Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » MESILERIŇ ÜSTÜNDEN MESHETMEK

Mesi: aýaklary topuklaryň bilen bilelikde gurşaýan aýakgabydyr. Aýaga geýlen we mesi diýlip atlandyrylýan aýakgaplaryň üstüne täret alan wagtyňda meshetmek talaba laýykdyr. Bu ýagdaý dinimiziň musulmanlara döredýän bir ýeňilligidir. Pygamberimiz hem mesi üstünden meshedipdir hem-de meshetmekligi maslahat beripdir.

Aýaga geýlen mesilere meshedilmegi üçin ýedi sany düzgüniň bolmagy şertdir. Bular:

1.Mesiler aýaklaryň ýuwlup, täret alanyňdan soňra geýlen bolmalydyr.

2. Mesiler aýaklary topuklaryň bilen bilelikde örtmelidir.

3. Mesiler aýaga geýlip, adaty ýöreýiş bilen we yzygiderlilikde bir fersah, ýagny on iki müň ädim ýa-da ondan hem köp ýol ýöremäge çydamly bolmalydyr.

4.Mesileriň her birinde aýak barmaklarynyň kiçisi bilen üç barmak çemesi deşik, ýyrtyk we sökülen bolmaly däldir. Ýöne iki mesidäki ýyrtyklaryň hemmesi üç barmak çemesi bolsa zyýany ýokdur.

5. Mesiler bajyksyz aýakda durjak görnüşde galyň bolmalydyr.

6. Mesiler suwy özüne siňdirip, aýaga geçirmeýän aýratynlygyna eýe bolan görnüşinde bolmalydyr.

7. Mesi geýjek adamyň her bir aýagynyň öň tarapynda eliň külbike barmagy bilen iň az üç barmak ýeriň bolmagy hökmanydyr. Bir ýa-da iki aýagyň öň tarapyny ýitiren we iň az üç barmak çemesi bir ýer galmadyk bolsa, onda onuň şol aýagyny meshetmeýşi ýaly, beýlegi bitin aýagyny-da meshetmez. Şeýle ýagdaýda her iki aýagyny-da ýuwmaklygy zerurdyr. Çünki, aýaklarda meshetmek bilen ýuwmak bir hatarda bolmaz, ýagny bir aýagy ýuwup, beýlekisini mesh etmek dogry däldir.

Ýöne bir aýagy topugyň üst tarapyna çenli kesilen adamdan bu aýagyny ýuwup bolmajakdygy sebäpli beýleki aýagy doly ýa-da öň tarapynda iň az üç barmak çemesi bar bolsa, onda şol aýagyndaky mesä meshedip biler.

Mesiň müddeti

Ýolagçy bolmaýan adam bir gije-gündiz (24 sagat), ýolagçy bolan üç gije-gündiz (72 sagat) dowamynda her gezek täret kylanynda mesileriň üstünden meshedip bilerler. Süresi täretiň bozulmagy bilen başlanýar. Mysal üçin, bir adam sagat on ikide täret alyp, aýaklaryny ýuwup, mesilerini geýse we bu täreti hem 16.00-da bozulsa, onda meshiň müddeti täret alyp, mesini geýen wagty 12.00-dan däl, eýsem täretiň bozulan sagatdan, 16.00-dan başlanar we yolagçy bolmaýanlar üçin ertesi gün sagat 16.00-a çenli dowam eder. Ýolagçy bolanlar üçin bu süre täretiň bozulan sagatdan başlap 72 sagatdyr.

Ýolagçy bolmaýan bir adam mesilerini geýeninden soňra, 24 sagatlyk wagty doldurmazdan, ýolagçylyga çyksa, meshiň möhleti 72 sagada çenli dowam eder. 24 sagatlyk wagt dolanyndan soňra, ýolagçylyga çykjak bolsa, onda çykmanka, mesi möhleti gutarandygy üçin aýaklaryny ýuwmaklygy zerurdyr.

Ýolagçy bolan bir adamyň 24 sagatlap mesi geýeninden soňra, ýolagçylygy tamamlansa, onda mesih wagty gutarar, 24 sagat dolmazdan ýolagçylygy tamamlanan bolsa, onda 24 sagaty tamamlar.

Mesiler üstünden nähili görnüşde meshedilmeli?

Täret alan wagtyňda, nobat aýaklara gelen halatynda, öňi bilen elleri öllemeli, sag eliň barmaklaryny sag aýagyň üstüne (aýagyň barmaklary tarapyna), çep eliň barmaklaryny-da çep aýagyň üstüne goýmaly. Barmak- laryň arasy açyk görnüşde aýaklaryň ujundan başlap, ýokary tarap, topuklaryň ýokarysyna çenli mesiniň üstünden bir gezek meshetmeli, sürmeli.

Mesileriň aşagy mesh edilmeli däldir. Mesileriň gapdalyna,ökjesine we gonjuna-da mesh etmek dogry däldir.

Sargy üstünden meshetmek

Endamyň haýsy hem bolsa bir ýerinde döwük ýa-da ýara sebäpli sargy bar bolsa, onda täret ýa-da boý täret kylynanda, sargy çözülip, sargynyň aşagy hem ýuwulmalydyr. Eger sargyny çözmek saglyk üçin zyýanly bolsa, sargyny çözmek hökmany däldir. Beýle ýagdaýda eli ölläp, sargynyň üstünden bir gezek meshedilmelidir.

Munuň ýaly sargylaryň üstüne meshetmekligiň belli bir möhleti ýokdur. Ýara gutulýança dowam eder. Sargy üstüne meshetmeklik üçin sargynyň täretli görnüşde baglanylmagy hökman däldir.

Sarga meshedileninden soňra, bu sargy çalşyrylsa, meshi gaýtalamak hökman däl.

Ýara gutulmazdan, sargy gaçsa, mesh bozulmaz. Ýaranyň gutulmagy bilen sargy aýrylsa, gaçsa, onda mesh bozular.Ýara gutulan ýagdaýynda sargy bar bolsa-da mesh ýene bozular. Şeýle ýagdaýda, ýara zyýan bolmajak görnüşinde sargy çözüler.

Ýaranyň üstünde derman bolup sargysy bolmadyk halatynda, suw zyýan bermeýän bolsa, onda ýara ýuwulmaly, suw zyýanlydyr hasap edilse, onda ýuwulman meshetmeli, eger ol hem zyýanly bolsa, onda ony hem etmeseň bolar.

Ýara üstündäki sargy ýara gutulmazdan namaz okaýarka gaçsa, namazy dowam etdirmeli.

Ýaranyň gutulmagy netijesinde gaçsa, meshedilen ýer ýuwulmaly we namaz gaýtadan okalmaly.

Meshi bozýan zatlar:

1. Täreti bozýan zatlaryň bary meshi-de bozýar. Şol sebäpli täzeden täret kylynan wagtynda mesileriň üstünden mesh etmek zerurdyr.

2. Mesileriň aýakdan çykarylmagy ýa-da öz-özünden çykmagy bilen hem mesh bozular.

Aýagyň köp böleginiň mesiniň gonjuna çenli çykmagy ýagdaýynda tutuşlygyna çykan hasaplanylýar.

Beýle ýagdaýda eger täretli bolsaň, onda diňe aýaklaryňy ýuwmaly.

Mesileriň diňe biri çykan bolsa-da iki aýagyňy-da ýuwmaly. Çünki täretde iki aýak bir organ bolandygy sebäpli, biriniň ýuwulmagynyň zerurlygy beýlekiniň hem ýuwulmagyny ýüze çykarar.

3. Mesi möhletiniň gutarmagy.

Mesi möhleti gutaranda, täretli bolan adamyň mesilerini çykaryp, aýaklaryňy ýuwmak ýeterlikdir.

Mesh möhleti namazdaka tamamlansa, şol namaz bozular.

Başa geýlen, ýüze çekilen örti, eşik, we ele geýlen ellik ýaly zatlaryň üstüne meshedilmez.