Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Oraza aýyndaky orazasyny başga bir zamanda tutmaklygy ýerlikli hasaplaýan ýarawsyzlar

Ýarawly bolup, Oraza aýynda oraza tutmazlyk hem günädir, hem-de jezasy bardyr. Ýöne bir adam aşakdaky ýagdaýlarda Oraza aýynda orazasyny tutman biler ýa-da başlan orazasyny bozup biler. Şeýle halatda soňunda ilkinji pursatda tutmadyk orazalary öwezödeme bilen (kaza) berjaý etmegi zerurdyr.

1.Hassalyk: Bir hassa, ýarawsyz adam oraza tutan ýagdaýynda keseliniň artmagyndan, beterlemeginden ýa-da uzak wagtlap dowam etmeginden gorkýan bolsa, onda oraza tutman biler. Keselinden gutulanyndan soňra orazalarynyň öwezini ödär, kaza eder. Hassa seredýän adam hem şeýledir. Ýöne hassa seretmeklige mejbur bolan adamyň oraza tutmagy bilen hassa zerur bolan gözegçilige päsgel berip, hassanyň ýagdaýy agyrlaşjak bolsa, onda ýokarda bellenilişi ýaly, hassa seredýän adam oraza tutmaz. Şeýle ýagdaýdaky bir howplulyk ýok bolsa, onda hassa seredýän adam güýjüniň ýetişine görä orazasyny tutmagy zerurdyr, başga bir wagta geçirip, orazany gijikdirmegi dogry bolmaz.

2. Ýolagçylyk, sapara çykmak: Oraza aýynda takmynan 90 km. aralyga ýolagçylyga, sapara çykan adam oraza tutman biler. Ýolagçylyk, sapar tamamlanan halatynda oraza tutmadyk günleri öwezödeme (kaza) eder. Oraza tutmaklygynda bir kynçylyk ýok bolsa, onda ýolagçynyň oraza tutmagy has-da haýyrlydyr.

3.Howp salynmak: Orazany bozmak üçin ölüm bilen ýa-da saglyga bir zyýan berilmek bilen howp salnan adam orazasyny bozup biler. Bozan orazasyny soňra tutar.

4.Göwreli we emzikli ýagdaýynda bolmak: Göwreli ýa-da emzikli ýagdaýynda bolan bir aýal maşgala oraza tutan halatynda özüne we çagasyna zyýan geljeginden gorksa, onda oraza tutman biler. Göwrelilik we emziklilik ýagdaýy tamamlanan dessine oraza tutmadyk günlerini öwezödeme (kaza) eder.

5.Güýçli açlyk we suwsuzlyk: Orazaly, agzy bekli bir adam açlyk ýa-da suwsuzlyk sebäpli akylynyň çaşmagyndan ýa-da saglygyna agyr bir zyýan geljeginden gorkýan bolsa, onda orazasyny bozup biler. Soňra amatly bir wagtda tutmadyk orazalaryny öwezödeme (kaza) eder.

6.Garrylyk we tapdan gaçmaklyk: Gün-günden gitdigiçe tapdan gaçan we oraza çydamaýan halys garran adamlar oraza tutman bilerler. Bular soňra hem orazany öwezödeme edip bilmejekleri üçin oraza tutmadyk her bir gününiň ýerine töleg hakyny bererler. Bu töleg hakyny keselden gutulma umydy bolmaýan hassalar hem berip biler.

Boýunborjy tölegi (Fidýe)

Oraza tutmaga güýji ýetmeýän tapdan düşen we has gartaňlaşan adamlar bilen oňatlaşmak umydy bolmaýan agyr hassalar Oraza aýynyň her bir güni üçin bir boýunborjy töleg bererler. Tölegiň mukdary edil başpitre ýalydyr. Bu tölegler Oraza aýynyň başlangyjynda berlip bilnişi ýaly, Oraza aýynyň içinde ýa-da ahyrynda-da berlip bilner.

Islese boýunborjy töleginiň hemmesini bir garyp-gasara tutuş görnüşinde berer, bolmasa-da aýry-aýry garyp-gasarlara paýlap berer. Şeýle ýagdaýda bolan adamlar töleg bermäge güýji ýetmeýän bolsa, onda Allatagaladan bagyşlanmalaryny islärler. Oraza tutmaga güýji ýetmeýän gurbatsyz garrylar bilen oňatlaşma umydy bolmaýan agyr hassalar eger geljekde oraza tutup biljek ýagdaýa ýetseler, onda tutmadyk orazalaryny öwezödeme (kaza) etmekleri zerurdyr. Öňünden beren tölegleriniň ýörgünliligi galmaz, bular nepil bagyş tölegi hasaplanylar.

Öwezödeme (Kaza) we günäýuwma (Keffaret)

Öwezödeme (kaza): Bozulan orazanyň ýerine, ýagny gününe-gün görnüşinde oraza tutmakdyr.

Günäýuwma (keffaret): Bozulan bir gün orazanyň ýerine iki kamary aý ýa-da altmyş gün yzly-yzyna oraza tutmak diýmekdir. Şeýle hem bozulan orazanyň-da öwezödeme (kaza) edilmegi zerurdyr. Günäýuwma (keffaret) diňe Oraza aýynda tutulan orazanyň sebäpsiz, bilgeşleýin bozulmagynyň jezasydyr. Beýleki orazalaryň bozulmagy ýagdaýnda diňe öwezödeme (kaza), ýagny gününe-gün oraza tutmak ýeterlik hasaplanylýar.

Oraza aýyndaky oraza beýleki aýlarda kaza edil wagtynda bilgeşleýin bozulsa, onda ýene kaza (öwezödeme) geler, keffaret (günäýuwma) hökman däldir.

Keffaret orazasynyň ara wagt salmazdan yzygiderli tutuljagy üçin Oraza aýyna we oraza tutulmagy haram bolan günlere deň gelmezligi zerurdyr.

Keffaret orazasyna kamary aýlaryndan biriniň ilkinji gününde başlansa, iki aýlap yzygiderli görnüşde oraza tutular. Bu aýlardan ikisi-de ýigrmi dokuz günden ybarat bolsa-da iki doly aý oraza tutulandygy üçin keffaret tamamlanan hasaplanylar.

Aýyň ilkinji güni däl-de, beýleki günlerden tutulyp başlansa hiç hili ara wagt salmazdan 60 gün oraza tutulyp günäýuwma (keffaret) tamamlanylar. Haýsydyr bir sebäp bilen keffaret orazasynyň arasyna wagt salynsa ýa-da kem tutulsa, onda ony gaýtadan başlap, altmyş güni hiç hili kemçiliksiz doldurmak zerurdyr. Zenanalar günäýuwma (keffaret) orazasyny tutan wagtynda arasyna giren aýbaşy günlerini tutmazlar, aýbaşy ýagdaýy gutaran dessine ara wagt salmazdan tämiz,arassa günlerinde dowam edip, 60 güni tamamlarlar. Zenan maşgala aýbaşy gutaran ýagdaýynda tämiz günlerinde oraza tutman, keffaret orazasyna arakesme berse, onda keffarete gaýtadan başlamagy zerurdyr.

Şol Oraza aýynda ýa-da başga Oraza aýlarynda birnäçe sapar keffaret (günäýuwma) orazasyny ýüze çykarjak görnüşde orazasyny bozan adam üçin bularyň hemmesiniň öwezine bir keffaret ýeterlik hasaplanylýar. Ýöne keffareti berjaý edeninden soňra, ýene bilgeşleýin orazasyny bozsa, onda şol sebäpli aýratyn keffareti berjaý eder.

Tapdan gaçan garry ýa-da hassa bolup, keffaret orazasyny tutmaga güýji ýetmeýän adam günäýuwma (keffaret) hökmünde altmyş sany garypgasary ertir we agşam iýdirip doýrar ýa-da nahar pulyny garyp-gasaryň eline berer. Her günlük iýjegi bir başpitre mukdarydyr. Başpitre mukdaryndaky bu puly aýry-aýry altmyş sany garyp-gasara berip bilşi ýaly, her gün bir başpitre mukdaryndaky puly 60 günde bir garyp-gasarada berip biler.

Altmyş günlük azyk ýa-da başpitre mukdary bolan puly bir günde bir berse, onda şol pul diňe bir günlügiň ornuna geçerlidir.