Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » NAMAZYŇ KÖPÇÜLIK BOLUP OKALMAGY

Köpçülik bolup namaz okamagyň ähmiýeti

Dinimiz köpçülik bolup namaz okamaklyga uly ähmiýet we üns berýär. Köpçülik bolup namaz okaýan musulmanlar biri-birleri bilen ýakyndan tanyşýarlar, ysnyşýarlar, bilmeýänler bilýän adamlaryň biliminden peýdalanýarlar, oňat endik edip, biri-birleri bilen öwrenişýärler, şeýdip wagtyň geçmegi bilen ýaramaz endiklerinden saplanýarlar.

Köpçülikleýin bolmaklygy dowam etdirip, musulmanlaryň arasynda ikitaraplaýyn mähirli gatnaşyk emele gelýär, doganlyk-dostluk we bir-birege hossarlyk etme düşünjeleri artýar, netijede ýeke özi namaz okandan, köpçülik bolup namaz okanlar has köp sogap gazanýarlar.

Bu babatda hormatly Pygamberimiz şu şatlykly habarlary berýär:  “Köpçülik bolup okalan namazyň sogaby ýeke-täk okalan namazdan ýigrim ýedi esse has artykdyr” (Buhary, Azan, 30; Müslim, Masajid, 42; Tirmizi,Salat, 161; Ibn Maje, Mesajid, 16.)

“Ýassy namazyny köpçülik bolup okan bir adam gije ýaryna çenli namaz okan ýaly bolar. Ertir namazyny köpçülik bilen okan bir adam hem tutuş gijäni namaz okan ýaly bolar.” (Müslim, Mesajid, 46; Tirmizi, Salat, 165; Ebu Dawut, Salat, 154.)

“Bir adam öýünde oňatja ardynyp, arassalanyp, Allanyň parzlaryndan birini berjaý etmek, ýerine salmak üçin metjitleriň birine gitse, äden ädimleriniň biri onuň günälerini bozar, ikinjisi-de onuň mertebesini beýgelder.” (Müslim, Mesajid,51.)

Parz namazlar özbaşdak hem okalar. Ýöne köpçülik bolup namaz okalmagy sünnet-i müekkededir.Metjide barmagyň ruhy taýdan gazanjy köpdür, köpçüligiň agzybirligini ýola goýmakdaky roly has-da uludyr.

Sünnet we nepil namazlar köpçülik bilen okalmaz. Ýöne tarawa namazy sünnet bolsa-da, özbaşdak-da, köpçülik bilen hem okalyp biler.Wajyp bolan witir namazy diňe Oraza aýynda köpçülik bilen okalar. Juma we baýram namazlary köpçülik bilen bile okalar, özbaşdak okalmaz.

Metjit we jemgyýetçilik edebi

Metjitler musulmanlaryň Alla ybadat eden ýerleridir. Ýer ýüzüniň iň abraýly we hormatlanylýan ýerleri bolan metjitlere “Allanyň öýi” diýilýär. Metjide ybadat üçin gelen musulman Allanyň zyýaratçysy we Taňry myhmany bolýandyr. Öý eýesi öýüne gelen myhmanlaryna hödür-kerem edişi ýaly, metjide gelen musulmanlara-da beýik Alla uly egilşik etjekdir, tükeniksiz ýagşylyklary eçiljekdir. Pygamberimiz bu babatda şeýle diýipdir:  “Öýünde oňatja täret alyp, metjide gelen adam Allanyň zyýaratçysydyr. Zyýarat edene Alla hödür-kerem etjekdir.” (Et-Tergib wet-Terhib. J.1, s.214)

Metjitlere homat goýmak her bir musulmanyň wezipesidir. Bu wezipeler gysgaça şulardan ybaratdyr:

1.      Metjide täretli görnüşde, arassa we ilhalar egin-eşikli barylmalydyr.

2.      Metjide ilki sag aýagyňy ädip girmeli we giren dessiňe-de Pygamberimize salawat okalmalydyr.

3.      Metjiden çykan wagtyňda ilki çep aýagyňy daşaryk ätmelidir.

4.      Aýaklary we joraplary hapa görnüşde metjitdäki halylardyr kilimlere basmaly däldir.

5.      Bir ötünji bolmasa, metjitde aýaklaryňy deň salyp, uzadyp oturmaly däldir, gygyryp gürlemeli däldir, galmagal etmek, gündelik durmuş hakynda söhbet etmek ýaly halanylmaýan hereketlerden gaça durmalydyr.

6.      Sogan, sarymsak iýip, agzyňy porsadyp, metjide baryp adamlary biynjalyk etmek, gägirmek we ýanyňdakylara ýigrenji görünjek hereketleri etmekden gaça durmalydyr.

Metjitde Gurhan okalýan bolsa ýa-da wagyz-nesihat edilýän bolsa, onda üns berip hem-de oňa hormat goýup diňlemeli, metjide gijä galyp gelenler tapan boş ýerlerinde oturmaly, öň hatarlara geçmekçi bolup köpçüligi biynjalyk etmeli däldir.

Ymamda bolmaly häsiýetler

Ymam köpçülige namaz okadýan adam diýmekdir. Bir adamyň köpçülige namaz okadyp bilmegi üçin özünde esasan ýedi sany şertiň bolmagy zerurdyr.

Bu şertler şulardan ybaratdyr:

1.      Musulman bolmaly.

2.      Kämillik ýaşyna ýeten bolmaly. Kämillik ýaşyna ýetmedik bir çaganyň yzynda durup namaz okamak jaýyz hasaplanylmaýar.

3.      Akylly-başly bolmaly. Aklly-başly bolmaýan ýa-da akyly ýerinde bolmadyk adamyň namazynyň oňyn hasap edilmeýşi ýaly, şeýle adamyň ymamlyk etmegi hem dogry kabul edilmeýär. Mysal üçin, däli we serhoş ýaly.

4.      Erkek bolmaly. Erkekleriň zenan maşgalalara uýup namaz okamaklary-da dogry hasaplanylmaýar, ýagny zenan maşgala erkeklere ymamlyk edip bilmez. Zenanalaryň öz aralarynda köpçülik bolup namaz okamaklary-da mekrudyr. Eger köpçülik bolup namaz okajak bolsalar, onda ymamlyk eden zenan maşgala öňde däl, eýsem olaryň arasynda durmalydyr.

5.       Namaz hakyky hasap ediler ýaly Gurhany ýatdan bilmeli.

6.      Özünde bir noksanlyk hassalyk, näsaglyk bolmaly däldir.Näsag, bolan adamyň dürli kemçiligine goramazdan özüniň boýun borjundaky namaz okap bilişi şeklinde okamagy sahyhdyr, yöne köpçülige ymam bolup bilmez. Ýöne özi ýaly näsag, kemli adamlara namaz okadyp biler. Sakaw ýa-da peltek bolan adam adaty sag adama ymamlyk edip bilmez.

7.      Namazyň şertlerinden biriniň aradan aýrylmazlygy. Meselem, nejasetden arassaçylyk namazyň bir şertidir.Üstünde namaza päsgelçilik berjek derejede hapa bolup, ony arassalar ýaly zat tapmaýan bir adam arassa, tämiz adamlara ymamlyk edip bilmez.

Bir ýerde wezipä bellenilen ymam bolmadyk halatynda ýygnanan märäkä aralaryndan bir ymamlyk eder. Şeýle ýagdaýda ymamlyk edip biljek ýa-da ymamlyk etmek isleýän adamlar birden köp bolsa, onda ymam boljak adamda belläp geçen aýratynlyklarymyzdan başga hem birnäçe özboluşlylyklar bolmalydyr.

Namaza degişli düzgünleri iň oňat bilen adam ymam bolar. Munda deňlik, ýagny ikisi-de deňderejeli bolsa, Gurhan okamagy has oňat bilen alynmalydyr, eger munda-da deňlik bar bolsa, onda haramlardan we şübheli zatlardan gaça duran adam ymam bolmaly, bu babatdan hem meňzeşlik bar bolsa, onda ýaşyna, edep-ekramyna, ilhalarlygyna, özüni alyp barşyna, at-abraýyna we gelip çykyşydyr maşgala-nesil daragtyna, owazyna, sypaýyçylygyna seredip ymam alynmalydyr, eger halys deňlikden gutulgysyzdyr öýdülse, “bijeli oglan aglamaz” diýlişi ýaly edip bije çekdiräymeli.

Bir ýerde wezipä bellenilen ymam bar bolsa, onda namazy şol ymam okadar. Yzyndaky märekede özünden has bilimli we Gurhany oňat okaýan bolsa-da, namaz okatmaklyk wezipesi ymamyň wezipesidir. Ýöne ymam islese, köpçülikden birini namaz okatmak üçin öňe geçirip biler.

Çalasowat we gözboýagçy biriniň ymamlyk etmegi mekrudyr. Gözi kör bolan bir adamyň ymam bolmagy mekru däldir, ýöne gözi gören adamyň bar ýerinde gözi görmeýäniň namaz okatmagy beden babatdan mekru hasaplanylýar. Kakasy belli bolmaýan “çöpdüýbi” hasaplanylýan çaganyňda (şeýle adamlaryň umuman alanyňda tälim-terbiýesiz boljakdygy sebäpli) ymamlyk etmegi mekrudyr. Ýöne bilimli we salyhatly adam bolsa, onda mekru däldir.

Ymamda bolan bir ýaramaz häsiýet sebäpli ony köpçülik islemeýän bolsa, onda şol ymamyň köpçülige namaz okatmagy mekrudyr. Eger özünde bir ýaramaz häsiýet ýok bolsa, betgylyk bolmasa ya-da özünden başga ymamlyga mynasyp biri bolmadyk halatynda onuň ymamlyk etmegi mekru bolmaz.

Ymamyň köpçüligi halys ýadatjak görnüşde namazy uzaga çekdirmegi mekrudyr. Çünki, beýle ýagdaý köpçüligiň darmagyna alyp barar, agzalalyga sebäp bolar. Pygamberimiz bu hakda şeýle diýipdir:

“Kimde kim ynsanlara ymamlyk edýän bolsa, namazy ýeňillik bilen okatsyn. Çünki, olaryň arasynda ýarawsyzy, çydamsyzy, hassadyr sökeli ýa-da ýaşulusy bardyr.Kimde kim namazy özbaşdak okaýan bolsa, isledigiçe uzaga çediri- bersin.” (Buhary, Azan, 21; Müslim. Salat, 37)

Namazda ymama uýmaklygyň hakyky bolmagy üçin birnäçe şertleri bardyr. Şol şertler şulardan ybaratdyr:

1.      Namaza başlan wagtyňda, hem namaza, hem-de ymama uýmaklyga niýet edilmegi zerurdyr.Ymamyň özüne uýan zenan maşgalalaryň namazynyň hakyky bolmaklygy üçin, olara ymam bolandygyna niýet etmekligi zerurdyr.

2.       Ymamyň köpçüligiň öňünde bolmagy.Başgaça aýdanymyzda, ymamyň ökjesi özüne uýan adamyň ökjesinden öňde bolmagy. (Mäliki messebine görä, ymamyň öňünde duranlaryň namazy hakyky hasaplanylýar. Ýöne bir mejbury ýagdaý bolmasa, köpçüligiň ymamyň öňüne geçmegi mekrudyr). Bu ýagdaý ymama uýanyň bir adam bolmagy üçindir. Ymama uýanlar bir adamdan köp bolsa, onda ymamyň yzynda durarlar.

3.       Ymam okan namazynyň ýagdaýy babatda köpçülikden aşakda bolmazlygy. Ymamyň nepil, köpçüligiň bolsa parz namazyny okamagy ýagdaýynda bolsa, parz namaz okaýan köpçülik, goşmaça namaz okaýan ymama uýmaz.

4.       Ymamyň okaýany parz namazy bolsa, köpçüligiň okaýan namazy başga bir namaz bolmaly däldir. Meselem, biri öýle namazynyň, başga biri bolsa, ikindi namazynyň parzyny ýa-da biri bu günüň öýle namazyny, beýleki biri bolsa başga bir günüň öýle namazyny okasa, onda parz görnüşinde hakyky bolmaz.

5.      Ymam bilen oňa uýan köpçüligiň arasynda gaýyk geçip biljek derejede uly derýa ýa-da maşyndyr araba geçer ýaly giňişlikdäki ýol çemesi aralyk bolmazlyk.Bu ýerde namaza päsgelçilik bolan zat iki hatar ýerleşer ýaly bir açyklyk,boşluk bolmagydyr. Eger ýol hatarlar bilen dolup, arada maşyn geçer ýaly ýol ýok bolsa, onda namaz hakykydyr. Metjidiň içinde birnäçe hatar açyklykdyr boşluk bolsa-da, ymama uýup namaz okalyp bilner. Metjidiň daş-töweregi-de metjide degişli hasaplanylýar.

6.      Ymam bilen köpçüligiň arasynyň zenan maşgalalaryň hatary bilen aýrylmazlygy.

7.      Köpçüligiň ymamyň namazdaky hereketlerini görmeklige päsgel berjek görnüşde beýik bir diwaryň bolmazlygy.

Ymamyň sesini eşidip ýa-da özüni görüp, namazdaky hereketlerine göz ýetirip bilýan bolsa, onda ymama uýmak dogrudyr. Ymamy görmeýän we sesini-de eşitmeýän adam köpçülikden birnäçe adamlary görüp, şolara görä hereket edýän bolsa, onda ýene ymama uýmaklygy dogry hasaplanylýar.

Bu ýagdaý şeýledir, ýagny, bir adam namazdaky gaýtalamalary ýa ymamdan ýa-da gaýtalamalary uzakda bolanlara eşitdirýän bir araçydan eşitse, metjide sepleşik bolan öýüň sekisinde ýa-da metjide sepleşik bolup, arada diwar bolan öýüň içinde metjitdäki ymama uýup biler. Özi öýüň sekisinde bolup, ymam öýüň içinde bolan ýagdaýynda ýa-da öýi metjide sepleşik bolmadyk halatynda metjit bilen öýüň arasynda ymama uýmaga päsgelçilik görnüşde bir maşyn ýoly bolmadyk ýagdaýynda gaýtalamalary eşidip, ymamyň namazdaky hereketlerini bilse, ýene ymama uýmagy dogry hasap edilýär.

8.      Başga messebe degişli bolan bir ymamdan gan akmak ýa-da agyz doly gusuk ýaly öz messebine görä täreti bozýan bir zat emele gelendigini gören halatynda ymamyň täzeden täret alandygyny bilmezlik.

Bir adam başga messepden bolan ymamyň yzynda durup namaz okap biler. Ýöne öz messebine görä namazy bozan bir zadyň ymamda bolmazlygy şertdir. Eger öz messebine görä namazy bozjak bir zady ymamda görse, oňa uýup namaz okamagy dogry hasap edilmeýär.

Ertir namazynda Şafii messebinden bolan ymama uýan Hanefi messebine degişli bolan bir adam, şafiiler ertir namazynyň ikinji bölüminiň rükudan soňra kunut dogasyny okaýan wagty, okaman garaşar we ellerini gapdalyna sallar,ýagny aşak goýberer-de, garaşyp durar.

Täretliniň teýemmüm edene, täretde aýaklaryny ýuwanyň aýaklaryndaky messileriň üstüne meshedene, dik durup okanyň namazyny oturyp okana, boýy dogry bolanyň küýkä uýmagy ýerlikli hasaplanylýar.

Rükuny we sejdeleri berjaý eden adam olary yşarat bilen eden adama uýmaz. Jany sagat biriniň näsag birine uýmagy hem jaýyz hasaplanylmaýar. Erkekleriň zenan maşgalalara we çagalara uýmagy-da jaýyz däldir. Okaýşy labyzly bolan biriniň kekeçläp okaýana (ýagny namazy sahyh boljak şekilde okamaýan) uýmagy dogry däldir. Kekeçleýän, peltekleýan özi ýalylara namaz okadyp biler. Kekeçleýän bolsa lal ýa-da güň birine uýmaz.

Parzy okaýan adam nepil namaz okaýana, bir parzy okaýan adam başga bir parz namazyny okaýana uýmaz. Ýöne goşmaça okaýan parz okaýana uýup biler. Bir ymama uýup namaz okaýan adam soňra ymamyň täretsiz bolandygyny bilse, namazyny gaýtadan okar.

Hatarlaryň tertibi

Ymama uýan bir adam bolan ýagdaýynda ökjesi ymamyň ökjesinden bir az yzda bolmak şerti bilen ymamyň sag tarapynda durar. Çep tarapynda ýa-da yzynda durmaklygy mekru hasaplanylýar. Ymama uýan diňe bir zenan maşgala bolsa, onda ymamyň yzynda durar. Bir erkek bilen bir zenana bolsa, onda erkek erkek adam ýene ymamyň sagynda, zenana bolsa ymamyň yzynda durar.

Ymama uýan köpçülik birden artyk, ýagny iki ýa-da ikiden has köp bolsa, onda ymamyň yzynda durarlar. Köpçüligiň sany artdygyça, hatarlara şeýle görnüşde düzülmelidir:

-        Ilki erkekler,

-        Soňra erkek oglanlar,

-        Ondan soňra-da zenan maşgalalar.

Şeýle hem hatarlaryň düzgün bolmagy, ýygjam durulmagy we aralarda açyk ýer galdyrylmazlygy zerurdyr. Hatarlaryň ýygjam we düzgün bolmagy ymam tarapyndan köpçülige ýörite duýdurylar. Hatarlaryň iň esasysy birinji hatardyr, soňra ikinji hatar, yzyndan üçünji hatar geler. Şeýdip dowam etmelidir.

Ymamyň yzynda namaz okanlaryň ýagdaýy

Ymama uýup namaz okaýan adama “Muktedi” diýilýär. Muktedi üç sany topara bölünýär:

1.      Müdrik: Namazyň her rekagatyny ymam bilen bilelikde okan adama “müdrik” diýilýär.

2.      Lahik: Namaza ymam bilen bilelikde başlasa-da, uky, gyssanmaçlyk we täret bozulmagy ýaly sebäpler bilen köpçülikden tutuşlygyna ýa-da bölekleýin gijä galan adama “lahik” diýilýär. Lahik gijä galyp ýetişmedik zatlarynda Gurhan okamaz, säwlik sejdesini berjaý etmez. Ilki bilen mümkin bolan halatynda ýetişmedik ýa-da galdyran rekagatlaryny okar, rükularyny berjaý eder, soňra ymama uýup, onuň bilen bilelikde salam berer.

Ýetişmediklerini berjaý edip ymam bilen deň gidip bilmejekdigine gözi ýetse, onda derrew ymama uýar. Ymam namazy gutaran badyna ol öz ýetişmedik bölümlerini ýa-da rükularyny berjaý eder.

3.      Mesbuk: Ymama birinji rekagatyň rukudan soňra uýan adama “mesbuk” diýilýär.

Mesbuk ymam salam bereninden soňra okajak rekagatlarynda dik durma görä namazynyň başyny, oturyşa göräde namazynyň soňuny berjaý edip ýetişmedik rekagatlaryny özbaşdak okar.

Namazyň köpçülikleýin okalyşy

Namazyň birinji rekagatynda ymama uýanlaryň ýagdaýy

Ymamyň yzynda köpçülik bolup namaz okan adam hem okaljak namaza hem-de ymama uýmaklyga niýet eder. Nusga görnüşinde öýle namazynyň parzynyň okalyşyna seredip geçeliň:

Şeýle niýet eder: “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin bu günüń öýle namazynyń parzyny okamaga, uýdum bu ymama.”

Köpçülik bilen okalan ähli namazlarda ymama uýan adam niýetinde “uýdum ymama” diýen sözi goşar.

Ymam tekbir alanda, köpçülik-de onuň yzysüre tekbir alıp, gollaryny biri-birine gowşurar we sessiz (içinden) “Sübhanekäni” okap dymar. Köpçülik “Sübhanekeden” başga rekagatlaryň hiç birinde dik durka hiç zat okamaz; diňe açykdan okalan namazlarda ymam fatihany gutaranynda sessiz “ämin” diýer.

Rüku gidilende köpçülik bu ýerde üç sapar “Sübhane Rabbiýe'l-azim” diýer. Ymam “Semiallahü limen hamideh” diýip aýak üstüne galanynda köpçülik “Rabbena lekel-hamd” diýer.

Sejdelerde hem üç gezek “Sübhane rabbiýel-ala” diýer.

Oturyşlarda ymam bilen birlikde köpçülik-de Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme Bariki okar we ýene ymam bilen bilelikde salam berer.

Ymamyň yzynda durup, köpçülik bilen namaz okaýan adam tekbirde, rükuda, rükudan galanynda, sejdede we salam bereninde ymama eýerjekdir, ondan öňe geçmeli däldir.

Bir rekagatyň rükusynda, ýagny ymam rükudan heniz dogralmanka, dik durup niýet edip,Tekbir alan we rükuda ymama ýetişen adam şol rekagata ýetişen hasaplanylýar.

Ikinji rekagatda ymama uyaňlaryň ýagdaýy

Birinji rekagatyň rükusuna ýetişmeýän adam ýetişen ýerinde niýet edip, Tekbir alar we ymama uýar. Ymam bilen bilelikde namaza dewam eder. Soňky oturyşda “Ettehiýýatüni” okap ymamyň salam bermegine garaşar. Ymam sag tarapa salam beren wagtynda, özüniň ýetişmedik bölümini özbaşdak okamak üçin salam bermezden “Allahü Ekber” diýip, ýerinden turar, Sübhanekäni, Euzü-Bismillany, Fatihany we bir süräni okar. Ondan soňra rüku we sejdeleri berjaý edip oturar. Ettehiýýatü, Allahümme salli, Allahümme barik bilen Rebbena atina... dogasyny okar. Ilki bilen saga, soňra bolsa çepe salam berip, namazy tamamlar.

Üçünji rekagatda ymama uýanlaryň ýagdaýy

Dört rekagatly bir namazyň üçünji bölüminde ymama uýan adam soň oturyşda “Ettehiýýatüni” okap, ymamyň salam bermegine garaşar. Ymam sag tarapa salam beren wagtynda, ol salam bermezden “Allahü Ekber” diýip, ýerinden turar we ýetişmedk iki rekagaty şeýle tamamlar:

“Sübhaneke”, “Euzü Bismilla” bilen “Fatiha” we bir-de süre okap, bilnişi ýaly rükuny we sejdelerini berjaý edeninden soňra “Allahü Ekber” diýip ýerinden turar. Bismilla bilen Fatiha we bir süräni okap, ýene rüku we sejdelerini berjaý edeninden soňra oturar. Ettehiýýatü, Allahümme salli, Allahümme barik we Rabbena atina... dogasyny okap saga we çepe salam berip, namazyny tamamlar.

Üç rekagatly bolan agşam we witir namazlarynyň üçünji rekagatynda ymama uýan bir adam ymam bilen bilelikde şol rekagaty okar. “Ettehiýýatüni” okap, ymamyň salam bermegine garaşar. Ymam sag tarapa salam beren wagtynda, ol salam bermän, “Allahü Ekber” diýip aýak üstüne galyp dikeler. Sübhaneke, Euzü-Bismilla bilen Fatiha we bir süre okap, rüku we sejdelerini berjaý edip oturar. Bu ýerde diňe “Ettehiýýatüni” okar we “Allahü Ekber” diýip, ýerinden turar. Bismilla bilen Fatiha we bir süre okap, rüku we sejdelerini berjaý edeninden soňra oturar. Ettehiýýatü, Allahümme salli, Allahümme barik, Rabbena atina... dogasyny okap, saga we çepe salam berer we namazy tamamlar.

Dört rekagatly namazyň dördünji rekagatynda ymama uýan adam

Ýene ymam bilen bilelikde şol rekagaty okar we ahyrky oturyşda “Ettehiýýatüni” okap, soňra garaşar. Ymam sag tarapa salam beren wagtynda, ol salam bermän, “Allahü Ekber” diýip ýerinden turar. Bu ýerde Sübhaneke, Euzü-Bismilla bilen Fatiha we bir süre okar. Soňra rüku we sejdeleri berjaý edip oturar we diňe Etehiýýatüni okap, ýerinden turar. Dik durup, Bismilla bilen Fatiha we bir süre okar we düzgüne laýyk görnüşde rüku we sejdeleri berjaý edip, oturmazdan aýak üstünde dik durar. Diňe Bismilla bilen Fatihany okanyndan soňra rüku we sejdeleri berjaý eder we oturar. Ettehiýýatü, Allahümme salli, Allahümme barik, Rabbena atina... dogasyny okap, saga we çepe salam berer we namazy tamamlar.

Soňky rekagatyň rükusyndan dogralanyndan soňra ymama uýan adam ymam sag tarapa salam bereninde, ol salam “Allahü Ekber” diýip ýerinden turar,başyndan soňuna çenli ähli rekagatlary okap, namazyny tamamlar.

Köpçülige gitmezlige mubah (geçirimlilik berýän) ýagdaýlar

Aşakda agzalan käbir ýagdaýlar bir adamyň köpçülige gitmezligine geçirimlilik hasaplanylýar. Şol ýagdaýlardan biri ýüze çyksa, onda şol adam köpçülige gitmän biler.

Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1.      Ýagyş we batgalyk bolanda,

2.      Howa örän sowuk we tüp yssy bolanda ,

3.      Jana we mala talaňçylyk howpy abananda,

4.      Gözedürtme garaňkylykda,

5.      Bergidir borjuny ýerine salmakda kynçylyk çekýäniň tussag edilme gorkusy bolanda,

6.      Batyllyk, kör1ük ýagdaýynda,

7.      Ysmaz bolan ýagdaýynda,

8.      Bir eli bilen aýagynyň ýa-da diňe bir aýagnyň kesilen halatynda,

9.      Hassa, kesel bolan ýagdaýynda,

10.  Agsaklyk (Eger agsaklyk metjide gidip gelmeklige päsgelçilik bermeýän bolsa, onda köpçülige barmalydyr.)

11.  Maýyp-müjrüp bolmak, halys tapdan düşmek,

12.  Ýüräp bilmejek derejede gojalmak, garramaklyk,

13.  Şerigat ylmyny öwretmek ýa-da öwrenmek bilen meşgul bolmak.(Ýöne beýle ýagdaýda bolan yzygiderli görnüşde köpçüligi terk edip taşlamaly däldir.)

14.  Halaýan nahary taýýar bolanda,

15.  Bir ýere gitmek üçin goşuňy daňyp, ýola çykmagyň öňüsyrasynda,

16.  Hassa, ýarawsyza, näsaga seretmek, (olaryň ýanyndan aýrylan halatynda, näsaga zyýan geljek bolsa, onda köpçülige gitmez.)

17.  Güýçli apy-tupan, ýel-ýagmyr ýaly tebigy hadysalarda (Gije güýçli ýel, şemal öwüsmegi köpçülige gitmeklige päsgelçilikdir. Gündizine öwüsen şemal päsgelçilik däldir.)

18.  Aýakýoluna, hajathana gitmek üçin gyssanmak.

Bu ýagdaýlaryň haýsydyr biri sebäpli köpçülige barmaýan, ýöne bu sebäpler bolmasa, köpçülige barmaklyga niýeti bolan adam üçin köpçüligiň sogaby ýeter.

Köpçüligiň namazda ymama uýup-uýmazlygyny ýüze çykarýan ýagdaýlar

a.       Ymama uýan adam ymam tekbir alanyndan soňra, ol hem tekbir alar we diňe “Sübhanekäni” okap, dymar. Fatiha we bir süre okamaz. Ymam bilen birlikde rüku etmeli bolanynda, üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýer. Ymam “Semiallahü limen hamideh” diýip rükudan dogralan wagtynda ymama uýan adam dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýer. sejdelerde-de üç sapardan “Sübhane Rabbiýel-ala” diýer.

Üç we dört rekagatly parz namazlaryň ikinji rekagatlaryndaky başky (ilkinji) oturyşda “Ettehiýýatüni” okar. Iki, üç we dört bölümli namazlaryň ahyrky oturyşynda “Ettehiýýatü, Allahümme salli, Allahümme bariki okar we ymam bilen birlikde salam berer.

b.      Ymam bilen namaz okan bir adam rükuda üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmän, ymam baş egmeden galyp dogralsa, ol gaýtalamalaryň gutarmagyna garaşmaz, derrew ymam bilen bilelikde galyp dogralar. Sejdelerde-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-alany” tamamlamazdan ymam ýerinden galjak bolsa, onda gaýtalamalaryň gutarylmagyna seretmän, ymama uýup, derrew ýerinden turar.

c.       Dört rekagatly namazlaryň başky (birinji) oturyşynda “Ettehiýýatüni” tamamlamazdan ymam üçünji rekagata ýerinden tursa, ymamyň yzynda namaz okaýan adam islese, ymam bilen bilelikde turar, islese-de “Ettehiýýatüni” tamamlanyndan soňra yerinden turar.

d.      Eger ahyrky oturyşda “Ettehiýýiitüni” tamamlamazdan ymam salam berse, onda ol “Ettehiýýatüni” tamamlap bolanyndan soňra salam berer.

e.       Köpçülikden biri “Ettehiýýatüni” tamamlap, Allahümme salli, Allahümme barik we dogalary bitirmänkä, ymam salam berse, onda salawat we dogalary tamamlamaz, derrew ymama uýup, salam berer.

f.        Witir namazynda, kunut dogasyny gutarmazdan, ymam rüku başlasa, kunut dogasyndan biraz okan bolsa, ymam bilen bilelikde rüku girişer, eger kunutdan biraz okamazdan, ymam rüku girişse, onda ymama rüku ýetişjek görnüşde kunutdan biraz okar.

g.       Ymam gereginden artyk sejde etse, köpçülik oňa uýmaz.

h.       Ymam salam bermek üçin namazyň soňunda oturanyndan soňra, unudyp, ýerinden tursa, köpçülik oňa uýmaz, ymamyň ýalňyşandygyny ýatlatmak üçin “Sübhanellah” diýer. Eger ymam turup, girişen köp rekagatyň sejdesine barmazdan öň, ýene aşak otursa, onda köpçülik bilen bilelikde salam berer we säwlik sejdesini berjaý ederler.

i.         Eger ymam namazyň soňunda oturanyndan soňra, ýalňyşyp, turan artyk rekagatyň sejdesini berjaý etse, köpçülik ymama garaşmaz, öz-özleri salam bererler.

j.        Ymam namazyň soňunda oturmazdan, ýokary tursa, köpçülik turmaz, onuň yzyna gaýtadan oturmagy üçin oňa “Sübhanellah” diýip duýduryş berer. Ymam ýalňyşandygyny bilip, derrew yzyna gaýtadan otursa, bilelikde salam bererler we säwlik sejdesini berjaý ederler.

Ymam yzyna gaýtadan oturmazdan we artyk okamakçy bolan rekagatynyň sejdesini berjaý etmezden öň, köpçülik öz-özleri görnüşinde salam berseler, onda köpçüligiň namazy bozular. Eger ymam sejde edeninden sońra salam berse, ymamyń hem, jemagatyn hem namazy bozular.

Ymam namazda bäş sanyzady berjaý edip, ýerine salmasa, köpçülik-de şol zatlary ýerine ýetirmezler. Şol zatlar şulardan ybaratdyr:

Kunut, baýram tekbirleri, başky = birinji oturyş, tilawet sejdesi we säwlik sejdesidir.

Ymam dört sanyzady ýerine ýetirse, köpçülik oňa uýmaz. Şol zatlar şulardan ybaratdyr:

Artykmaç sejde, baýram gaýtalamalaryndaky artykmaçlyk, jynaza gaýtalamalaryndaky artykmaçlyk, namazyň soňunda artykmaç rekagata turmaklyk.

Dokuz sany zadyymam ýerine ýetirmese, köpçülik berjaý eder. Şol zatlar şulardan ybaratdyr:

İftidah tekbirinde elleri ýokary galdyrmak, Sübhanekäni okamak (ymam Fatihada bolan wagtynda) rukunyň tekbiri, sejde tekbiri, rukuda wagtyň aýdylmaly tekbir, rukudan galanyňdaky gaýtalama “Semiallahü limen hamideh” diýmek, Ettehiýýatüni okamak, salam bermek we umumy tekbirleri.

Ymamyň öz ýerine köpçülikden birini geçirmegi

Namazda täreti bozulan ymamyň öz ýerine köpçülikden birini geçirmegine “istihlaf” diýilýär.

Namaz okadýarka, täreti bozulan ymam wagty geçirmezden burny ganaýan görnüşinde eli bilen burnuny tutup, ýerinden aýrylar we köpçülikden ymamlyk edip biljek birini ýa yşarat edip, ýa-da eli bilen tutup mähraba getirip, öz ornuna geçirer.Gepläp, dil üsti bilen ornuna geçirmez. Eger geplese, hemmesiniň namazy bozular.

Ymamyň ýerine geçen adam ýürekden ymamlyga niýet edip, namazy tamamlar. Ymamyň özi-de täret alyp, namazynyň galanyny okap gutarar.

Ymamyň namaz okadýarka täreti bozulyp, öz ýerine birini geçirmese, köpçülik aralarynda birini geçirse ýa-da köpçülikden biri öz-özünden ymamyň ýerine geçse, öňki ymam heniz metjitden çykmanka namazy okatmakçy bolan adam onuň ýerine geçse, onda jaýyz hasaplanylýar.

Eger namazy okatmakçy bolan adam ýerine geçmezden, ymam metjitden çykan bolsa, köpçüligiň namazy bozular.

Namazy kesip, parza ýetişmek

Bir namaza başlanyňdan soňra, ony sebäpsiz görnüşde bozmak haramdyr. Ýöne özbaşdak namaz okan bir adamyň köpçüligiň sogabyny gazanmak maksady bilen namazy bozmagy dogry hasaplanylýar.

Bir adam özbaşdak parz bolan bir namazy okamaga başlanyndan soňra, ýanynda köpçülik bolup namaz okalmaga başlan halatynda:

1.Özbaşdak namaz okaýan adam heniz birinji rekagatyň sejdesini berjaý etmedik bolsa, dik durka bir tarapa salam berip, namazyny keser we ymama uýar.

2.Eger birinji rekagatyň sejdesini berjaý eden bolsa we okaýan namazy dört rekagatly namaz bolsa, onda ýene bir rekagat okap, iki rekagaty tamamlap, salam bereninden soňra ymama uýar we parzyny onuň bilen bilelikde okar. Özbaşdak okan iki rekagaty nepil namaza girer.

Namazy özbaşdak okan adam eger dört rekagatly namazyň üçünji rekagatynyň sejdesini berjaý edeninden soňra, ýanynda köpçülik namaz okamaga başlan halatynda, onda ol namazyny kesmez, dört rekagatyny özbaşdak görnüşde tamamlar, soňra ymama uýar.Ýöne bu ýagdaýda parz bolan namaz özbaşdak okalan namazdyr. Ymam bilen bilelikde okalan bolsa nepil namaz bolar. Ýöne şeýle namaz ikindi namazy üçin ýörgünli däldir. Çünki, ikindi namazyndan soňra nepil namaz okamak mekrudyr. Şol sebäpli, ikindi namazyny özbaşdak okanyňda, ýanyňda köpçülik bolup namaz okalan ýagdaýyny gören adam eger namazynyň üçünji rekagatynyň sejdesini berjaý eden bolsa, bu namazyny gutaranyndan soňra ymama uýmaz.

Ertir we agşam namazlarynyň parzlaryny okaýan wagtyňda, heniz ikinji rekagatyň sejdesini berjaý etmedik halatynda, namazy kesip, ymama uýar.

Ikinji rekagatyň sejdesini berjaý eden halatynda, okaýan namazynyň parzyny tamamlar, ondan soňra ymama uýmaz. Çünki, ertir namazyndan soňra nepil namaz okalmaýşy ýaly, agşam namazynyň parzyndan soňra-da üç rekagatly bir nepil namaz ýokdur.

Eger öýle namazynyň dört rekagatly başky sünnetine başlanyňdan soňra, köpçülik bolup namaz okalmaga başlan halatynda, onda iki rekagaty okap, salam berer we ymama uýar. Üçünji rekagatyň sejdesini berjaý eden bolsa, onda dört rekagat sünnetini gutarar, soňra ymama uýar. Parz köpçülik bolup okalandan soňra, ilki öýläniň dört rekagat sünnetini kaza eder, soňra-da iki rekagat sünnetini okar.

Metjide gelen wagty parza başlanan bolsa, sünneti okamaga durmaz, derrew ymama uýar. Ýöne ertir namazynyň parzy okalýarka metjide gelen adam sünneti okan ýagdaýynda ymama ikinji rekagatda “Ettehiýýatü” okalýarka, ýetişip biljegine göz ýetirse, onda ilki sünneti okar, soňra ymama uýar. Eger “Ettehiýýatü” okalýarka, ýetişip biljeginden gorkusy bar bolsa, onda sünneti okamaz, ymama uýup parzy okar, sünnet ondan soňra okalmaz.

Eger okalýan öýle namazynyň parzy bolsa, onda sünnete başlamazdan, ymama uýar. Okamadyk başky sünneti parzdan soňra okar. Juma namazynyň başky sünneti hem şeýledir. Parzdan öň okamadyk ýassynyň başky sünnetini parzdan soňra okamaklygyň zyýany ýokdur. Ymama bir bölümiň rukusyna ýetişen adam şol rekagata ýetişen hasaplanylýar. Özi ruku egilmänkä, ymam rukudan dikelen halatynda, ol şol rekagata ýetişen hasaplanylmaz. Namazyň bir ýa-da iki rekagatyny köpçülik bolup okan adam köpçülige ýetişen hasaplanylmaz, ýöne sogabyna goşulan hasaplanylar.

Namaz okamak üçin metjide gelen adam azan aýdýan müezzin kamata başlamadyk bolsa,onda sünneti metjitde ýa-da metjidiň daşynda islän ýerinde okap biler. Müezzin başlamakçy bolup, ymam hem namaza başlan wagtynda sünnete durmak mekrudyr. Aýratyn hem hatarlaryň arasynda ýa-da onuň yzynda sünnete durmak mekrudyr.