Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » JYNAZA NAMAZY

Ölümiň öňi syrasundaky adama, ýagny bu dünýä bilen hoşlaşyp barýan ýa-da ölmekçi bolup ýatan adama edilmeli işler:

Ölümi ýakynlaşan bir kişi sag ýanyna (gapdalyna), kybla tarap edilip ýatyrylmalydyr. Arkan hem ýatyryp bolar, şeýle hem mümkin boldugyça kellesi biraz galdyrylyp, kybla tarap bakdyrylar.

Bu ýagdaýda bolan adama şaýatlyk andy ýatlanylar. Hassa şaýatlyk andyny aýt diýilmez, diňe onuň ýanynda şaýatlyk andy (kelime-i şahadat) aýdylar. Şonuň üçin hormatly Pygamberimiz: “Ölüleriňize (ýagny ölüp barýanlaryňyza) şaýatlyk andyny (şahadat kelemesini) ýatladyň.” diýip belläpdir. (Müslim, Jenaiz, 1)

Şeýle ýagdaýdaky adamy dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň, goňşy-golamlarynyň zyýarat etmegi, görmegi dini bir wezipedir. Hassanyň teşneligi, ýa-da suwsuzlygy bar bolsa, oňa az-azdan suw berler we ýanynda “Ýasin” suresi okalar. Hassa ölen wagtynda (agzy açyk galmasyn diýip) eňegi baglanylmaly, daňylmaly we gözleri ýumuldyrylmaly, ýapylmaly. Edep (uýat) ýerleriniň görünmezligi üçin üstüne bir zat örtmeli. Ondan soňra egin-eşikleri çykarylmaly. Çişmezligi üçin garnynyň üstünde bir demir parçasy,bölegi goýulmaly we elleri gapdalyna getirilmeli. Öli ýuwulýança onuň ýanynda Gurhan okalmaz.

Ölüniň ýuwulmagy

Jynaza ýuwuljak wagty beýigräk bir ýerde goýulmaly. Agzyna we burnuna suw gitdirmän täret aldyrylmaly. Soňra üstünden suw guýlup, kellesi we endamy sabynly ýyly suw bilen ýuwulmaly. Soňra çep ýanyna öwürmeli we sag tarapyny ýuwmaly. Ondan soňra sag tarapyna öwrüp, çep tarapyny ýuwmaly. Ölini oturar ýaly görnüşde edip, garnyny usullyk bilen basmaly. Eger ölüden bir zat çyksa, onda ýuwup arassalamaly, gaýtadan ýuwmak ýa-da täret almak hökman däldir.

Her bir ýuwuş üç sapardan kem bolmaly däl, ýerliksiz ýere-de suw isrip etmeli däldir. Dargajak şekilde çişen we ellemekligi mümkin bolmaýan ölünüň üstüne diňe suw dökmeklik bilen çäkleniler.

Meýidiň (jynazanyň) ýuwulýan ýeri ýapyk ýer bolmaly, ölüni ýuwýan we oňa kömek berýän adamdan başgasy şol ýere girmeli däldir. Meýidi ýuwýan adamyň täretli bolmagy mendupdyr, zerurdyr.

Meýidi özüne iň ýakyn bolan adam ýa-da günälerden saklanan we amanata raýat eden bir adamyň mugt, pul almazdan (hak-heşdeksiz) ýuwmagy oňat hasaplanylýar. Ýuwýandan başga ýuwýujylar bar bolsa, ölüni ýuwýan kişi hak-heşdek talap edip bilýän hem bolsa, bu wezipe üçin pul talap etmezden ýerine ýetirse, köp sogap gazanar. Başga ýuwujy ýok bolsa, şol wezipe oňa ýetende-de ýene hak-heşdek talap etmek dogry bolmaz.

Erkek adamyň meýidini erkek, zenan maşgalanyň meýidini-de zenana ýuwmaly.

Suw tapylmadyk halatynda bolsa ölä teýemmüm berler.

Kiçi ýaşdaky gyz oglany bir erkegiň, kiçi ýaşdaky erkek oglany-da bir zenananyň ýuwmagy jaýyzdyr. Ölüniň saçyny we sakgalyny daramaly däl, aslynda daralmaýar. Dyrnagy, saçydyr murty kesilmeli däl, başyna sargydyr daňy daňylmaýar. Gowy görýändigi sebäpli, ölüni ogşamaklyk mümkindir.

Öli ýuwlanyndan soňra, bir biz mata bilen süpülip guradylar we kepenlener. Başyna we sakgalyna hoşroý koky, atyr çalynar, maňlaýyna-da atyr çalnar.

Ölüniň kepene goýulmagy

Kepeniň üç görnüşi bardyr:

1.Adaty kepen (sünnet bolan kepen): Bu kepen erkekler üçin içki köýnekden, balakdan (izar) we ýeňsiz, ýakasyz dondan (lifafe) ybarat bolup, jemi üç parçadyr. Zenanalar üçin erkekleriň kepenine gyňaç bilen göwüs üstünden baglanýan gursakça görnüşli biz goşulyp, jemi bäş parçadan ybaratdyr.

2.Kepen-i kifaýe: Erkekler üçin (izar) we (lifafe) bolup, iki parçadan, zenanalar üçin bolsa şolara gyňaç goşulyp, üç parçadan ybaratdyr.

3.Kepen-i zaruret: Erkek we zenan maşgala üçin näme tapylsa, bir kepen ýeterlik bolup, şol kepene salynar. Bir mejburylyk bolmadyk halatynda ýeke-täk kepen bilen çäklenilmez.

Erkekler üçin üç parça bolan kepen şulardan ybaratdyr:

1.      Kamis: (köýnek) Boýundan aýaklara çenli,

2.      Izar: Başdan aýaga çenli,

3.      Lifafe: Başdan aýaga çenli bolan bizdir. (Lifafe iň üstünden goýulýandygy hem-de baş we aýak taraplaryndan baglanýandygy üçin has uzyn edilýär.)

Öňi bilen ýeňsiz-ýakasyz don (lifafe) ýere ýazylar, onuň üstüne-de izar seriler,onuň üstüne-de köýnek bolan kamis açylyp, ölüniň başyndan geçirilip, köýnek geýdirilen ýaly görnüşde izar üstüne uzadylar. Izar ilki çep tarapyndan, soňra sag tarapyndan geçirilip, ölä saralar. Ondan soňra lifafe hem şeýle görnüşde edilip saralar. Kepeniň açylmagyndan şübhelenise, onda kepen biz mata bilen baglanylar.

Zenanalar üçin bäş parça bolan kepen şulardan ybaratdyr:

Erkeklerde bolşy ýaly:

1.      Köýnek (kamis)

2.      Başdan aýaga çenli izar,

3.      Başdan aýaga çenli lifafe, köpräk, artygrak görnüşde-de:

4.      Gursakça şekilinde göwüs üstünden baglanan biz,

5.      Gyňaç görnüşdäki başatar.

Öli zenana ilki bilen köýnek geýdiriler. Soňra saçlary iki örüm edi- lip, göwsüniň üstünde goýlar. Ondan soňra gyňaç görnüşdäki başatary ýüzi bilen bilelikde örtüler. Soňra izar saralar, izariň üstünden ini göwsünden göbege çenli bolan gursakça görnüşli göwüs örtügi baglanyp, ondan soňra-da lifafe saralar.

Kepeniň biz matadan ak reňkli bolmagy mustehapdyr.

Jynaza namazy

Jynaza namazy ölen adama kepil geçmekligiň parzydyr (farz-y kifaýedir). Öli üçin bir ayatdyr, dogadyr. Din doganynyň günä we kemçilikleriniň bagyşlanmagyny Allatagaladan dilemekdir, oňa soňky wezipesini berjaý etmekdir.

Kimlere jynaza namazy okalar

Bir ölüniň jynaza namazynyň okalmagy üçin alty sany şertiň bolmaklygy zerurdyr.

Bu şertler şulardan ybaratdyr:

1.      Ölüniň musulman bolmagy,

2.      Bedeniniň tämiz bolmagy (ýagny ýuwlup tämiz, arassa bir kepene goýulmagy, saralmagy),

3.      Jenazanyň köpçüligiň öňünde goýulmagy,

4.      Ölüniň tutuş göwresi ýa-da bedeniniň ýarysyndan köp bölegi, bolmaýanda kellesi (başy) bilen birlikde iň azyndan göwresiniň ýarysynyň bolmagy,

5.      Jynaza namazyny okajak kişiniň (ýarawsyz däl bolsa) aýakda (dik durup) okamagy,

6.      Jynazanyň oňaýly bir ýerde bolmagy, eginde (omuzda) ýa-da haýwanyň üstünde bolmazlygy.

Janly görnüşde doglan ýa-da göwresiniň köp bölegi janly görnüşinde çykan bir çaga ýuwular we jynaza namazy okalar.

Organlarynyň yaradylyşy tutuş, bütewi bolan ýa-da käbir organlary belli bolan düşük jeset ýuwlar we bir bize saralyp jaýlanylar, namazy okalmaz. Hiç hili organy belli bolmaýan bir düşük jeset bolsa ýuwulmaz we onuň üçin namaz-da okalmaz.

Jynaza namazynyň kepil geçme parzy bolandygy üçin, musulmanlaryň birnäçesi bu namazy okasa ýeterlikdir, ýagny barynyň okamagy hökman däldir. Jynaza namazynda köpçülik bolup hemmäň okamagyna zerurlyk ýokdur. Diňe bir erkek ýa-da zenan maşgala jynaza namazyny okan halatynda-da, bu parz berjaý edilen hasaplanylýar. Beýleki namazlar bozýan zatlar jynaza namazyny-da bozar. Namaz okalmagy mekru bolan üç wagtdan beýleki wagtlarda jynaza namazy okalar.

Jynaza namazynyň esasy bölekleri dört sapar tekbir bilen labyzly okuwdyr. Salam bermek wajypdyr. Jynaza namazynda ruku we sejde ýokdur.

Jynaza namazynyň sünnetleri

1.      Namazy okatjak ymamyň ölüniň gursagynyň deňinde durmagy.

2.      Birinji sapar tekbirden “Sübhanekäni” okamak.

3.      Ikinji sapar tekbirden “Allahümme salli we “Allahümme bariki” okamak.

4.      Üçünjü sapar tekbirden soňra doga okamak.

Jynaza namazynyň okalyşy

Jynaza ýuwlup we kepene goýlan görnüşinde namazyň okaljak ýer-de ýörite öli seňňeriniň üstünde (“Musalla”) goýlar. Jynaza köpçüligiň öňünde bolar. Namazy okatjak ymam ölüniň gursagynyň gabat garşysynda durar. Köpçülik dik durup we kybla tarapa bakyp, ymamyň yzynda hatara gurar. Köpçüligiň üç hatar görnüşinde bolmagy ýerlikli hasaplanylýar.

Niýet edilen halatynda ölüniň erkek ýa-da zenana, zenana oglan çaga ýa-da gyz çagadygy anyk görnüşde belli ediler.

Namazy okadýan ymam, eger öli erkek adam bolsa: “niýet etdim Allanyń razylygy üçin taýyn bolan jynaza namazyny okamaga şu erkek üçin doga etmäge” diýip niýet eder.

Öli zenana bolsa: “şu zenana jynaza namazyny okamaga we doga etmäge”,

Öli erkek oglan bolsa: “şu oglan çaga jynaza namazyny okamaga we doga etmäge”,

Öli gyz çaga bolsa: “şu gyz çaga jynaza namazyny okamaga we doga etmäge” diýlip niýet ediler.

Ymamyň yzyndaky köpçülik, eger öli erkek adam bolsa: “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin, şu erkek adama jynaza namazyny okamaga we doga etmäge uýdum ymama” diýip niýet ederler.

Öli zenana bolsa: “Niýet etdim, şu zenana jynaza namazyny okamaga we doga etmäge uýdum ymama”,

Öli erkek oglan bolsa: “şu oglan çaga jynaza namazyny okamaga we doga etmäge uýdum ymama”,

Öl gyz oglan bolsa: “niýet etdim, şu gyz çaga jynaza namazyny okamaga we doga etmäge uydum ymama” diýlip niýet ederler.

Köpçülikden biri öleniň erkek ýa-da zenana bolandygyny anyk bilmese, onda şeýleräk görnüşde niýet eder: “niýet etdim Allanyń razylygy üçin, ymamyń okatdyrjak şu jynaza namazyny okamaga we öli üçin doga etmäge uydum ymama”.

Niýet edileninden soňra, ymam daşyndan belent ses bilen, onuň yzyndaky köpçülik bolsa, içinden “Allahü Ekber” diýip birinji sapaky iftidah tekbirini aýdyp, beýleki namazlarda bolşy ýaly ellerini gulagynyň deňine galdyrar we göbekliginiň aşagynda biri-birine gowşurar.

Ymam we köpçülik iiçinden Sübhanekäni okarlar. Sübhanekede beýleki namazlarda okalmaýan “we jelle senaük” diýen söz düzümi-de okalar.

Sübhaneke okalandan soňra, elleri ýokaryk galdyrmazdan, ymam daşyndan, köpçülik içinden “Allahü Ekber” diýip, ikinji saparky tekbiri aýdarlar. Hem ymam, hem-de köpçülik içinden “Allahümme salli” we “Allahümme bariki” okar.

Soňra elleri galdyrmazdan, ýene “Allahü Ekber” diýip, üçünji saparky Alla ýüz tutmany aýdarlar we jynaza dogasy okarlar. Jynaza dogasyny bilmeýän adam onuň ýerine Kunut dogalaryny okap biler. Kunut dogalaryny-da bilmeýän bolsa, onda “Rabbena atina fiddünýa haseneten we fil ahireti haseneten we kyna azabennar” diýen aýaty okar.

Mundan soňra eller ýokaryk galdyrylmazdan gaýtadan “Allahü Ekber” diýip, dördünji saparky Alla ýüz tutma aýdylar we hiç hili zat okalmazdan, ilki başyň sag tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýler. Soňra başyň çep tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýler we şeýdip jynaza namazy tamamlanylar.

Jynaza namazynda üçünji saparky ýüz tutmadan soňra okalýan dogalar

Her bir jynaza üçin ilki bilen şu doga okalar:

Okalyşy:

“Allahümmegfir li haýýina we meýýitina we şahidina we gaibina we zekerina we ünsana we sagyrina we kebirina. Allahümme men ahýeýtehu minna fe ehýihi alel-İslam we men teweffeýtehu minna fe teweffehu alel-İman.”

Manysy:

“Eý, Rab! Dirimizi, ölümizi, bu ýerde bolanlarymyzy, bolmaýanlarymyzy, erkegimizi, zenanamyzy, ýaş kiçimizi we ýaşulymyzy özüň bagyşla.Eý, Rab! Bizden önüp-ösjek täze nesilleri yslam dinine görä ýarat!

... Bizden ajaly ýetip, öldüjekleriňi-de imanly öldü.”

Bu dogadan soňra jynazanyň ýagdaýyna görä, aşakdaky dogalardan ýene biri okalar. Şeýle görnüşde:

1.Jynaza erkek bolsa şu doga okalar:

Okalyşy:

 “We hussa hazel-meýýite werrawhi werrahati wel-magfireti werrydwan. Allahümme in kane muhsinen fezid fi ihsanihi we in kane musien fetejawez anhü we lekkyhil-emne wel-büşra wel-keramete wezzülfa birahmetike ýa erhamerrahimin.”

Manysy:

“Rabbym! Hemme zatdan öňünçä, bu ölüni rahmete, rahatlyga, bagyşlanmaga we hoşnutlylyga ýetir.

Allahym! Bu öli ýagşylyk eden adam bolsa, onda häzir sen-de oňa öz eşretiňi artygy bilen ber, eger bu öli ýamanlyk eden adam bolsa, onda ony jezalandyrmaklygyňy goýbolsun et! Günälerini bagyşlaweri.

Bu ölüni gorkandygyna emin tut, oňa geçirimliligiň bilen buşluk habaryny bereweri, ony ahyretiň abraýyna we belent mertebesine ýetir.Eý merhemetlileriň merhemetlisi bolan Allahym, özüňden medet !”

2.Jynaza zenana bolsa şu doga okalar:

Okalyşy:

 “We hussa hazihil-meýýitete birrawhi werraheti wel-magfireti werrydwan. Allahümme in kanet muhsineten fezid fi ihsaniha we in kanet musyeten fetejawez anha we lekkyhel-emne wel-büşra wel-keramete wez-zülfa birahmetike ýa erhamerrahimin.”

Bu doganyň manysy-da erkekler üçin okalan doganyň manysy bilen birmeňzeşdir.

3. Jynaza oglan çaga bolsa şu doga okalar:

Okalyşy:

“Allahümmej-alhu lena feretan wej-alhu lena ejren we zühren wej-alhu lena şafien we müşeffea.”

Manysy:

“Allahym! Bu çagany jennette bizi garşy alyjy we ahyret serpaýy eýle!...

Allahym! Bu çagany biz üçin şypa beriji et we şepagatyny eçil.”

4. Jynaza gyz çaga bolsa şu doga okalar:

Okalyşy:

“Allahümmej-alha lena feretan wej-alha lena ejren we zühren wej-alha lena şafiaten we müşeffeah.”

Munuň manysy-da erkek oglanlar üçin okalan doganyň manysy bilen birmeňzeşdir.

Jynazanyň äkidilmegi (Gölegçiniň ugradylmagy)

Jynaza gonamçylyga çenli äkidilende, tabydyň dört tutawajyndan ýa-da tabydyň aşakdaky gulpundan tutulyp, ilki tabyyň öň tarapdaky çep aýagyny sag egniňe, soňra yz tarapdaky çep aýagy sag egne, soňra öň tarapdaky sag aýagy çep egne we yz tarapdaky sag aýagy-da çep egne goýmak şerti bilen gezekli-gezegine göteriler.

Ylganmaz, ýöne biraz çalt ýöreler. Kiçi çaganyň jynazasyny bir kişi elleri bilen äkidip biler.

Oňyn bolany jynazanyň yzyndan ýöremekdir. Köpçüligiň bir böleginiň jynazanyň öňünden gitmegi-de jaýyzdyr. Jynazanyň yzyndan gidenleriň Allany ýatlamak, ölüniň duş gelen ýagdaýy we bu dünýä gelenleriň soňunyň şeýle boljakdygy hakynda oýlanmaklary, biderek zatlar samramakdan, ýerliksiz zatlar barada gürrüň etmekden saklanmaklary zerurdyr.

Jynazanyň yzyndan belent ses bilen zikir etmek, tekbirleri aýtmak we Gurhan okamak jaýyz däldir. Gonamçylyga barlyp, mazar çukurynyň ýanyna gelnen halatynda jynaza eginlerden usullyk bilen ýere düşüriler. Jynaza ýere düşürilmänkä, oturmak mekru bolşy ýaly, düşürilenden soňra-da (ýarawsyz bolmadyk halatynda) aýakda, ýagny dik durmak-da mekrudyr.

Ölüniň gömülmegi

Mazar (gabyr): Mazaryň (gabyryň) boýy (uzynlygy) ölüniň boýuna çenli, giňligi adam boýunyň ýarysy çemesi, çuňlugy-da gursaklygyna çenli görnüşde daşky çukur gazylar we kybla tarapyna ölüniň ýerleşjek çemesinde oyulup içki çukur (öýi) açylar. Öli kybla tarapyndan mazara äberilip, sallanylyp, içki çukura usullyk bilen ýerleşdiriler. Gerekli ýagdaýyna görä bir ýa-da birnäçe adam mazara girip biler.

Ölüni içki çukura (lahat, lahit) goýan adam “Bismillahi we ala milleti resulillah” diýer. Mazarda öli sag ýanyn we ýüzi kybla geler ýaly görnüşde edilip jaýlanar we başga tarapa gyşarmazlygy üçin arkasyna toprak goýlar. Soňra kepeniň bagy çözüler we içki çukuryň agzy agaç (tagta) ýa-da çig kerpiçler bilen basyrylar. Zenana mazara goýlanynda içki çukuryň agzy basyrylýança mazaryň üstüne örtük gerilýär. Erkegiň mazarynyň üstüne bolsa örtük gerilmez.

Içki çukuryň agzy ýapylanyndan soňra, el, pil ýa-da başga zatlar bilen mazar toprak bilen gömler we ýerden bir garyşdan pes bolmazlyk şerti bilen tümmek görnüşde (balykarka şekilinde) beýgeldiler, tekiz edilmez. Şol ýerde bolanlaryň-da baş tarapyndan mazara üç owuç toprak atmagy ýerlikli hasaplanylýar. Bir mazara öz içinden çykan toprakdan köp gum atmak mekrudyr. Topragyň bekedilmegi üçin üstüne suw sepelemegiň zyýany ýokdur.

Zenan maşgalany mazara öz ýakyn mähreminiň goýmagy, çukura ýerleşdirmegi has oňat hasap edilýär. Jynazany gije jaýlamaklyklygyň zyýany ýok hem bolsa, gündiz jaýlamak has ýerlikli hasaplanylýar. Bir zerurlyk bolmadyk halatynda birden artyk ölüniň bir gabra jaýlanylmagy dogry däldir. Zerurlyk bolan halatynda jaýlanylyp bilner. Bu ýagdaýda jynazalaryň arasy toprak ýa-da kerpiç bilen bölünýär.

Bir mazara, çukura jaýlananlar meňzeş jynsdan bolsa, has amatlysy kybla tarapyna edilip ýerleşdirilmegidir. Aýry jynsdan bolsalar öňi bilen erkek, soňra oglan çaga, onuň yzyndan-da zenan maşgalanyň jynazasy jaýlanar.

Ölüniň süňkleri çüýräp toprakdyr guma öwrülmedikçe mazaryň üstüniň açylmagy we ikinji bir jynazanyň jaýlanylmagy jaýyz hasaplanylmaýar. Ýöne ýer tapylmadyk halatynda öňki ölüniň süňkleri bir tarapa ýygnalar we täze jynaza bilen bularyň arasynda toprak goýlup jaýlanylar.

Öli mazara, gabra goýlup jaýlanandan soňra, başga bir ýere göçürilmegi dogry däldir. Ýöne başgasyna degişli bolan bir ýere jaýlanan ölüni ýer eýesi şol ýerden çykarmak islese göçürmek bolar. Bir kişiniň özi üçin taýýarlan gabryna başga biriniň jaýlanylmagy giň ýer bar bolsa, onda mekrudyr, ýer dar bolsa, onda mekru däldir. Ýöne gabry açana hak-heşdegini tölemek zerurdyr.

Toprak gowşak we ölli-zeýli bolan halatynda, ölüni tabyt bilen gabra goýmak hem bolup biljek ýagdaýdyr. Mazarda ölüniň aşagyna pagta, gamyş, samandyr-sypal, ýassyk ýaly zatlary goýmak dogry däldir.

Bir adamyň ölmezinden öň özi üçin gabyr taýýarlatmagynyń gereginiń bolmagy bilen bilelikde onuń nirede öljekdigini bilmedigi üçin beýle zada mätäçlik ýokdur. Hz. Ebu Bekir (R.A) bir adamy mazar taýýarlaýarka gören halatynda şeýle diýipdir:

-“Özüň üçin mazar ýa-da gabyr taýýarlama, tersine özüňi gabra, mazara oňat taýýarla.”

Bir kişiniň ölmezinden öň kepenini taýýarlamagy mekru däldir.

Bir musulmanyň ehl-i kitap (hristian ýa-da jöhit) bolan maşgalasy aradan çykan wagty ony aýry bir ýerde jaýlamagy has ýerlikli hasaplanylýar.

Ỳerine görünme (Taziýe)

Öleniň ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna aýat bermek, galanlaryna sabyr-takat dilemek we Jenab-y Hakyň ölüni bagyşlamagy üçin doga okap, töwhür galdyrmak ýerlikli hasaplanylýar.

Berlen aýatlary kabul etmek üçin öliniň ýakynlary, dogan-garyn-daşlary üç günläp, ýagny üçi geçýänçä känbir öýden uzak gitmezler, öýde bolarlar. Aýat bermeler jynaza jaýlanandan, gölegçi geleninden soňra berjaý edilmelidir. Öliniň ýakynlarynyň gynanjy has agyr we artyk bolsa, onda jaýlanmazdan öň hem aýat bermek bolar.

Ilkinji gün aýat bermek has ýerlikli hasaplanylýar. Üç gün geçeninden soňra aýat bermek mekrudyr. Çünki beýle ýagdaý öliniň ýakynlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň gynanjyny, gaýgy-gamydyr ýarasyny täzeleýär. Ýöne obada bolman, başga ýerden soňra gelenleriň üç günden soňra hem aýat bermegi mekru däldir.

Bir sapar aýat beren adamyň ikinji ýola aýat bermekligi hem mekrudyr.

Öliniň ýakynlarynyň aýat bermäge gelenlere nahar bermegi mekrudyr. Çünki zyýapat bermek dabaraly wagtlardyr ýagdaýlarda ýerliklidir. Bu ýerde bolsa, dabaranyň ýerine gynanç, hasrat we aýralyk bardyr. Öleniň ýakynlary we goňşy-golamlarynyň öli öýüne şol gün we şol gije nahar eltmeleri mustehapdyr.

Jynaza namazy bilen baglanyşykly meseleler

Ymam birinji saparky tekbiri aýdyp, jynaza namazyna başlanyndan soňra gelen adam ymamyň ikinji saparky tekbirine garaşar we onuň bilen bilelikde tekbiri aýdyp, namaza başlar. Ymam namazy gutaranyndan soňra ýetişemedik tekbirini aýdar. Ymam ikinji we üçünji tekbirini aýdanyndan soňra ýetişeniň ýagdaýy-da şeýledir. Ymam dördünji saparky tekbirini aýdyp, heniz salam bermänkä gelen adam-da tekbirini aýdyp, namaza girer. Ymam salam bereninden soňra, jynaza ýerinden galdyrylmazdan doga okaman, diňe ýetişmedik üç gezekki tekbiri yzly-yzyna aýdar.

Jynaza namazynyň tekbirleri dört sanydyr. Tekbirlerden biriniň terk edilen halatynda namaz dogry bolmaz. Ymam üçünji saparky tekbirden soňra, unudyp salam berse, dördünji saparky tekbirini-da aýdar we salamy yzyna gaýtarar.

Ymam jynaza namazynda dörtden köp tekbir aýdan halatynda köpçülik oňa uýmaz, ymama garaşar-da, onuň bilen bilelikde salam berer. Jynaza namazynda birinji saparky tekbirden soňraky ýüz tutmalarda eller galdyrylmaz. Jynazalar birnäçe bolan ýagdaýynda namazyaryny aýry-aýry okamak has ýerliklidir. Şeýle ýagdaýda haýsy jynaza has öň getirilen bolsa, ilki onuň namazy okalar. Ikisi bilelikde getirilen bolsa, onda ilki iň sylag-hormata laýyk bolan adamyňky okalýar.

Birnäçe jynazanyň hemmesine birden namaz okamak hem jaýyzdyr.

Şeýle halatda jynazalar ýan-ýana we deň-dereje hatara goýulýar. Ymam olaryň iň sylag-hormata laýyk bolan adamyň öňünde durar.

Jynazalar yzly-yzyna kybla tarap bir hatar görnüşinde-de goýlup bilner. Bu ýagdaýda erkek jynazalar ymamyň öňünde ýerleşdiriler, soňra çagalaryň, ondan soňra-da zenanalaryň jynazalary hatara goýlar.

Haýsydyr bir adamyň “ölen wagtym meni pylany ýuwsun, jynazamy pylany okatsyn” diýen görnüşindäki wesýeti asylsyzdyr. Şeýle wesýete eýermeklik biderek we bolgusyz zatdyr. Ony berjaý etmek hökman däl.

Öli ýuwulmazdan ýa-da namazy okalmazdan jaýlanan halatynda gabryň, mazaryň üstüne toprak atylan bolsa, onda gabyr gaýtadan açylmaz. Gabrynyň ýanynda namazy okalar. Guýa düşüp çykarylmaýan ýa-da çöken bir binanyň aşagynda galyp, çykarylmagy mümkin bolmaýan adamlaryňda namazy şol ýörgünlilige degişlidir. Gabryň ýa-da mazaryň üstüne toprak atylmadyk bolsa, onda çykarylyp namazy okalar, ýuwulmazdan jaýlanan bolsa, onda ýuwular we yzyndan hem namazy okalar.

Gabyrda öli sag ýanyna ýatyrylmadyk we ýüzi kybla öwrülmedik bolsa, onda üstüne toprak atylan bolsa, onda gabyr açylmaz. Eger toprak atylmadyk bolsa, onda gabyr açylyp, öli sag ýanyna ýatyrylyp, ýüzi kybla öwrüler.

Namazy okalmadan ýa-da ýuwulmadan jaýlanylan bir öli dagamadyk bolsa, onda onuň jynaza namazy gabrynyň ýanynda okalar. Öliniň bedeni, göwresi dagan bolsa, onuň namazy okalmaz. Bu babatda haýsy garaýyş agyrlykly bolsa, onda şol garaýşyň hakykata has ýakyn bolany boýunça berjaý ediler.

Jynazany metjidiň içinde goýup, jynaza namazyny metjitde okamak mekrudyr. Jynaza metjidiň daşynda goýlup, köpçüligiň bir böleginiň ymam bilen bilelikde jynazanyň ýanynda, bir bölegi-de metjidiň içinde bolsa, onda mekru bolmaz. Jynaza namazynyň gonamçylykda okalmagyda dogry däldir. Ýöne okalan halatynda-da ýeterli hasaplanylar. Gatnaw ýoluň üstünde-de jynaza namazyny okamak mekrudyr.

Ene we atasyny bilkastlaýyn öldüren adamyň jynaza namazy okalmaz. Döwlete garşy gozgalaň edenler, topalaň turuzanlar bilen ýol kesenler çaknyşyk wagtynda öldürülseler, ýuwulmaz we jynaza namazlary okalmaz. Şeýle halatda Hz. Aly dönükleriň jynazasyny ýuwmandyr we namazyaryny okamandyr. Çaknyşykdan soňra tutulyp öldürilenleriň namazy okalar. Bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin ölüm jezasy berlen adamyň-da jynaza namazy okalar.

Özüne özi kast eden (öz-özüni öldüren) adamyň-da jynazasy ýuwlar we namazy okalar.

Musulman ata-enesinden başga bir hossary bolmaýan bir gaýry musulman (musulman bolmaýan biri) ölse, musulman weli ony ýuwup, jaýlar ýa-da degişli bolan milletine tabşyrar.

Ene we atasyndan biri musulmanlygy kabul eden çaga ölse, jynaza namazy okalar. Çünkü, din babatda ene-atadan haýsysy haýyrly (musulman) bolsa çaga-da çońa görä (jynaza işleri) berjaý ediler.