”-diýdi. Olaryň ikisi-de buýruga boýun bolup, kakasy ogluny ýüzin ýatyran badyna: “Eý Ybraýym, gören düýşüňi hakykata öwürdiň. Biz Muhsinleri şeýle sylap serpaýlandyrýarys çünki bu mese mälim synagdyr” –diýdik.

Biz ogluň öwezine uly bir gurbanlyk bermegi boýun borjy etdik. Geljekkileriň arasynda oňa uly şan-şöhrat bolsun diýdik. “Ybraýyma salam bolsun” diýdik. Biz özünde baryny bagyşlaýanlary şeýle sylap serpaýlandyrýarys. Çünki, ol biziň musulman gullarymyzdandyr.” (Saffat, 102–111.)

Hezreti Ysmaýylyň öwezine bir goýnuň gurbanlyk edilmegi Jenaby Hakyň adamzat nesline eçilen iň uly ýagşylyklarynyň biridir. Ynha, şeýdip, gurbanlyk hezreti Ybraýymdan sünnet görnüşde bize gelip ýetipdir.

Gurbanlyk adamyň Allatagala ýakynlaşmagyna sebäp bolan bir ybadatdyr. Gurbanlyk çalynmagynda şeýle many bardyr. Adam şol ybadaty, wezipäni berjaý etmek bilen, ýagny gurbanlyk çalmak bilen hezreti Ybraýym ýaly Allatagala we onuň buýruklaryna sadyklygyny, gerek bolanda, özünde baryny bagyşlamagy, Allanyň razylygyny gazanmak üçin her hili pidalara, çykdajylara taýýardygyny görkezer. Şol sebäpli, ähli ybadatlarda bolşy ýaly, gurbanlykda hem ýagşy niýet we yhlas esasy meseledir. Bu hakda keramatly Gurhanda:

“Olaryň etleri-de, ganlary-da Allatagala baryp ýetmez. Oňa diňe bir zat baryp ýeter, olam siziň takwalygyňyzdyr” (Hajj, 37.) diýilýär. Aslynda Allatagala diňe takwa adamlaryň berjaý eden ybadatlaryny kabul eder. Hormatly pygamberimiz-de amallaryň gadyr-gymmatynyň diňe niýete görä boljakdygyny, kim nämä niýet edip bir işi ýerine salan bolsa, onuň eline niýet eden zadyndan başga zadyň geçmejekdigini beýan edipdir. (Buhary, Iman, 41; Müslim, Imare,45).

Gurbanlyk şol bir wagtyň özünde yslamdaky sosial goldawyň we hemaýatyň ajaýyp nusgasydyr. Her gün tutuş ýer ýüzünde müňlerçe mal soýulýar we ondan köplenç barlylar, gurply adamlar peýdalanýarlar. Gurbanlyk baýramynda bolsa bir dini ybadaty ýerine salmak niýeti bilen çalnan gurbanlyklardan bolsa has köp garyp-gasarlar, ýoksullar we haýyr üçin hyzmat edýän guramalar peýdalanýarlar.

Şeýle hem munda ýaşaýşyň esasy çeşmesiniň biri bolan maldarçylygy yzygiderli gorap saklamak we ösdürmek meselesi-de bardyr.

Gurbanlygyň many-mazmuny

Gurbanlyk ymamy Agzam Ebu Hanifä görä wajypdyr. Delili-de: “Rabbyň üçin namaz oka we gurbanlyk çal” (Kewser, 2.) diýen aýatyndaky görkezme bilen, hormatly pygamberimiziň: “Kimiň hal-ýagdaýy, wagtdyr saglygy bolup, gurbanlyk çalmaýan bolsa, onda ol biziň namazgähimize ýakynlaşmasyn” (Ibn Maje, Adahi, 2.) hadysynda beren berk we agyr duýduryşydyr. (Şafilere görä, ynsan üçin ömründe bir gezek gurbanlyk çalmak “sünneti aýn”, maşgala üçin bolsa “sünneti kifaýedir”. Başgaça aýdylanda, maşgalada eklenji boýnuna alan jogapkär adam gurbanlyk çalsa, tutuş maşgala jogapkärçilikden we boýun borjundan halas bolýar.)

Şunuň ýaly duýduryş diňe wajyp bolan ybadatyň goýbolsun edilýän halatynda berler. Gepiň tümmek ýeri, gurbanlyk wajyp bolmadyk bolsady, ony goýbolsun edýäne pygamberimiz beýle berk duýduryş bermezdi. (Ebu Hanifeden beýleki alymlar Şafi, Mäliki we Hanbeli bilen Hanefilerden ymam Ebu Ýusuf we ymam Muhammede görä bolsa gurbanlyk wajyp däl, “sünneti müekkededir”.)

Bir adamyň boýnunda zekat, haj, pitre sadakasy, aýdylan we gurbanlyk borjy bolup, ol adam aradan çyksa, şol borçlaryň ödenmegi üçin malynyň üçden birini wesýet etse (malynyň diňe üçden birini wesýet edip biler), malynyň üçden biri ýetse, onuň borçlarynyň hemmesi ödener. Ýöne malynyň üçden biri ýetmedik ýagdaýynda, onda ilki bilen zekat borjy ödener. Sebäbi bu borçlaryň içinde iň esasy we ähmiýetlisi zekatdyr. Ondan soňra-da aýdylan berler, iň soňunda-da maly galsa, borç bolan gurbanlygy çalnar.

Gurbanlyk çalmaklyga borçly bolanlar

Aşakdaky şertleri bolan adamlar gurbanlyk çalmaklyga borçludyrlar:

1.      Musulman bolmak.

2.      Akylly bolmak.

3.      Kämillik ýaşynda ýeten bolmak.

4.      Azat-erkin bolmak.

5.      Myhman bolmazlyk.

6.      “Nisap” hasabyna görä, mal ýa-da pul eýesi bolmak.

Garyba, ýeter-ýetmeze, “nisap” hasabynyň mukdary çemesi puly we maly bolmaýana gurbanlyk çalmaklygyň wajyp bolmaýşy ýaly, myhmana (wagtlaýyn ýolagça) hem wajyp däldir. Hezreti Ebu Bekir bilen hezreti Omar myhman bolanlarynda gurbanlyk çalmandyrlar. Hezreti Aly-da “myhmana juma namazy bilen gurbanlyk çalmak borç däldir” diýipdir. Eger safary bolan nepil hökmünde gurbanlyk çalsa, onda ýerlikli hasaplanylar, eger gurbanlyk çalmasa, boýnuna borç ýüklenilmez.

Gurbanlygyň “nisap” hasaby

Nisap – dini taýdan barlylygyň ölçegi diýmekdir.

Gurbanlygyň nisaby: adamyň ýaşaýyşdaky zerurlyklaryndan (ýagny ýaşaýyş jaýy, ýeterlik goş-golaňy, aýagulagy, ulanjak ýaragy, üç sany çalşyrgaç egin-eşigi, özüniň we eklenjine jogapkär bolanlaryň bir ýyllyk azyklary) we bergisinden başga 20 mysgal (ýagny, 80.18 gr.) altynyň ýa-da şonuň bahasy çemesi puluň, harydyň eýesi bolmakdyr. Bu nisaba eýe bolan adama Gurbanlyk baýramynda gurbanlyk çalmak wajypdyr.

Zekat nisaby bilen gurbanlyk nisaby birmeňzeş bolup, zekat nisabynda bolşy ýaly gurbanlyk nisabynda-da malyň artýan görnüşde bolmagy esasy şert däldir, üstesine-de üstünden bir ýyl geçmegi hökman däldir. Öň eli gysga bolup, gurbanlyk döwründe eli uzan adama-da gurbanlyk çalmak wajypdyr.

Gurbanlyk çalynjak mallar

Gurbanlyk goýun, geçi, sygyr, gäwmiş, düýe ýaly mallardan bolýar.

Bu mallaryň jynsy taýdan erkekleri-de, urkaçylary-da (düýe üçin inen) gurbanlyk üçin çalnyp biler.

Bulardan düýäniň 5, sygyr bilen gäwmişiň 2 we goýun bilen geçiniň bir ýaşyny dolduran bolmagy zerurdyr. Ýöne goýun 6 aýyny dolduryp, göwresi babatdan iri bolsa, gurbanlyk hökmünde çalmak bolar. Geçi welin bolmaz, geçiniň hökman bir ýaşyny dolduran bolmagy şertdir.

Bu mallardan başga bir haýwanyň gurbanlyk edilmegi ýerlikli däldir. Bir goýny ýa-da bir geçini diňe bir adam gurbanlyk çalyp biler.

Ýöne sygyr, gäwmiş we düýe ýaly maly ýedi adam bolup, umumylykda üle görnüşli gurbanlyk çalyp bilerler. Ýedi adamdan geçmezlik şerti bilen, umumy şärikleriň täk ýa-da jübüt bolmaklarynyň tapawudy ýokdur.

Umuma şärik boljaklaryň hemmesi bilelikde gurbanlygy satyn alarlar ýa-da özara maslahatlaşyp, içinden birine gurbanlygy satyn almak barada ynanç bildirerler. Bir adamyň satyn alan malyna soňradan hem şärik bolup bilerler, ýöne bu ýagdaý mekrudyr.

Şärikleriň hemmesi ugurlary tapawutly bolsa-da, muňa ýörite gurbanlyk niýeti bilen gatnaşmaklary hökmanydyr. Mysal üçin, şäriklerden biri wajyp bolan gurbanlyga, beýlekisi aýdylan gurbanlygyna, ýene biri-de nepil gurbanlyga niýet eden bolsalar, umuman alanyňda hemmesi ybadat niýeti bilen gatnaşýar. Ýöne şäriklerden haýsydyr biri ybadat niýeti bilen däl-de, et almak maksady bilen gatnaşýan bolsa, onda bu hakyky bolmaz, beýlekiler-de niýet eden gurbanlygyny çalan hasap edilmeýär.

Gurbanlyga päsgelçilik döredýän we döretmeýän ýagdaýlar

Gurbanlyk bir ybadatdyr, şonuň üçin gurbanlyk mallary kemçiliksiz bolmalydyr. Käbir kemçilikler malyň gurbanlyk edilmegine päsgelçilik döredýärler. Şunuň ýaly kemçilikler şulardan ybaratdyr:

-        Iki ýa-da bir gözi kör bolan mallar,

-        Süňklerinde ýilik galmajak derejedäki arryk galan mallar,

-        Çalynjak ýerini ýöräp gidip bilmejek agsak mallar,

-        Gulagynyň we guýrugynyň üçden bir bölegi gopan mallar,

-        Dişleriniň ýarysyndan köpüsi düşen mallar,

-        Dogabitdi gulagy bolmaýan mallar,

-         Ýelniniň ujy kesilen mallar,

-         Goýun we geçide bir, sygyrda iki emjegi guran mallar,

-         Şahlarynyň biri ýa-da ikisi düýbünden döwlen mallar,

-         Derman bilen süýdi kesilen mallar,

-         Dürli ýaramazlyklary iýip, belli bir wagtlap, bejerilip, soň iýmitlendirilmäge başlan mallar,

-         Burny kesilen mallar,

-         Diliniň köp bölegi kesilen mallar,

-         Ölüm howply hassa bolan mallar gurbanlyk edilip çalynmaýar. Kelek, şahsyz ýa-da şahy biraz döwlen, dişlerinden käbiri düşen mallaryň gurbanlyk edilmegi ýerliklidir. Garrylygy sebäpli süýtden we dölden çykan, gulagy ýarylan, dilinen döwülen we gölgesi bolan mallary gurbanlyk etmek ýerlikli bolsa-da, mekrudyr.

Gurbanlygyň hakyky bolmagy üçin gerekli şertler

Gurbanlygyň hakyky bolmagy üçin gerekli şertler şulardan ybaratdyr:

1.Gurbanlyk ediljek malda gurbanlyk edilmegine päsgelçilik döretjek zatlar bolmaly däldir.

2.Gurbanlyk öz bellenilen wagtynda çalynmalydyr. Gurbanlyk çalma günleri baýram namazy okalan ýerlerde namazdan soňra başlap, baýramyň başky üç günüdir. Arefe güni (baýramdan öňki gün) ýa-da baýramyň başky üç gününden soňra gurbanlyk çalynmaz. Bu hakynda bir hadys-y şerifde:

“Bu günümizde öňi bilen ediljek iş namaz okamakdyr. Ondan soňra öýlerimize gaýdyp, gurbanlyk çalmakdyr. Her kim şeýle etse, sünnetimize oňat iş etdigi bolardy. Kimde kim gurbanlygy öň çalsa, ol diňe maşgalasyna hödürlän eti bolar, gurbanlyga gatanç däldir” (Buhary, Adahy, 1; Müslim, Adahy, 1) diýilýär.

Gurbanlygyň özeni (rüknü)

Gurbanlygyň özeni gurbanlyk edilmegi ýerlikli hasap edilen mallarynyň birini gurbanlyk çalmakdyr. Maly soýman, diri görnüşde ýa-da onuň bahasyny pul görnüşde ýoksula bermek bilen gurbanlyk ybadaty berjaý edilip bilinmez. Beýle ýagdaýda diňe sadaka bolar. Gurbanlyk edilmek üçin satyn alnan mal haýsydyr bir sebäp bilen çalynman, baýram günleri çykan ýagdaýynda, eger mümkin bolsa, diri görnüşde, mümkinçilik bolmasa, ýagny satyn alynmadyk bolsa, onda onuň bahasy sadaka hökmünde garyp-gasarlara, ýoksullara berilmelidir, geljek ýyla galdyrylmaly däldir. Mal diri görnüşde garyba berilse, onda onuň etinden gurbanlygy garyba beren adam iýmeli däldir.

Kimler gurbanlyk çalar?

Gurbanlygy çalyp bilýän bolsa, onda onuň özi, çalyp bilmeýän bolsa, onda başga bir çalyp bilýäne wekilçilik ynamyny bildirip, şoňa çaldyrar we özi hem şol ýerde bolar. Çünki pygamberimiz gyzy Patma:

“Gurbanlygyň çalynýan wagty şol ýerde bolgun. Çünki eden her bir günäň gurbanlygyň ganynyň birinji damjasy ýere daman dessine bagyşlanýandyr” (Mejmauz-Zewaid we Menbaul-Fewaid, j.6, s.17 (Hadysy Taberany aýdypdyr).) diýipdir.

Pygamberimiziň-de gurbanlygyny çaldyrmak üçin wekilçilik ynamyny berendigi bilinýär.

Gurbanlyklaryny bolan ýerinden başga ýerde çaldyrmak isleýänler öz tanyş adamlaryna wekilçilik ynam bildirmek şerti bilen ýola goýup bilerler.Gurbanlyklary musulman bolan erkekler we zenanalar çalarlar.

Her näçe derejede mukaddes kitabyň usulyna görä halal diýilse-de, gurbanlyk bir ybadat bolandygy üçin, mümkin boldugyça, ony musulmanyň çalmagy has amatly hasaplanylýar.

Gurbanlyk nähili çalynýar?

Maly ynjytman, gurbanlyk çalynjak ýere äkitmeli. Düýeden beýleki mallar kybla tarap, çep ýanyna usullyk bilen ýatyrmaly. Aňsat we ýeňil bolmagy üçin, malyň üç aýagyny güýülmeli. Ondan soňra gurbanlygy çaljak adam: (Enam, 6 / 162–163) Aýat-y kerimesi bilen  “Allahü ekber, Allahü ekber, la ilahe illallahü wellahü ekber, Allahü ekber we lillallahil-hamd. Bismillahi Allahü ekber” diýip, arasyny kesmän yzygiderli aýtmaly, soňra uly we ýiti pyçak bilen malyň damagyny çalmaly.

Bu aýat-y kerime bilen dogany okaman, diňe “Bismillahi Allahü ekber” ýa-da “Bismillah” diýip çalsa-da ýeterlik hasap edilýär.

Usulyna görä gurbanlyk çalmak üçin, malyň bokurdagy, gyzylödegi we iki sany uly damarynyň birbada kesilmegi zerurdyr. Malyň doly jany çykmazdan, kellesini kesip aýyrmak we derisini ýüzüp başlamak mekrudyr.

Gurbanlyk soýlandan soňra eýesi Allanyň razylygy üçin iki rekagat namaz okamaly, soňra-da doga aýdyp, beýik Biribardan ýagşy dileg etmeli.

Gurbanlyk etiniň üleşigi (Paýlanşygy)

Düýe we sygyr ýaly mallar üle görnüşinde şäriklige görä gurbanlyk edilen ýagdaýynda, etleri şärik bolanlaryň arasynda çenek bilen däl, eýsem çekilip, deň agramlykda üleşiler. Ýöne bir maşgala degişli bolsa, onda üleşigiň geregi ýokdur.

Başga bir tarapdan üle görnüşinde şäriklige görä gurbanlyk çalanlar gurbanlyk etini tutuşlygyna garyplara paýlajak bolsa ýa-da bir gurama berjek bolsa, onda bu ýagdaýda-da gurbanlygyň etini üleşdirmegiň geregi ýok.

Gurbanlygyň etiniň hemmesini garyplara sadaka hökmünde paýlamak ýa-da özi we çagalary üçin almak ýerlikli bolsa-da, iň amatlysy, ony üç bölege bölüp, bir bölegini gurbanlyk çalmaýan garyplara sadaka hökmünde paýlamak, bir bölegini-de dogan-garyndaşlaryňa, tanyş-bilişlerine, goňşy-golaňlara hödür-kerem etmek, galan bölegini-de öz maşgalasy, çagalary bilen iýmekdir.

Musulman bolan goňşulara gurbanlyk etinden hödür etmek ýerlikli bolşy ýaly, musulman bolmaýan goňşulara-da hödür-kerem etmek ýerlikli hasaplanylýar.

Eger gurbanlyk çalan adam köp maşgalaly bolsa, hal-ýagdaýy-da onçakly öwerlikli däl bolsa, onda eti sadaka hökmünde paýlaman, çaga-çugasy, agtyk-çowlugy almagy has amatlydyr.

Gurbanlygyň derisi hakynda

Gurbanlygyň derisini namazlyk ýa-da öýde başga zat üçin ulanmaklygyň ýerlikli bolşy ýaly, ony bir garyba ýa-da haýyr iş üçin işleýän bir gurama bermek hem amatlydyr.

Gurbanlygyň derisi gurbanlygyň bir bölegi bolandygy sebäpli, ony satmak ýerlikli däldir, gurbanlygy çalana gassap haky diýip bermek-de dogry bolmaz.

Bu hakda hormatly pygamberimiz: “Gurbanlygyň derisini satan adamyň gurbanlygy ýokdur, ýagny gur- banlyk kesen hasap edilmez” (Et-Tergi wet-Terhib, j. 2, s.156 (Hadysy Hakim aýdypdyr).) diýipdir. Pygamberimiziň bu sözleriniň üsti bilen, gurbanlygyň derisini satyp, onuň puluny almaklygyň dogry bolmadygy beýan edilipdir.

Eti garyplara paýlanylmagy zerur bolan gurbanlyklar

Käbir gurbanlyklaryň etini tutuşlygyna garyplara paýlanylmagy ýa-da iýdirilmegi zerurdyr. Bu gurbanlyklar şulardyr:

a.       Adak gurbanlygy, muny aýdan adam we onuň maşgalasy iýmeýär, bu gurbanlyk tutuşlygyna garyp-gasarlara paýlanylýan gurbanlykdyr.

b.      Bir adamyň dirikä eden wesýetine görä, ölenden soňra mirasdüşerleri tarapyndan malynyň üçden bir böleginden çalnan gurbanlykdyr. Bu gurbanlykdan-da aradan çykanyň mirasdüşerleri bilen gurply adamlar iýmezler. Muny hem ýoksul adamlara paýlamak zerurdyr.Ýöne aradan çykan wesýet etmedik bolsa, mirasdüşerleri tarapyndan oňa hudaýýoly berse, onda onuň etinden iýip bilerler.

c.       Gurbanlyk günlerinde haýsydyr bir sebäp bilen çalynmadyk we sadaka hökmünde berilmegi zerur bolan gurbanlyk. Bu gurbanlygyň etinden hem iýilmeýär, ol garyp-gasarlara paýlanylýar.

d.      Şärik görnüşde gurbanlyk çalanlaryň bir bölegi boýun borjy, ýene bir bölegi bela-beter, heläkçilik ýaly zatlara niýet eden bolsa, bu malyň eti gurbanlyk çalanlar we ýakynlary tarapyndan iýilmeýär; onuň hemmesi sadaka hökmünde paýlanylýar. Çünki gurbanlyk baýramy günlerinde çalynmaýan gurbanlyk kaza edilmeýär. Bu gurbanlyk bolmak ýagdaýyndan çykýar, sadaka öwrülýär. Şol sebäpli nusgamyzda sadaka mysalyndaky paý gurbanlyk bolmaýandygy üçin (paýlardan biriniň et maksady bilen çalnan ýagdaýynda bolşy ýaly) boýun borjy niýeti bilen çalnan paýlary-da gurbanlyk bolmakdan çykarýar.

“Akika” (Çagalara aýdylan) gurbanlygy

Täze doglan çaga üçin çalnan aýdylana “akika” gurbanlygy diýilýär.

Yslamdan öň, jahyllyk döwründe Araplar gyz çagany islemeýärdiler, hatda gyz çagalary diriligine ýere gömerdiler. Erkek çagalar üçin bolsa “akika” aýdylany bererdiler.

Pygamberimiz gurbanlygy Alla şükür etmek maksady bilen hem erkek hem-de gyz çagalary üçin çalynmagy görnüşinde getirip, öň ýerine ýetirilýän köne düzgüni üýtgetdi we basgylamak, äsgermezlik manysyny özünde birleşdirýän “akika” sözüni-de “taat” (ybadat) manysyndaky “nesike” (çaga üçin aýdylan) sözi bilen çalşyrdy. Täze doglan çaganyň ýedinji güni bir goýun ýa-da geçi soýup, zyýapat bermek, çaganyň galpagyny syrdyrmak oňat däpdir. Muny halaýan eder, halamaýan-da etmez.

Mäliki we Şafi messeplerine görä, şatlykly wakadyr, Hanbelilere görä-de sünnetdir.

“Nesike” gurbanlygy çaganyň doglan gününiň ýedinji güni ýa-da on dördünji güni, ýa bolmasa ýigrimi birinji güni çalynýar. Iň amatlysy ýedinji günüdir.

Çaganyň doglan gününden başlap, ese-boýa galýança hem yzygiderli berjaý edilip biler.

Çalnan bu gurbanlygyň eti iýilýär we başgalara sadaka hökmünde- de berilýär.