Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » BOÝ TÄRET (GUSUL)

Gusul (boý täreti) bedeniň her bir tarapyny ýuwmak, suwa düşmek diýmekdir. Muňa “taharet-i kübra=uly tämizlik, boýdan-başa arassaçylyk” we bu arassaçylygyň berjaý edilmegini ýüze çykarýan ýagdaýlara hem “hades-i ekber=uly hapaçylyk,boýdan-başa kirlilik” diýilýär.

Boý täretini emele getirýän ýagdaýlar

Boý täretini emele getirýän ýagdaýlar şulardyr:

1. Ellemek, seretmek, oýlanmak we berjaý etmek (düýşüňde jynsy gatnaşykda bolmak) şerti bilen jynsy islegiň höwes edilmegi bilen emele gelen döl suwuklygynyň daşary çykmagy we kämillik ýaşynda bolan erkek we aýalyň jynsy gatnaşyk etmekligine degişli ýagdaýlar jünüpligi (hökmany arassalanmak düzgüni) emele getirýän ýagdaýlarynda suwa düşüp arassalanmak parz bolar.

Jynsy gatnaşykda bolan erkek we aýal (bu gatnaşyk az ýa-da kän bolmaklygyna garamazdan) döl suwuklygy gelmedik halatynda-da olaryň ikisi hem doly arassalanmaklyga, suwa düşmeklige, boýdan-başa ýuwunmaklyga mejburdyr. Döl suwuklygy joşup gelýän we ten gatnaşygynyň jyns organy bilen daşary çykýan goýy ak reňkli bir suwuklykdyr.

Düýşünde ýüze çykan ýa-da jynsy gatnaşykda bolan adam peşew etmezden ýa-da ep-esli ýöremezden hatda uklaman suwa düşenden soňra hem özünden döl suwuklygynyň galan mukdary çyksa, onda ýene gaýtadan boýdan-başa suwa düşmekligi zerurdyr.

Peşew edeninden ýa-da ep-esli ýöräninden, şeýle hem ýatyp turanyndan soňra ýuwnan ýagdaýynda galan suwuklygyň çykmaklygy sebäpli gaýtadan ýuwunmaklygy zerur däldir.

Bir adam ukudan turanynda, düýşünde jynsy gatnaşykda bolandygyny ýatlasa we endamynda hem öl yzyny, suwuklygyň yzyny görse, onda onuň boý täret almagy,suwa düşmegi hökmanydyr.Ukudan turup, düýşünde jynsy gatnaşykda bolandygyny ýadyna düşmeýän adam hem üstünde öl görse, ýene boý täret almaklygy zerurdyr. Eger üstünde nem,öl bolmasa, onda ýuwunmaklygy hökman däldir.

Täzelikde musulman bolan adamyň (jünüp bolsa) boý täret almaklygy parzdyr. Aýbaşy ýa-da göwreli wagtynda musulman bolan bir aýalyň-da aýbaşy ýa-da göwrelilik ýagdaýlary gutarýança boý täret almaklygy zerurdyr.

Mezi: jyns organyndan jynsy gatnaşyksyz çykan açyk ak reňkli bir suwuklykdyr.

Aýal-gyz bilen oýnaşmaklyk wagtynda jyns organyndan öz-özünden geler we ynsan köplenç onuň ýüze çykanyny hem duýmaz. Meziň gelmekligi boý täreti talap etmez, ýöne ol täreti bozar.

Wedi: Peşewiň yzyndan jyns organyndan çykan goýy we bulanyk bir suwuklykdyr. Wediniň çykmagy sebäpli boý täret talap edilmez.

2. Aýbaşy ganynyň kesilen wagty.

Her aýda belli wagtlarda aýal-gyzlarda aýbaşy ýagdaýynyň gutaran wagtynda boý täret alynmalydyr.

3.Dogum wagtyndaky gan kesilende. Çaga dogran aýallarda göwrelilik ýagdaýynyň gutaranynda boý täret almaklary parzdyr.

Boý täretiniň parzlary

Boý täretiniň parzlary üç sanydyr:

1. Agzyňa suw alyp, bokurdaga çenli çaýkamak,

2. Burnuňa suw çekip, oňat ýuwup arassalamak,

3. Tutuşlygyna, gury ýer goýman, doly suwa düşüp ýuwunmak.

Boý täretinde suwy saçlaryň düýbüne, sakal, murtdur gaşlaryň aşagyna çenli ýetirmeli, göbek boşlugy we gulaklaryň içki bölegi-de ýuwulmaly. Gulakhalka deşiklerine-de suwuň barmagyny üpjün etmeli, eger bar bolsa,onda gulakhalkany ýerinden oýnatmaly, gulakhalka bolmasa, onuň deşiklerine-de suw barar ýaly etmeli. Gulakhalka deşigine çöp sokmaly däl. Barmaklarda gysby bolan ýüzügiň hem oýnadylyp aşagy ýuwulmalydyr.

Dişleriň arasynda galan et ownuklary çykarylyp, dişleriň arasy arassalanmalydyr. Endama ýapyşan we suwuň geçmegine päsgel berýän zatlar aýrylmalydyr.

Boý täretiniň sünnetleri

1.“Bismilla” bilen başlamak.

2. Boý tärete ýörite niýet etmek.

3. “Bismilla” bilen niýeti boý täretden öň, elleriňi ýuwýan wagtyň aýtmak.

4. Elleriňi ýuwmak we bedeniň haýsy hem bolsa bir ýerinde hapadyr kir bar bolsa, ilki bilen olary arassalamak.

5. Uýat (edep) ýerleriňi hapa bolmasa-da ýuwmak.

6. Boý täretden öň täret kylmak.

7. Täretde (ýuwlan ýerde suw birikýän bolsa), onda aýaklaryň ýuwulmagyny yza goýmak, suw birikmeýän bolsa, onda aýaklaryňy hem ýuwmak.

8.Iýniňe üç gezek suw almak we her sapar alanyňda endamyň hemme ýerine ýetirmek.

9. Suw almaga başyňdan (depäňden) başlamak, soňra sag egniňe, onuň yzyndan çep egniňe almak.

10. Suwy ilki sapar dökeniňde endamyňy owkalamak.

11. Boý täretde suwy isrip etmezlik, juda az ulanmazlyk (isrip meselesi akar suwy ulanmak üçin degişli däldir).

12. Suwa düşeniňden soňra, endamyňy (polotensa) ýa-da şoňa meňzeş mata-marlyk bilen süpürmek.

13. Hiç kimiň görmejek ýerinde suwa düşmek.

Boý täretiň edepleri

Täretdäki edep, düzgün-nyzam bolan zatlar boý täretde hem edeplilik hasaplanylýar. Ýöne boý täretde kybla tarapa öwrülmeli däldir. (uýat ýerleri örtüli bolsa onda zyýany ýokdur).

Boý täretiň mekrulary

Täretde mekru bolan zatlar boý täretde-de mekrudyr. Köp mukdarda doga okamak hem mekrudyr.

Boý täret şeýle berjaý edilýär

Ilki bilen “Bissimillany” okamaly “Kir-kimirdir hapaçylykdan arassalanmak üçin suwa düşmekligi niýet etdim” diýlip niýet etmeli. Elleriňi bileklere çenli ýuwanyňdan soňra bedeniň haýsy ýerinde kir-kimir, hapa bar bolsa, şolar arassalanmaly, soňra uýat ýerler ýuwulmaly.

Ondan soňra ýokarda beýan edişimiz ýaly, namaz täreti ýaly täret alynmaly.

Täret gutaranyndan soňra ilki, başyňa, depäňe, soňra sag egniňe,onuň yzyndan hem çep egne her birine üç sapardan suw guýulyp, endamyňy oňat ýuwmaly. Her bir gezek suw guýulanynda, suw bedeniň hemme ýerine ýeter ýaly owkalamaly. Iňňän ujy ýaly hem gury bir ýer galdyrmaly däldir, şeýdip bütin bedeniň her bir tarapyny üç gezek oňatja ýuwmaly.

Ýuwnan wagyňda suwy saçlaryň düýbüne, sakgaldyr murtuň we gaşlaryň aşaklaryna, göbek boşlugyna, gulaklaryň içki böleklerine we gulak halka deşiklerine çenli ýetmelidir.

Barmaklardaky dar bolan ýüzükler ýerinden oýnadylyp, onuň aşaklary ýuwulmaly. Endama ýapyşan we suwuň bedene barmagyna päsgelçilik bolanýan zatlar ýuwlup aýrylmaly. Dişleriň arasynda galan nahar, etdir çörek galyndylaryny arassalamaly.

Boý täret alynýarka, suwa düşülýärkä, doga okamaly däl, uýat ýerlerinň örtüli bolmasa, kybla tarapa bakmaly däl, ýerliksiz ýere geplemeli däl.

Parzlaryna, sünnetdir edeplerine oňyn bolan boý täreti şeýledir.

Boý täret almagy, suwa düşmegi zerur bolan bir adam agzyna we burnuna suw alyp oňatja ýuwanyndan soňra, akar suwa, deňizdir uly howza girip bedeniniň her tarapyny oňat öllese boý täret aldygydyr.

Boý täretiň görnüşleri

Boý täretiniň üç görnüşi bardyr:

1.Parz bolan boý täret: Ýokardaky görnüşde beýan edilişi ýaly;

a.       Erkek we aýalyň jünüp bolmagy.

b.      Aýallaryň aýbaşy ýagdaýynyň gutarmagy.

c.       Çaga dogran aýallaryň çilelikleriniň tamamlanmagy bilen boý tä- ret almagy parzdyr.

2. Sünnet bolan boý täret: Boý täret etmekligiň parz ýagdaýlary bolmadyk wagtynda şu aşakdaky halatlarda boý täret almak sünnetdir:

a.       Juma namazy üçin,

b.      Baýram namazlary üçin,

c.       Hajy we Umra için yhrama gireniňde,

d.      Hajylyk wezipesini ýerine ýetiren adamyň öýle wagtyndan soňra Arafatda.

Özünden gideninden soňra essine gelen adam, serhoşlukdan açylan, öli ýuwan, günäsinden toba eden, arassa wagtyndaka (öňinçä boý täret alan) musulmanlygy kabul eden, ýoldan gelen, bir jemgyýete giden, täze egin-eşik geýen, ýagmyr dogasyna çykan, Berat we Gadyr gijelerine gowuşan adamlaryň boý täretlerini etmegi hem mendupdyr.