Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Hajyň hakyky bolmagynyň şertleri

Hajyň edasynyň şertleri

Ýokarda bellenilip geçilen şertlerden başga-da hajylyk wezipesini berjaý etmek üçin käbir nepil şertler hem bardyr. Olara hajyň edasynyň (edepli berjaý ediliş) şertleri diýilýär we şulardan ybaratdyr:

1. Beden taýdan sagdyn bolmak. Kör, ýarawsyz, ysmaz we haj ýolagçylygyna çydap bilmejek derejede hassa we garry bolmazlyk.

2. Türmede bolmak ýaly haja gitmeklige bir garşylygy bolmazlyk.

3. Ýol ynamdarlygy bolmak.

4. Aýalyň ýanynda adamsy ýa-da öýlenmegi ýerlikli bolmaýan ýakyn dogan-garyndaşy bolmak. (Hanefi messebinde ýanynda adamsy ýa-da öýlenmekligi ýerliksiz hasap edilýän bir dogan-garyndaşy bolmaýan aýalyň dini taýdan sapar hasaplanylýan bir aralyga ýolagçylyk etmegi dogry däldir. Şafy messebinde bolsa ýanynda adamsy ýa-da dogan-garyndaşy bolmaýan aýal ynamdar zenanalar bilen bilelikde ýola çykyp, parz bolan hajylyk wezipesini berjaý edip biler. Häzirki wagtda-da şundan ugur alynýar. Bu Şafy messebinde parz bolan haj we umre üçin ýörgünlidir. Nafile haj we umre üçin bolsa ýanynda adamsy ýa-da dogan-garyndaşy bolmaýan bir aýalyň ýolagçylyk etmegi Şafy messebine görä-de dogry däldir.)

5.Adamsy aradan çykan ýa-da adamsyndan aýrylyşan aýalyň talak müddeti gutaran bolmak.

Hajyň hakyky bolmagynyň şertleri

1. Musulman bolmak.

2. Akylly bolmak.

3. Ihrama girmek.

4. Hajylygy bellenilen wagtynda berjaý etmek.

5.Wakfe (durma ýeri), togap (aýlanma ýeri) we saý (ýorgalama ýeri) ýaly ybadatlaryň her birini bellenilen öz ýerinde berjaý etmekdir.

Hajyň wagty

Hajyň we hajylyk wezipesini berjaý etmekligiň öz bellenilen wagty bardyr. Haj hut şol bellenilen wagtynda berjaý edilýär. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Haj bilinen ýörite aýlardadyr.” (Bakara, 197)

Haj aýlary hajylyk ybadatlarynyň başlap dowam edýän wagty Şewwal (Baýram aýy), Zilkade (Boş aýy) aýlary bilen Zilhijjäniň (Gurban aýy) birinji on günüdir. Haj bu aýlarda berjaý edilýär.

Hajyň parzlary

Hajyň parzlary biri – şert, ikisi – rükün (göwnüň berip edilýän ybadat) ybadatdan emele gelip, jemi üç sanydyr:

1. Ihrama girmek (şertdir)

2. Arafatda wakfe (ýörite durma ýerinde) bolmak.

3. Käbä togap (mukaddes daşyň daşyndan aýlanma ybadaty) etmek.