Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » MYSAPYR (ÝOLAGÇY) NAMAZY

 “Safar” sözi sözlükde ýol almak, “mysafyr” sözi-de ýolagçy, myhman diýmekdir.

Dinı adalga görnüşinde sapar sözi adaty ýöreýüş bilen iň azyndan 18 sagatlyk ýol geçmekdir. Bir ynsan ortaça günde alty sagat ýüräp biler we üç günde 18 sagatlyk ýol geçer. Adaty şertlerde bir adamyň sagatda bäş kilometr ýüreýändigi kabul edilse, bir sagatlyk ýoluň uzaklygy takmynan 90 kilometr bolar.

Şonuň dini düşünjä görä mysapyr = ýolagçy myhman iň azyndan 90 kilometr uzaklyga ýolagçy bolan adamdyr. Şonuň bilen bir hatarda onuň myhman hasaplanyşy ýaly, giden ýerinde 15 günden az galan halatynda, ýene myhman hasaplanylar. Bu aralyga haýsydyr bir ulag bilen we gysga wagtlaýyn gidip gelen adama-da şol düzgünler degişlidir. Myhman bolmaýan adama bolsa “mukim” (ýerli) diýilýär.

Şondan az bir uzaklyga ýolagçy bolan adam dini taýdan myhman hasaplanylmaýşy ýaly, öýünden çykanynda iň azyndan 90 kilometr uzaga gitjegine niýet etmeýän, ýöne şonça ýa-da daha ondan has köp ýol geçen adam-da myhman hasaplanylmaz. Meselem, haýsy hem bolsa bir adamy gözlemek üçin ýola çykan adam öýünden çykanynda, nirä çenli ýa-da näçe kilometr çemesi ýol geçjekdigi bilmeýändigi üçin 90 kilometrden köp, aýdaly, 300 kilometr ýol geçse-de, ýene myhman hasaplanylmaz. Ýöne ýurdundan çykanynda 90 kilometr ýa-da ondan uzak bir aralyga gitjegine niýet etse we bu niýet bilen ýola çyksa, onda şol adam myhman hasaplanylýar.

Ýola çykmasa, diňe sapara niýet etmek bilen hiç kim myhman bolup bilmez. Şeýle hem myhman bolan bir adam şol ýerde uzak wagtlaýyn ýaşamaklyga niýet etse, onda şol adam “ýerli” hasaplanylýar.

Togsan kilometr ýa-da ondan has köp aralykda bir ýere gideniňden soňra, şol ýerde iň azyndan on bäş gün galmaga niýet edilmedik halatynda myhmançylyk dowam eder. Doksan kilometr gitmezden, yzyna öwrülmäge karar beren ýa-da ymykly ýaşamaga niýet eden adam “ýerli” (mukim) hasaplanylar.

Myhmançylyk bilen baglanyşykly düzgünlere has oňat göz ýetirip bilmeklik üçin, bir ynsanyň önüp-ösen, ýaşaýan ýeri, ýurdy manysyndaky “watan” diýen düşünjesiniň bilinmegi zerurdyr.

Watana üç sany görnüşde düşünmek mümkin:

1.Ata watan (“Watan-y asly”): asyl ýurt, ene toprak, müdimi mekan, dogduk diýar. Bir ynsanyň göbek ganynyň daman ýeri, doglan ýurdy ýa-da maşgala ojagyny guran ýeri, ýaşaýşyny, gün-güzeranyny görmek üçin göçüp ýerleşen oturymly ýeri diýmekdir.

2.Wagtlaýyn watan (“Watan-y ikamet”): Bir ynsanyň ýerleşmeklik, oturymlylyk maksady bolmazdan, bir ýerde iň azyndan on bäş gün ýa-da ondan hem has köp wagtlaýyn, geçiji görnüşde galmaklyga, ýaşamaklyga niýet eden ýeri diýmekdir.

3.Gysga wagtlaýyn watany (“Watan-y sükna”): ynsanyň on bäş gün dolmazdan aýrylmak üçin bolan ýeridir.

Bir adam asyl watany bolan dogduk diýaryndan gün-güzeranyny dolandyrmak üçin bir başga ýere ýerleşse, onuň doglan ýeri özi üçin “ata watan” bolmakdan çykýar, onuň ata watany ýerleşen ikinji ýer bolýar. Bu adam ýerleşen ýerinden doglan diýara gitjek bolsa, şol ýerde-de on bäş günden az galmaklyga niýet etse, onda şol adam myhman hasaplanylýar.

Muny bir mysal bilen düşündireliň:

Maryda (Samsunda) doglup, ondan soňra Aşgabada (Ankara) ýerleşen bir adam haýsy hem bolsa bir sebäp bilen dogduk diýary bolan Mara (Samsuna) giden wagty, bu ýerde on bäş günden az galmaklyga niýet etse, şol adam myhman hasaplanylýar we dört rekagatly parz namazlary iki rekagat okar. Eger on bäş gün ýa-da has köp galmakçy bolup, şoňa niýet etse, galan günlerinde namazlaryny doly görnüşde okamalydyr. Çünki bir ýerde iň az on bäş gün galmaga niýet eden adam “myhman” däl, “ýerli” (mukim) hasaplanylýar.

Ata Watan hökmünde ýerleşen ýerinde ýagdaý başgaçadyr. Meselem, Marydan (Samsundan) Aşgabada (Ankara) dönen bir adam, oturymly ýeri bolan Aşgabada (Ankara) girmek bilen myhmanlykdan çykar we namazlary doly görnüşinde okar. Bu ýerde “ýerli” (mukim) bolmak üçin on bäş gün galmaga niýet etmek şert däldir. Hatda sapar uzaklygynda (90 kilometr) bir ýola çykyp, haýsy hem bolsa bir iş üçin dönüp, öýüne gaýdan adam ýene myhman hasaplanylmaz. Şol wagtda öýünde namaz okamakçy bolsa, onda ol namazy doly görnüşinde okar.

Bir adam Ata Watanyndan 90 kilometr ýa-da ondan has uzakda bolan bir ýere gidip, şol ýerde iň azyndan on bäş gün galsa, bu ýeri onuň üçin wagtlaýn watananydyr (watan-y ikamet) we bu ýerde galdygyça, näçe wagt galsa-da namazlaryny doly görnüşde okar. Meselem, Aşgabatda (Ankarada) ýaşaýan bir adam on bäş gün galmak üçin giden ýerinde, ýagny Balkanabatda (İstanbulda) namazlalaryny doly görnüşinde okar. Çünki bu ýeri özi üçin bir wagtlaýyn ýaşamak üçindir (“watan-y ikamet”). Ondan soňra Başkanabatdan (İstanbuldan) Etrege (Edirnä) gidip, şol ýerde on bäş gün galanyndan soňra, Aşgabada (Ankara) gaýdanynda, ýolda gaýtadan ýene Balkanabada (İstanbula) barsa, şol ýerde on bäş günden az galan wagtynda myhman hasaplananar we dört rekagatly parz namazlary iki rekagat okar. Çünki mundan öň wagtlaýyn watan (watan-y ikamet) hökmünde on bäş gün galan ýeri Balkanabatdan (İstanbul) aýrylmak bilen wagtlaýyn watanlykdan (watan-y ikamet) çykýar. Şol ýere gaýtadan öwrülip baran adam täzeden on bäş gün galmaklyga niýet etmeýän bolsa, ol myhmandyr, dört rekagatly parz namazlary iki rekagat edip okar.

Balkanabatda (İstanbulda) bir iş üçin on bäş gün galyp, şol ýerden hem Çelekene (Bursa) giden wagtynda, 90 kilometr ýol geçmän ýene Balkanabada (İstanbula) dönse, onda şol wagtlarda okamakçy bolan namazyny iki rekagat okar.

Bir ýerde on bäş gün ýa-da şondan has köp galmaklyga niýet eden göçebeler (çarwalar) gonan ýerinde näçe wagt galsa “mukimdirler” çarwadyrlar, ýagny myhman däldirler. Şunuň ýaly adamlar 90 kilometrlik bir uzaklyga, ýolagçy bolmaklyga niýet etmese, bir otlagdan (örüden) başga bir otlaga (öri meýdanyna), bir guýudan başga bir guýynyň ýanyna göçmek bilen hem myhman bolmazlar. Ýöne tomus gonan ýerinden gyş wagtynda gyşlaga bir ýere göçmekligi neýet edip, şol aralyk hem 90 kilometr ýa-da ondan has köp (uzak) bolsa, ýol babatdan myhman hasaplanylýar. Iki ýerde birden ýaşamaklyk (ikamet) bolmaz. Meselem; bir adam gündiz bir ýerde işläp, gijelerine-de başga bir ýerde galsa, ýaşasa, onuň ýaşaýyş ýeri gije ýaşan ýeridir. Gündizleri işleýän ýerine gitmeklik bilen ol myhman hasaplanylmaz.

Gurban aýyndan (Zülhijjeden) öň Mekgä gelen adam Arafada çykma gününe 15 gün ýa-da şondan has köp bir wagt galan bolsa, şol adam mukim hasaplanylýar. Bu adam Arafada çykmak bilen ýaşaýyş ýerini (ikameti) üýtgetmez. Mekgede Arafat we Minada-da namazlaryny doly görnüşinde okar.

Gurban aýynyň (Zülhijjäniň) başynda Mekgä gelen adam Arafada çykyljak bolan Terwiýe gününe 15 günden az bir süre galandygy üçin ol myhman hasaplanylar. Çünki bu adam Mekgede 15 gün galan däldir. Myhmanlygyň aýrylmagy üçin Mekgede 15 gün galmaklyk zerurdyr.

Bir iş üçin giden ýerinde näçe gün galjakdygyna öňünden anyk netijä barmadyk adam bu gün ýa ertir diýip, “ertir-ertir” bilen şol ýerde on bäş günden köp galsa, hatda birnäçe aýlap galsa-da ýene myhmandyr.

Gämi, aýdaly, bir gämiçi üçin ýaşaýyş ýeri hasaplanmaýandygy üçin gämiçi gämi bilen ýola çykan wagtynda myhman hasaplanylar.

Özbaşdak karar bermeklige güýji bolmaýan, başga birine garaşly bolan adam giden ýerinde ýaşamak üçin galmaklyga niýet edip bilmez. Meselem; bir ýerde näçe wagta çenli galjakdygyna serkerde karar berjekdigi üçin, onuň garamagyndaky esger şoňa görä hereket eder, özbaşdak mukim ýa-da myhman bolmaklyga niýet edip bilmez. Iş beren, ýolbaşçy bilen işçi, mugallym bilen okuwçylaryň ýagdaýy-da şeýledir. Duşmanlaryň ülkesine giren esger bilen ýurduň içinde döwlete gozgalaň edenleri gabawa alan esger bolan ýerlerinde on bäş günden köp galmaklyga karar berselerde, olar sapar düzgünlerine (seferi hükümlere) tabydyrlar.

Ýolagçylar bilen baglanyşykly düzgünler

Ýolagçylykda käbir kynçylyklaryň bolýandygy sebäpli, dinimiz olara birnäçe ýeňillikler döredipdir.

Ýolagçy bolan adam dört rekagatly parz namazlary iki rekagat okar. Bulary dört rekagat okamaklygy mekrudyr. Iki rekagaty dört rekagat görnüşde okan halatynda, eger ikinji rekagatde Ettehiýýatü üçin oturan bolsa, başky iki rekagat parz ýerine geçer. Ahyrky iki rekagat-de nepil bolar. Ikinji rekagatde oturmadyk bolsa, namaz bozular. Ertir namazynyň iki rekagat parzy bilen agşam namazynyň üç rekagat parzy we üç rekagatly witir namazynyň doly görnüşde okalmagy zerurdyr. Ýolagçylykda wagt uýgun bolsa sünnetler gysgaldylman okalmalydyr.

Ýola çykan adam ýaşaýan şäheridir etrabynyň ýa-da obasynyň jaýlaryndan garasyny saýlanynda myhmanlyga başlan diýlip hasaplanylyşy ýaly, okajak namazlary şol ýerden başlap, gysgaldyp okar. Ýolagçylykdan gaýdyp gelnen wagtynda-da, ýaşaýan şäheridir etrabynyň ýa-da obasynyň jaýlaryna gözi düşeninden myhmançylygy-da tamamlanan hasaplanylýar.

Bir myhman namaz okaýarka, wagtlaýyn ýaşamaklyga niýet etse, okaýan namazyny dört rekagat görnüşinde tamamlar. Myhman bolan adam wagtyň başky etabynda dört rekagatly bir namazy iki rekagat edip okanyndan soňra, şol wagtyň dowamynda wagtlaýyn galmaklyga niýet etse, onda namazda bir üýtgeşiklik bolmaz. Ýöne wagtlaýyn galmaklyga niýet eden wagty heniz namazyny okamadyk bolsa, onda wagtyň soňunda namazyny dört rekagat görnüşinde okamaklygy zerurdyr.

Myhman bolan adam myhman bolmaýan, ýagny ýerli bir ymama uýsa, onda namazy onuň bilen bilelikde dört rekagat okar. Myhman bolan adam myhman bolmaýanlara, ýerlilere ymamlyk etse, ymam ikinji rekagatyň soňunda salam berer, myhman bolmaýan köpçülik bolsa, labyzly okuwsyz görnüşde, dik durup hiç hili zat okaman, özbaşdak görnüşde dört rekagaty tamamlar. Şeýle ýagdaýda myhman bolan ymamyň, namazdan öň köpçülige “men bir myhmandyryn, siz namazyňyzy doly görnüşde tamamlaň” diýip aýtnaklygy ýerlikli hasaplanylýar.

Bir adam myhman bolan halatynda şol döwür içinde okamadyk namazlaryny ýolagçylygy tamamlap, öýüne gaýdyp geleninden soňra iki rekagat görnüşinde kaza eder. Oturymly, ýerli (mukim) wagtyndaka, ýagny sapara, ýola gitmedik döwründe okamadyk namazyny myhman wagty kaza etjek bolsa, onda şol adam namazy dört rekagat görnüşinde kaza eder.

Myhman Oraza aýynda islese, agzyny beklär, orazasyny tutar, islese-de, soňa galdyryp, öz ýurduna baranynda tutar. Ýöne oraza tutmagynda, agyz beklemeginde bir kynçylyk ýüze çykmaýan bolsa, myhmanyň Oraza aýynda öz orazasyny tutmagy has peýdalydyr, sogaplydyr.

Myhman aýagyndaky messilere 72 sagat mesh edip biler, juma we baýram namazlaryny okamagy-da gaty bir hökman däl. Ýöne okasa, namazy bolar. Juma namazyny okamadyk halatynda, öýle namazyny okamagy zerurdyr. Myhmana gurbanlyk kesmek hem wajyp däldir. Ýöne kesse, ýerlikli hasaplanylýar we sogap gazanar.