Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » MÜKELLEF (BORÇLY)

Borçly

Yslam dini borçly bolan adamlardan birnäçe zatlary berjaý etmeklerini, käbri zatlary bolsa ýerine ýetirmezligini talap edipdir, şeýle hem käbir zatlary etmekligide olaryň özygtyýarlygyna galdyrypdyr. Şeýlelikde, diniň emir eden zatlaryny berjaý etmeklige we gadagan eden zatlaryndan saklanmaklyga jogapkär bolana, ýetginjeklik ýaşyna ýeten akylly-başly adama borçly adam diýilýär. Yslam dini akyla ýüzlenýändir. Şol sebäpli akyly bolmaýan däliler bilen ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalar jogapkär, borçly hasaplanylmazlar. Görnüşi ýaly, bir ynsanyň dini düzgünlere jogapkär, borçly bolup bilmegi üçin özünde iki sany şertiň bolmagy zerurdyr: akyl, ýetginjeklik.

Akyl:Adamda bar bolan güýç-kuwwatdyr. Ynsan onuň bilen bilim eýesi bolar, ýagşy bilen ýamany seljerer we zadyň hakykylygyny şonuň kömegi bilen aňlar. Akyl eýesi bolan adama “akylly” diýilýär.

Ýetginjeklik (Bulüg):Ýetişenlik, ýetişmeklik. Çagalyk döwründen saýlanyp, ýetginjeklik ýaşyna gelmek diýmekdir. Bu hem belli bir ýaşa gelip, birnäçe häsiýetlere eýe bolmak bilen ýüze çykar, emele geler. Şeýle ýagdaýda belli bir ýaşa gelen ýa-da belli bir häsiýetli aýratynlyklara eýe bolan adamlara “Balig-Ergen” diýilýär. Ýetginjeklik ýaşy her adamda birmeňzeş bolmaz. Çagalaryň beden gurluşlaryna we yklym şertlerine görä tapawutlanar. Kämil bolmagy, öýlenende çaga öndermegi, erkekleriň ýetginjeklik ýaşyna gelendiklerini görkezýän alamatlarydyr. Özünde aýallara mahsus aýbaşy ýagdaýynyň başlamagy ýa-da durmuşa çykanynda göwreli bolmagyda gyzlaryň ýetginjeklik ýaşyna gelendikleriniň nyşanlarydyr. Ýetginjeklik erkek oglanlarda 12-15, gyz oglanlarda bolsa 9-15 ýaşlaryň arasynda bolýar. 15 ýaşyny dolduran ýagdaýynda-da özünde ýetginjeklik alamatlary görünmeýän çagalar oglan ýa-da gyz tapawudy ýok, ýetginjeklik ýaşyna ýeten hasaplanylýar we diniň düzgünleridir hökümlerine jogapkär, borçly bolýarlar.