Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Täretiň parzlary

 Mukaddes Gurhanda täret bilen baglanyşykly aýatdan-da anyk düşüniljekdigine görä täretiň parzlary dört sanydyr. Bular: 

1. Ýüzi bir gezek ýuwmak. Ýüz alnyň, maňlaýyň iň ýokary tarapynda saç biten ýerinden eňegiň aşagyna çenli we iki gulagyň düýbüniň arasynda bolan ýerdir. Gür bolan sakgallaryň diňe üstüni ýuwmak ýeterlikdir. Sakgal selçeň bolsa, onda onuň aşagyndaky teniň hem ýuwulmagy zerurdyr. Murt we gaşlar hakyndaky düzgün-de hut şonuň ýalydyr. Sakgalyň aşagyndaky deri görünmeýän bolsa, onda sakgal gürdür. Deri görünýän bolsa-da, ol seýrekdir. Ýüz ýuwlan halatynda kirpikler bilen göz uçlarynyň ýuwulmagy zerurdyr. Gözüň içini ýuwmak hökman däldir. 

2. Elleri tirsekler bilen birlikde bir gezek ýuwmak. Tirsekleriň has ýokarsynyň ýuwulmagy zerur däldir. Barmaklaryň bolan tarapyndan başlap, tirseklere çenli ýuwmak sünnetdir. Tirseklerden başlap, barmaklaryň tarapyna çenli ýuwmak mümkin bolsa-da, sünnete laýyk däldir.

3. Başyň dörtden bir bölegini meshetmek. Meshetmek başga bir ýerde ulanylmaýan nemliligi, öli (suwly) bir ýere degirmek, süýkemek diýmekdir. Eller ýuwlanyndan soňra, ondan artan suw bilen başyň meshedilmegi dogry bolmaz. Çünki bu suw ulanylan suwdur. Başyň meshedilmegi üçin gaýtadan täze suw alynmagy zerurdyr. Başda meshediljek ýer iki gulagyň üst tarapynda galan ýerdir. Bu ýeriň dörtden birini meshetmek ýeterlikdir. Gulaklardan aşaga sallanan saçlaryň üstüne meshedilmez. Şeýle saçlar başyň üstünde topby edilen hem bolsa ýene-de meshedilmez. 

4. Aýaklary topuklaryň bilen birlikde bir gezek ýuwmak.( Şafiilere görä täretiň parzlary alty sanydyr:

1.Niýet etmek,

2.Ýüzi ýuwmak,

3.Elleri tirsekler bilen bilelikde ýuwmak,

4 .Başy meshetmek,

5. Aýaklary ýuwmak,

6. Bu agzalary şol tertibe görä ýuwmak.)

 Aýaklaryň iki tarapynda çykgyt ýagdaýynda bolan süňklere “topuk” diýilýär. Aýaklary ýuwan halatyňda topuklary-da ýuwmak zerurdyr. Olar-dan ýokarysyny ýuwmak hökman däl. Täretde aýaklary ýuwmak parzdyr. Ýalaňaç aýaklara meshetmek dogry däldir. Aýaklara ýalaňaç görnüşinde meshediljekdigini düşündirenler täret bilen baglanyşykly aýatda (warjlkm) sözüni (brwskm) sözüne öwrüp, (warjlkm)  lamyny asra okaýar we muňa esaslanyp-da, aýaklaryň ýalaňaç görnüşinde-de mesh edilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar. Şoňa görä (warjlkm) sözüniň lam harpy hem “üssün” hem-de “asra” görnüşinde okalýandyr, ýagny ikisi-de dogrydyr. “Üssün” okalan halatynda aýat: “Aýaklaryňyzy-da ýuwuň”, “asra” edilip okalanda-da: “aýaklaryňyzy-da meshediň” manylaryny berýär. Bu manylardan haýsy dogruka? Fykyh usulynda bellenilişi boýunça birden köp many ähtimaly bolan “nasslar” gysgaça aňladylýandyr.Täret aýatyndaky (warjlkm) sözi hem şeýledir. Gysgaça berlen bu aýatda haýsy many göz öňünde tutulypdyr? Ýagny, täretde emir edilen esasy zat aýaklaryň ýuwulmagymy ýa-da meshedilmegimi? Muny anyklaýan bir deliliň bolmagy zerurdyr. Bolmasa iki mana hem dogry we deň gelen aýatyň bir delile esaslanmazdan aýaklaryň ýuwulmagyny beýan eden manysyny taşlap, beýleki manysyny saýlap alyp, ýalaňaç aýaklaryň meshedilmegine höküm etmegiň ylmy bir delili bolmaz. Gurhandan soňra dini düzgünleriň delili bolan ikinji deliliň pygamberimiziň sünnetidigine şübhe ýokdur. Şol sebäpli täretde aýaklaryň ýuwulmagy ýa-da meshedilmegi babatdaky düzgüniň sünnet bilen anyklanylmagy zerurdyr. Hem hereket bilen hem-de dil üsti bilen edilen sünnete garanymyz-da, pygamberimiziň täretde aýaklaryny ýuwandygy baradaky maglumat bar bolsa-da onuň ýalaňaç aýaklaryny meshetdigine degişli hiç bir hakyky ynandyryjy rowaýatyň ýokdugy görülýär.(Jessas, Ahkümül-Kuran, j. 2, s. 345 ) 

Hatda pygamberimiz täretde aýaklaryny ýuwan halatynda bir bölegini gury galdyran

“otda ýanjak topuklaryń waý halyna”(Buhary, Wudu, 29; Müslim, Tahare, 9; Tirmizi, Tahare, 31; Ebu Dawut, Tahare, 97; Nesei, Tahare, 90) -diýip, duýduryş berer eken. Täret kylan bir kişiniň aýagynda dyrnak çemesi bir ýeri öllemedigini göräýse-de, “Yzyňa gaýt, bar-da täretiňi oňatja al” diýip yzyna gaýtarar eken, şol adam hem gaýtadan täret alyp ondan soňra namazyny okar eken.(Müslim, Tahare, 10; Ebu Dawut, Tahare.)

 Pygamberimiziň sözleri we täretde hut özüniň aýaklaryny ýuwan bolmaklygy aýatda göz öňüne tutulan düzgüniň “täretde aýaklaryň ýuwulmagynyň zerurlygyny” anyk şekilde görkezýändir. “Jerr” düzgünine esaslanyp, täretde aýaklaryň meshedilmeginiň zerurlygyny düşündirjek bolmaklygyň hajatyda ýokdur. Galybersede, täret ilki bada Mekgede “Wahý-i gaýr-i mütlüww” (sözler görnüşinde okalmazdan, gönüden-göni pygamberiň gursagyna guýulma) ýoly bilen parz edilendir we ondan soňra Medinede bu aýat bilen beýan edilendir. Çünki täret özbaşdak bir ybadat bolman, eýsem namaza tabyn bolandygy sebäpli ahmal edilip, şertleriň berjaý edilmezliginiň öňüni almak üçin “wahý-i metlüww” bilen ýörite bellenilendir.(Dürerül-Hükküm, Şerhü Gureril-Ahkam. J. 1, s. 7)

Aýaklaryň ýuwulmagynda  (alil kgbýn) sözi bilen topuklar bilen çäklendirilmegi-de aýaklaryň ýuwuljakdygyny görkezýändir. Çünki, mesihde “şu ýere çenli” diýen bir çäklendirme hakynda gürrüň edilmeýär. Şeýle hem iň köp ýuwlup arassalanmagy zerur bolan aýaklaryň täretde ýuwulmazlygy yslamyň arassaçylyk düşünjesi bilen badaşmaýşy ýaly, täret aýatynyň soňundaky: “Alla size kynçylyk döretmek islemez, emma sizi ap-arassa etmek islär.” diýilip düşündirilen arassaçylyk düzgüninede ters gelýändir. Eger aýatda aýaklaryň meshedilmegi göz öňünde tutulan bolsady, onda başyň meshinden diňe (brwskm)beýan edilişi ýaly, aýaklarda-da diňe(warjlkm)  diýmek ýeterlik bolardy, netijede  (alil kgbýn) sözleriniň geregi hem bolmazdy. Bularyň baryndan şeýle netije gelip çykýar: aýat-y kerime her näçe meňzeş manyny berýän hem bolsa-da, aýaklaryň ýuwulmagynyň parz bolandygy babatdan has kämildir. Diňe topugy ýa-da aýagynyň bir bölegi bilen topugy galjak görnüş-de aýagy kesilen adamyň galan bölegini ýuwmagy zerurdyr. Goly kesilen adam golyny ýuwmaz. Tirsek ýa-da tirsek bilen bilelik-de golunyň bir bölegi galmadyk bolsa, onda galan bölegini ýuwmalydyr. Täretde ýuwulmagy zerur bolan organ agzalarynda suwuň derä ýetmegine päsgel bolan hamyr, mum we ýelim ýaly ýelmeşýän zatlaryň aýrylmagy zerurdyr. Suwuň geçmegine päsgel boljak görnüşinde gatlak emele getiren dürli syrça we boýag hem şeýle düzgüne degişlidir. Suwuň geçmegine päsgel bolmaýan hyna bilen boýagçynyň dyrna-gynda galan boýalar zerurlyga görä täret kylmaklyga päsgel bolmaz. Barmaklar aralaryna suw geçirmejek görnüşinde bitişik bolsa suwuň barmaklaryň aralaryna çenli ýetirilmegi zerurdyr. Barmakda bolan dar ýüzügiň hereket etdirilip, eýläk-beýläk towlap, suwy onuň aşagyna çenli ýeter ýaly etmelidir. Täret kylanyňdan soňra, saçlar syrdyrylsa, başa gaýtadan meshet-mekligiň gerekmeýşi ýaly, täret kylanyňdan soňra, sakgal, murt we dyrnaklar kesilen halatynda-da bularyň gaýtadan ýuwulmagyna zerurlyk ýokdur. Täret agzalarynda bolan ýaranyň ýuwulmagy zyýanly bolsa, dermanyň üstüne suw akydylar. Bu hem zyýanlydyr öýdülse, onda diňe ýaranyň üstüne meshediler. Eger meshetmek-de zyýanly bolsa, onda terk edilip bilner. Gözi kesel bolan adamyň gözüne suwuň zyýan berjegini öz tejribesi esasynda biler ýa-da muny hünärli musulman bir doktor aýtsa, onda keseli dowam edýän döwründe gözüne suw degirmez.

Täretde wajyp ýokdur.