Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Haj kimlere parzdyr?

Hem mal, hem-de beden bilen edilýän ybadat bolan haj esasan şu şertleri bolan adamlara parzdyr:

1.                 Musulman bolmak.

2.                 Akylly bolmak.

3.                 Kämillik ýaşyna ýeten bolmak.

4.                 Azat, erkin bolmak.

5.                 Hajyň parz bolandygyny bilmek. (Bu musulman bolmaýan ýurtlarda musulmanlygy kabul edenler üçindir. Yslam ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar babatda beýle bir şert goýulmaýar.)

6.                 Asyl ätiýaçlaryndan başga, haja gidip gelýänçä özüniň we garamagynda jogapkärçiligi boýnunda bolan maşgala agzalarynyň gündelik durmuşy üçin gerekli zatlara eýe bolmak.

7.                 Haj ýolagçylygy üçin gerekli serişde we ýol çykdajylaryny tölemäge ýeterlik puly bolmak.

8.                 Hajyň berjaý edilýän wagtyna ýetişip bilmek.