Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » NEPİL NAMAZLAR

Parz, wajyp we bäş wagt namaz bagly bolan sünnetlerden başga sogap gazanmak maksady bilen okalýan nepil namazlar bardyr. Olaryň käbirleri şulardan ybaratdyr:

Gije namazy (Tehejjüd namazy)

Ýassy namazyndan soňra heniz ýatmazdan ýa-da biraz ýatyp, uklap turanyňdan soňra okalýan gije namazydyr. Bu namazyň sogaby örän kändir, şonuň üçin muny Pygamberimiz hem dowam etdiripdir.

Gije namazy mendupdyr, şerigat düzgünlerine görä hem ýerliklidir.

Iň azyndan iki, iň köpi bolsa sekiz rekagatdyr. Iki rekagatdan soňra salam berlip okalmagy has peýdalydyr.

Hormatly Pygamberimiz (A.S.) bu hakda şeýle diýip belläpdir: “Her kim gijesine oýanyp, ýanýoldaşyny-da oýandyryp, iki rekagat namaz okasa, Allany köp zikir eden erkekleriň we zenanalaryň sanawyna ýazylarlar.” (Ebu Dawut, Salat, 307.)

Allany köp zikir eden erkeklere we zenanalara bolsa beýik Allatagala bagyşlamaklyk bilen bilelikde uly eşretlilik sowgadyny taýýarlandygyny mukaddes Gurhanda beýan edipdir. (Ahzab: 35.)

Metjit hormaty namazy (Tahiýýetül-mesjit)

Metjide giren adamyň iki rekagat namaz okamaklygy sünnetdir. Metjide goýlan hormaty beýan edýän bu namaza “tahiýýetül-mesjit” diýilýär, munuň many-mazmuny metjidiň eýesine, ýagny beýik Allatagala tagzym etmekdir.

Metjide giren dessiňe, oturmazdan okamak has peýdalydyr. Oturanyňdan soňra hem okamak bolar. Namaz okalmagy mekru bolan bir wagtda metjide girilse, onda metjit hormaty namazy okalmaz.

Metjide parz namazy okamak üçin giden adamyň okajak bu namazy metjit hormaty namazynyň ýerine geçer. Bir günde metjide birnäçe gezek giren adamyň bir gezek metjit hormaty namazyny (tahiýýetül-mesjid) okamaklygy ýeterlikdir. Bu namazy her kim islese, başky, birinji girişinde, islese-de soňky girişinde okar, ol her kimiň özüne baglydyr.

Mesjid-i Harama togap etmek üçin giren adam metjide hormat namazyny (tahiýýetül-mesjid) okamaz. Çünki şol ýeriň hormaty (tahiýýesi) togapdyr. Togap etmek niýeti bilen girmedik bolsa, onda metjide hormat namazyny (tahiýýetül-mesjid) okar.

Guşluk namazy

Gün doganyndan soňra takmynan 50 minut töweregi wagt geçeninden soňra başlap, zowal (öýle) wagtyna çenli bolan watyň içinde iň azyndan iki, iň köp bolsa on iki rekagat namaz okamak ýerliklidir. Muňa guşluk namazy diýilýär, başgaça “duha namazy” hem diýlip atlandyrylýar. Sekiz rekagat görnüşinde okalmagy has peýdalydyr. Bu namazy Pygamberimiz hem okapdyr.

Tesbi namazy (Tesbih namazy)

Tesbi namazy dört rekagatdyr. Her bir rekagatde ýetmiş bäş sapar gaýtalanyp, dört rekagatde jemi üç ýüz gezek:

 “Sübhanellahi wel-hamdü lillahi we la ilahe illelahü wellahü ekber” diýlip, tesbi okalar.

Tesbi namazyny okamaklygyň sogaby örän uludyr. Pygamberimiz tesbi namazyny okamaklygy maslahat beripdir we bu namazy okan adamlaryň günäsiniň bagyşlanjakdygyny ýörite habar beripdir.

Tesbi namazy her wagt okalyp bilner. Aýda ýa-da ýylda bir gezek, hiç bolmasa, ömrüňde bir sapar okalmalydyr.

Tesbi namazy şeýle okalmalydyr:

Birinji rekagat:

“Allanyň razylygy üçin namaz okamaga niýet etdim” diýip niýet etmeli.

“Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbirini alınmalı we gollaryňy biribirine gowşurmaly.

Dik durup şeýle tertipde: Sübhanekäni okamaly. Soňra 15 sapar tesbi okamaly. Ondan soňra Euzü-Bismillany, Fatihany we ýene bir süräni okamaly hem-de ýene 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel azim” diýmeli, soňra-da 10 sapar tesbi okamaly.

“Semiallahü limen hamideh” diýip,galmaly we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. Bu ýerde-de 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we bu ýerde üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýeniňden soňra, 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejdeden galyp, oturmaly we 10 sapar tesbi okamaly.

Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola alyn diremeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. Yzyndan bolsa 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, ikinji rekagat üçin ýokary turmaly we gollaryňy gowşurmaly.Ondan soňraky bölümlerde şonça mukdarda tesbi okamaly. Muny şeýle berjaý etmeli:

Ikınji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: 15 sapar tesbi okamaly, Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel- azim” diýmeli, soňra-da 10 sapar tesbi okamaly.

“Semiallahü limen hamideh” diýip, galmaly we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. Bu ýerde-de 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we bu ýerde üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýeniňden soňra, 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejdeden galyp, oturmaly we 10 sapar tesbi okamaly.

Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. Yzyndan bolsa 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber”diýip, dikelip oturmaly. Oturyşda Ettehiýýatüni okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, ýokary turmaly we üçünji rekagat üçin gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Dik durup, 15 sapar tesbi okamaly, Bismilla, Fatiha we bir süre oka lar. 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel- azim” diýmeli, soňra-da 10 sapar tesbi okamaly.

“Semiallahü limen hamideh” diýip, galmaly we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. Bu ýerde-de 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we bu ýerde üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýeniňden soňra, 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejdeden galyp, oturmaly we 10 sapar tesbi okamaly.

Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. Yzyndan bolsa 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, dördünji rekagat üçin ýokary turmaly we gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Dördünji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: 15 sapar tesbi okamaly, Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel- azim” diýmeli, soňra-da 10 sapar tesbi okamaly.

“Semiallahü limen hamideh” diýip, galmaly we dik durup, “Rabbe- na lekel-hamd” diýmeli. Bu ýerde-de 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we bu ýerde üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýeniňden soňra, 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, sejdeden galyp, oturmaly we 10 sapar tesbi okamaly.

Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. Yzyndan bolsa 10 sapar tesbi okamaly.

“Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly.

Oturyşda Ettehiýýatüni, Allahümme sallini, Allahüme bariki we Rabbena atina... dogalaryny okamaly.

Ilki saga, soňra çepe salam berip, namazy tamamlamaly.

Şeýlelikde dört rekagat namazda jemi 300 sapar “Sübhanellahi welhamdü lillahi we la ilahe illellahü wellahü ekber” görnüşdäki durnukly aňlatma okalýar.

Hajat namazy

Hajat namazy şerigat düzgünlerine görä mendupdyr. Dünýä we ahyrete degişli bir mätäçligi bolan adam ýassy namazyndan soňra iki rekagat namaz okar, soňra Allatagala sena hem-de Pygamberimize salat we salam aýdar, yzyndan “Hajat dogasyny” okar we dilegleriniň berjaý edilmegi üçin Alladan haýyş eder.

Hormatly Pygamberimiziň beýan eden hajat dogasy şudur:

Okalyşy:

 “La ilahe Illallahul-halymül-kerim. Sübhanellahi Rabbil-arşil-azim. Elhamdü lillahi rabbil-alemin.Es-elüke mujibati rahmetike we azaime magfiretike wel-ganimete min külli birrin wes-selamete min külli ismin la tedali zenben illa gaferteh we hemmen illa ferrejteh, we la hajeten hiýe leke ridan illa kadaýteha ýa erhamerrahimin.” (Tirmizi, Salat, 348)

Manysy:

“Halym we kerim bolan Alladan başga taňry ýokdur. Beýik arşyň rabby bolan Alla bütin nogsanlyklardan örän uzakdyr. Hamd älemleriň rabby bolan Alla mahsusdyr. Allahym! Rahmetiňe alyp baran we günäleri bagyşlamaklygyňy ýüze çykaran zatlary görkezmegiňi, her hili ýagşylyklara eltmegiňi we her bir günäden halas etmegiňi senden haýyş edýärin.Allahym! Meniň boýnumda bagyşlanmadyk günämi şatlyga öwrülmedik gussalarymy galdyrma, seniň razy bolan zatlaryňdan maňa hiçbir mätäçlik goýma. Eý,beýik mertebelim, rehimdarlaryň rehimdary!”

Bu dogadan soňra dünýä we ahyret bilen baglanyşykly dileglerini Alladan haýyş eder.

Yhlas-haýyr namazy (Istihare namazy)

Haýyr namazy mendupdyr. Bir adam edilmeli bir işiň haýyrly bolup-bolmazlygynyň özüne Allatagala tarapyndan habar berlip bildirilmegi maksady bilen ýatmazdan öň iki rekagat namaz okar.

Namazyň birinji rekagatda Fatihadan soňra “Kafirun” süresini, ikinji rekagatdan soňra “Ihlas” süresini okar. Namazyň yzyndan-da Haýyrlylyk (istihare) dogasyny okar. Ybadat etmek we sogap gazanmak ýaly ýagşy işler üçin ýa-da haramdyr günä ýaly ýaramaz işler üçin haýyr namazy okalmaz.

Haýyrlylyk edilmeginiň dogry we göwnejaý bolup-bolmazlygy bilinmedik işlerinde ediler we ýedi gezek gaýtalanylar.

Anyk netijä gelinmedik bir işde haýyrlylyk islenilenden soňra adamyň göwnüne jaýlyk geler we ilkinji gezek ýürege düwen zadyň haýyrly bolandygy kabul edilip, şol boýunça hereket ediler.

Haýyr namazyny okamaklyga mümkinçilik bolmasa, onda diňe onuň dogasyny okamak bilen çäkleniler.

Hormatly Pygamberimizden nusga alarly görnüşde gürrüň edilýan haýyr dogasy şudur:

Okalyşy:

“Allahümme! Inni estehiruke bi ilmike we estakdiruke bi kudretike we eselüke min fadikel-azim. Feinneke takdiru we la akdiru we talemu we la alemu we ente allamülguyub.

Allahümme! In künte talemü enne hazel-emre haýrün ly fy dyny we meaşy we akibeti emri, we ajili emri we ajilihy fakdürhu ly we ýessirhü ly sümme barikly fyhi.We in künte talemü enne hazel emre şerrun ly fy dyny we meaşy we akibeti emry we ajili we ajilihy fesrihu anny wesrifny anhü fakdür liýel haýre haýsü kane sümme ardiny bihy.” (Buhary, Tehejjüd, 25.)

Manysy:

“…Allahym! Seniń her bir zady bilýändigiń üçin haysynyń gowydygyny mańa bildir, öz gudratyń bilen mańa güýç-kuwwat bermegińi haýryń üstüni açyp, ońa tarap ugrykdyrmagyńy seniń beýik fazlu keremińden islärin. Çünki seniň her bir zada güýjüň ýeter, meniň bolsa hiç zada güýjüm ýetmez. Sen ähli zady bilýärsiň, meniň bolsa üýtgeşik bilýän zadym ýok. Sen ähli gizlin zatlary bilýänsiň. Allahym! Sen bilersiň, eger bu iş (haýsy iş bolsa, haýsy işden haýyrlylyk dileýän bolsa, şonuň adyny atlandyrmaly....) meniň dinim, ýaşaýşym, işimiň netijesi, dünýäm we ahyretim üçin haýyrly bolsa, onda ony maňa takdyr eýle mańa ony ańsatlaşdyr we bu işi mańa bolsa mübärek eýle.

Eger bu iş meniň dinim, ýaşaýşym, işimiň netijesi, dünýäm we ahyretim üçin haýyrsyz,ýaramaz bolsa, onda ony menden uzaklaşdyr meni ondan uzaklaşdyr. Hayyr nirede bolsa, meni oňa tarap ugrukduraweri, meni haýyr iş bilen hoşal eýle.”

Toba namazy

Bir musulman günä iş etse, derrew oňa ökünip, ondan toba etmekligi zerurdyr. Eden günäden toba etmek üçin oňat täret alyp, iki rekagat namaz okamagy ýerlikli hasaplanylýar.

Hormatly Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir: “Haýsydyr bir gul bir günä iş eden wagty oňatja täret alar, soňra iki rekagat namaz okar we günäden bagyşlanylmagyny dileg etse, onuň günäsi geçiriler.” (Ibn Maje, Salat, 193.)

Adamyň ýaradylyşyndan çen tutsaň, ol wagtal-wagtal säwlikler goýberip, günä iş edip bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda eden etmişlerine ökünip, derrew günä işlemekligi taşlamaly, hakyky görnüşde tüýs ýürekden toba etmeli we günäsiniň geçilmegini beýik Allatagaladan haýyş etmelidir, dilemelidir. Günäden halas bolmaklygyň çäresi toba etmekdir we Allatagaladan ötünç soramakdyr (essapyralla diýmekdir).

Hormatly Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir: “Günälerinden hakyky görnüşde toba eden adam hiç hili günä etmedik ýalydyr.” (Ibn Maje, Zühd, 30.)

Toba we essapyralla her wagt edilip ýa-da aýdylyp bilner. Ýöne säher wagtynda köpräk essapyralla diýip, Allatagaladan ötünç soramak has ýerlikli hasaplanylýar. Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda säher wagt- larynda essapyralla diýenleri öwüpdir. (Zariýat, 51/18)

Toba we essapyralla dogalarynyň esasy we örän peýdalysy hormatly Pygamberimiziň beýan eden “Seýýidül-istigfar” dogasydyr.

“Seýýidül-istigfar” dogasy şundan ybaratdyr: Okalyşy:

 “Allahümme ente rabby la ilahe illa ente halakteny we ene abdüke we ene ala ahdike we wadike mestetatü euzü bike min şerri ma sanetü ebuu leke bi nimetike aleýýe we ebuu bizenby fagfirly la ýegfirüz-zünube illa ente.”

Manysy:

“Allahym! Sen Rabbymsyň, senden başga taňry ýokdur; meni sen ýaratdyň, men seniň guluň, güýjüm ýetdigiçe, ömürbaky saňa beren ähdime we wadama durnuklydyryn. Allahym! Eden etmişlerim üçin saňa sygynýaryn. Maňa beren nygmatlaryňy kabul edýärin. Günälerimi-de boýnuma alýaryn. Günälerimi bagyşla, çünki günäleri diňe sen bagyşlarsyň.”

Pygamberimiz musulman bolan adamyň jennete girjekdigini habar bermek üçin şeýle diýip belläpdir:

“Her kim sogapdyr bähbitlerine ynanyp, bu dogany gündizine okap, şol günüň agşamy amanadyny tabşyrsa, şol adam jennete girjekleriň hataryna goşuljakdyr. Kimde-kim sogapdyr bähbitlerine ynanyp, bu dogany gijesine okap, şol günüň ertiri amanadyny tabşyrsa, şol adam hem ýene jennete girjekleriň hataryna goşuljakdyr.” (Buhary, Deawat, 2.)

ÝAGMYR DOGASY (ISTISKA)

“Istiska” sözlüklerde birinden suw dilemek manysynda ulanylýar.

Adalga görnüşinde, ýagmyr, ýagyş ýagmaýandygy sebäpli emele gelen guraklyk wagtynda Alladan ýagyş-ýagmyr islemek diýmekdir. Muňa Türkmençe “ýagmyr dogasy” diýilýär.

Agyz suwy we ulanmak üçin suw bolmadyk halatynda haýwanlary, mellegi we bag-bakjany suwarmak üçin guýudyr ýa-da derýa suwlary bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem suw üpjünçiligi ýeterlik bolmaýan ýerlerdäki halkyň ýagyşdyr ýagmyr ýagdyrmagy üçin Allatagala ýalbarmagy, oňa doga etmegi jaýyzdyr. Ýagmyr dogasy hormatly Pygamberimiz we onuň egindeşleridir halifeleri tarapyndan hem aýdylypdyr.

Hz. Äşeden (R.A.) şeýle rowaýat aýdylypdyr: Käbir adamlar ýagyşdyr ýagmyr ýagmadygy üçin guraklyk sebäpli kynçylyga düşendiklerini Pygamberimize aýdypdyrlar. Şonda Pygamberimiz:

-“Ýagyşdyr ýagmyryň ýagmaýandygyndan zeýrenýärsiňiz, şoňa görä Allatagala özüne doga edilmegini emir edendir we şol dogaňyzy kabul etjekdigini-de habar berendir” (Ebu Dawut. Salat, 260.) diýeninden soňra, ellerini ýokaryk galdyryp, doga edipdir. Şol dogadan soňra Allatagalanyň gudraty bilen ýagmyr ýagypdyr.

Üç gün yzly-yzyna köpçülik bolup obanyň daşyna çykyp, ýagmyr dogasyny aýtmak müstehapdyr. Dogadan öň garyp-gasarlara sadaka bermek, her kimiň günälerinden saplanmagy, toba etmegi we essapyralla diýmegi, nähak ýere alnan zatlaryň öz eýelerine gowşurylmagy zerurdyr. Ýagmyr dogasyna gidileninde, sypaýy we ýalbaryjy görnüşde bolmak hem-de ýanyň bilen ýaşululardyr çagalary, mal-garalary hem äkitmek müstehapdyr.

Ýagmyr dogasynda kybla tarap öwrülmeli, ymam dik durup, ellerini ýokaryk galdyryp doga etmeli, köpçülik hem oturan ýerinde “ämin” (omyn) diýmeli.

Pygamberimiz tarapyndan aýdylan ýagmyr dogalaryndan biri şeýledir:

“Allahümmeeskyna gaýsen mugysen, henien, merien, merian, gadekan, müjellilen, sahhan, ammen, tabakan daima.

Allahümme! Eskynel-gaýse we la tejalna minel-kaanityn. Allahümme! Inne bil-biladi wel-ibadi wel-halky minel-le wai weddanki, ma la neşku illa ileýk..

Allahümme! Enbit lenez-zer’a we edir leneddara we esyna min be- rakatis-semai. We enbit lena min berekatil-ardi.

Allahümme! Inna nestagfirüke inneke künte gaffara, fe-ersilis-semae aleýna midrara.”

“Allahym bize bol, peýdaly, her tarapa akan, yeri suwlaýan ýagyş (ýagdyr) yhsan eýle.

Allahym bize ýagmyr ber. Bizi umytlarymyzy kesenlerden etme.

Gullarda, ýerlerde we ýaradylan zatlarda şeýle bir darlyk (kynçylyk) bardyr, ýöne senden başgasyna arz etmeris.

Allahym! Biziń üçin ekinlerimiz ýetişsin, sagylýan mallarymyz süyt bersin, asmanyń bereketleri we ýeriń bereketleri bilen bizi begendir, bereketlendir.

Ey beýik Allam! Biz senden magfiret bagışlanmak dileýäris. Şüphesiz sen köp gunäleri bagyşlaýjysyń. Bize asmandan bol we haýyrly yagmyr ýagdyr.”

Ýagmyr ýaganynda bolsa:

 “Allahümme saýýiben nafian” diýmeli. (Manysy: Allahym! Bu ýagmyry biz üçin bereketli we peýdaly eýle!)

Ýagyş aşa köp ýagyp, zyýan ýeter öýdülip gorkulan halatynda:

“Allahümme hawaleýna we la aleýna” diýmeli. (Manysy: Allahym! Bu ýagmyry zyýan bermejek ýerlere ýagdyr, biziň üstümize welin ýagdyrma diýilip doga ediler. Ymam Agzama görä, ýagmyr dogasynda okalmaly bir sünnet namazy ýokdur. Ýöne köpçüligiň aýry-aýry görnüşde namaz okamagy jaýyzdyr. Doga edilende, egin-eşikleri ters geýmek hem dogry däldir, biderek zatdyr.

Küsuf namazy

Gün tutulan wagty iki rekagat köpçülik bolup okalýan namazdyr. Şeýle ýagdaýda (ýagny gün tutulan halatynda) hormatly Pygamberimiz hem metjide baryp, köpçülik bilen iki rekagat namaz okapdyr.

Bu namazy juma namazyny okadan ymam okadar. Bu namazda azan okalmaz we kamat aýdylmaz.Labyzly okuw daşyňdan okalmaz. Juma namazynyň ymamy ýok bolsa, onda köpçülik namazy özbaşdak (köpçülik bolman, her kim özbaşdaklygyna) okar.

Pygamberimiziň ogly Ybraýymyň aradan çykan güni gün tutulypdy.Halk Ybraýymyň ölümi sebäpli gün tutuldy diýipdiler.Şonda hormatly Pygamberimiziň günüň we aýyň tutulmagy bilen baglanyşykly ynanjyň, düşündirişiň ýalňyşdygyny şeýle beýan edipdir:

“Gün we aý hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy bilen baglanyşykly tutulmaz. Beýle ýagdaýa duçar bolsaňyz, namaz okaň we Allatagala doga ediň.” (Buhary, Küsuf, 1; Müslim, Kusuf, 5.)

Hüsuf namazy

Aý tutulan wagty iki ýa-da dört rekagat okalýan namazdyr. Bu namaz köpçülik bolup däl, öýde özbaşdak okalar.

Güýçli apy-tupan, ýer titremegi we ýokanç keseller ýaly howply wakalar ýüze çykan halatynda-da günüň, aýyň tutulyşyndaky ýaly görnüşde namaz okalar.