Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » SÄWLIK (SEHIW) SEJDESI

Namazda bir hereketi gijä galdyrmak, tertibinden öňe almak, gaýtalamak, bir wajyby terk etmek, öz wagtyndan gijikdirmek ýa-da üýtgetmek sebäpli namazyň soňunda säwlik sejdesini berjaý etmek wajypdyr. Parzlardan biriniň unudylyp ýa-da bilgeşleýin ýerine salynmadyk halatynda namazyň bozulýandygy üçin, namaz säwlik sejdesi bilen gutarylmaz, namazyň gaýtadan okalmagy zerurdyr. Wajyplardan haýsy hem bolsa biriniň bilnip, taşlanylsa, säwlik sejdesi hökman däl, namazyň täzeden okalmagy wajyp bolar.

Säwlik sejdesi nähili berjaý edilmeli?

Namazda parzlaryň ýa-da wajyplaryň biri unudylyp, gijä galdyrylsa, ýa-da wajyplaryň biri taşlanylsa, namazyň ahyrky oturyşynda diňe Ettehiýýatüni okap, sag tarapa salam bereniňden soňra:

“Allahu Ekber” diýip, sejde ediler. Bu ýerde üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýler. Soňra “Allahu Ekber” diýlip, ýeriňden galyp oturylar, gaýtadan “Allahu Ekber” diýlip, ikinji sapar sejde ýerine ýetiriler we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýler, “Allahu Ekber” diýlip ýeriňden galyp oturylar.

Bu oturyşda Ettehiýýatü, Allahümme Salli, Allahümme barik we Rabbena atina... dogalary okalyp, ilki saga, soňra çepe salam berler. Muňa säwlik sejdesi diýilýär.

Säwlik sejdesini ýüze çykarýan ýagdaýlar

a. Birinji oturyşda Ettehiýýatüni okap, ýeriňden turmaklygy talap edýän “Allahümme salli ala Muhammed” diýiljek çemesi salawaty şerifden okasa, onda parz bolan kyýamy gijä galdyrandygyň üçin säwlik sejdesini ýerine salmak zerurdyr.

b. Dik durup, öňi bilen süre okamaga başlaýan adam Fatihany okamandygyny, unudandygyny ýatlan halatynda, Fatihany okar, soňra süräni gaýtadan okap, wajyby soňa galdyrandygy üçin säwlik sejdesini berjaý eder.

ç. Parzlaryň başky iki rekagatynda Fatihany tutuşlygyna ýa-da köp bölegini okamadyk adama säwlik sejdesi zerurdyr. Fatihanyň köpüsini okap, az bölegini unudana säwlik sejdesi hökman däl. Parzlaryň ahyrky iki rekagatynda Fatiha okalmasa, säwlik sejdesi hökman däl. Çünki, bu ýerde Fatihany okamak sünnetdir. Ýöne witir we goşmaça namazlaryň her rekagatynda Fatihany okamaklygyň wajyp bolandygy üçin bularyň haýsydyr bir rekagatynda Fatiha okalmadyk halatynda säwlik sejdesini berjaý etmek zerurdyr. Diňe Fatihany okap, süräni okamaýan ýa-da Fatihany süreden soňra okaýan adama hem säwlik sejdesini berjaý etmek hökmandyr.

Baýram gaýtalamalarynyň hemmesini ýa-da käbirini taşlan, ýa bolmasa artykmaç ýerine ýetiren adama-da säwlik sejdesi zerurdyr. Rukuda ýatlasa, gaýtalamalary şol ýerde ýerine salar. Namazyň başky iki rekagatyň birinde Fatihany gaýta okaýan adama, başky oturyşda Ettehiýýatüni iki sapar okaýana-da säwlik sejdesi zerurdyr.

Namazlarda birinji oturyş berjaý edilmezden ýokary turulsa, wajyp terk edilip taşlanandygy sebäpli, säwlik sejdesi zerurdyr. Bu ýagdaýda Ettehiýýatüni okamak üçin oturmagy unudyp, ýerinde turan adam doly turup ýetişmänkä ýalňyşandygyna göz ýetirse, eger oturmaga sähel ýagdaý bar bolsa, onda ugrubir oturar we “Ettehiýýatüni” okar. Eger dik durmaga ýakyn halatynda bolsa, onda ugrubir oturmaz, dik durup dogralar we wajyby taşlandygy üçin säwlik sejdesini berjaý eder.

Eger dört rekagatly bir namazyň soňundaky ahyrky oturyşy unudyp, ýokary tursa we köp bolan bu rekagatyň sejdesini berjaý etmezden öň ýalňyşandygyna göz ýetirse, onda derrew oturar we parz bolan ahyrky oturyşy soňa goýandygy üçin säwlik sejdesini ýerine ýetirer.Köp bolan rekagatyň sejdeesini ýerine salanyndan soňra, ýalňyşyna göz ýetirse, onda parz namazy goşmaça namaza öwrüler. Islese, muňa bir bölüm goşup, alty rekagat okar, islese-de salam berip, namazdan aýrylar. Bu ýerde parz bolan ahyrky oturyş taşlanandygy üçin namazyň gaýtadan okalmagy zerur hasaplanylýar.

Dört rekagatly bir namazyň soňundaky ahyrky oturyşyny berjaý edeniňden soňra unudyp, ýokary tursa we bäşinji rekagatyň sejdesine barmazdan, ýalňyşandygyna göz ýetirse, onda gaýtadan yzyna oturar we wajyp bolan salamy bermekde säwlik goýberendigi üçin säwlik sejdesini berjaý eder.

Eger bäşinji rekagatyň sejdesini berjaý edeniňden soňra ýalňyşandygyna göz ýetirse, yza dönmez, ýene bir rekagat goşup, alty rekagat okar. Namazyň soňunda-da säwlik sejdesini berjaý eder. Bu ýagdaýda alty rekagatyň dört sanysy parz görnüşinde iki sanysy-da nepil namaz hökmünde kabul edilýär.

Üç rekagatly namazyň (agşam namazy) soňunda ahyrky oturyşyny ýerine salanyňdan soňra, artykmaç görnüşde dördünji rekagata, iki rekagatly namazyň (ertir namazy) ahyrky oturyşyny berjaý edeniňden soňra üçünji rekagaty üçin turlanda-da ýagdaý hut şonuň ýalydyr, ýagny bularda-da artykmaç rekagatyň sejdesi ýerine salynmazdan ýalňyşylandygyna göz ýetirip ýatlasa, yzyna gaýdar. Sejdäni berjaý edeninden soňra ýatlasa, olary-da iki rekagat nepil görnüşde edip, säwlik sejdesini ýerine ýetirer. Artykmaç görnüşde okalan iki rekagatlar bolsa nepil namaza degişli bolar.

Dik durup hiç hili Gurhan okamazdan, ruku başlan adam derrew aýak üstüne galyp Gurhan okar we täzeden ruku berjaý eder. Eger ruku ýerine ýetirmese, onda namazy bozular. Bu ýerde namazyň bir bölegi bolan ruku egme öz ornunda, ýagny tertibine görä ýerine ýetirilmese-de, ýene bir bölek bolan labyzly okamadan öň ýerine ýetirilendigi üçin säwalik sejdesini talap edýär.

Ýöne dik durup labyzly okuwa geçilmek bilen öňünden berjaý edilen ruku bozulandygy üçin hem ruku ýerine salynmagy zerurdyr. Çünki edepli ruku labyzly okuwy has berkider. Dik durup okalan labyzly okuwyň bolmadygy üçin onuň terk edilmegi bilen rukuda bozulan, ýörgünliligini ýitiren hasaplanylýar.

Witir namazynda Kunut dogasyny atanlykda terk edip, ony rukuda ýatlasa, yza gaýdyp, Kunut okamagy zerur däl. Namazyň soňunda säwlik sejdesini berjaý etmelidir. Ýöne yza gaýdyp Kunut dogasy okalan halatynda berjaý edilen ruku bozulmadygy üçin ony gaýtadan ýerine ýetirmek zerur däldir. Çünki ruku Kunut bilen berk baglanyşykly bolmadygy üçin kunutsyz ruku mümkindir. Bu ýagdaýda diňe säwlik sejdesi zerur bolar. Rukuda, sejdelerde, we oturyşlarda “Ettehiýýatüden” öň Gurhan okalsa, onda säwlik sejdesini talap eder. Çünki bu ýerler Gurhan okamaklygyň ýerleri däldir.

“Ettehiýýatüden” soňra aýat okalan ýagdaýynda:

Eger başky oturyşda bolsa, onda wajyby terk edendigi üçin säwlik sejdesi zerurdyr. Ahyrky oturyşda bolsa hökman däldir. Çünki bu ýerde doga we sena üçin uzak wagt bolandygy sebäpli wajyp terk edilen hasaplanylmaz.

Soň oturyşda “Ettehiýýatüni” iki sapar okasa, säwlik sejdesi zerur däldir. Aýakda (dik durkaň) Fatihadan soňra okasa, onda säwlik sejdesi zerurdyr. Çünki Fatihadan soňrasy süre okamak ýeridir. Ettehiýýatü okamak bilen wajyp terk edilen hasaplanylýar. Birinji we ikinji oturyşlarda “Ettehiýýatüniň” bütinini ýa-da bir bölegini okamaýan adama-da säwlik sejdesi hökmandyr.

Ymamyň açyk okalmaly namazlarda sessiz, sessiz okalmaly namazlarda-da açyk okamaklygy säwlik sejdesini talap eder. Şeýle ýagdaýda: Sessiz okaljak ýerde Fatihanyň köpüsini açyk okasa, ýalňyşyna göz ýetireninde-de, galan bölegini sessiz görnüşde okar. Açykdan okaljak ýer- de ýalňyşyp, köpüsini sessiz okanyndan soňra ýadyna düşse, Fatihany gaýtadan okar.

Açykdan okalmaly bolan ýerde sessiz, sessiz okalmaly ýerde-de açykdan okalan namaz hakyky namaz boljak mukdar Gurhan okamagy halatynda säwlik sejdesi zerurdyr. Oraza aýynda ymamyň witir namazyndaky dik durup okaýan labyzly okuwy sessiz okasa, onda oňa-da säwlik sejdesi zerur bolar. Bu mukdardan az bolsa, onda zerur däldir. Çünki mundan gaçmak mümkin däldir. Özbaşdak namaz okan adama açykdan ýa-da sessiz okamagy sebäpli säwlik sejdesi zerur bolmaz. Gurhandan başga, namazdaky zikir, doga we Ettehiýýatüni ýalňyşyp açykdan okamak säwlik sejdesini talap etmez.

Namazda tilawet sejdesini talap edýän bir aýaty okap, soňra sejde etmekligi ýadyndan çykaran adam muny namazyň soňunda ýatlasa, tilawet sejdesini berjaý eder we gijä goýandygy üçin hem säwlik sejdesini berjaý eder.

Namazda säwlik sejdesini talap etjkek birden artyk zat ýerine ýetirilse, onda bular üçin hem dine säwlik sejdesi zerurdyr. Säwlik sejdesinde säwlik edilendigi sebäpli ýörite säwlik sejdesi berjaý edilmez.

Köpçülik bolup namaz okalanda, ymam säwlik sejdesini talap edýän bir zat etse, onda hem ymama hem-de onuň yzynda durup we oňa uýup namaz okaýan adamlara-da säwlik sejdesini berjaý etmek wajypdyr. Bu ýagdaýda ymam säwlik sejdesini etmese, onuň yzyndaky köpçülik-de säwlik sejdesini berjaý etmez. Ymamyň yzynda duran adamlardan bir säwlik sejdesini talap edýän bir hereket etse, onda onuň özüne-de, ymama-da säwlik sejdesini berjaý etmek hökman däl.

Juma we baýram namazlarynda köpçülik bolup okalýandygy üçin, garma-garyşyklygy ýüze çykarmazlyk üçin säwlik sejdesi edilmez.

Säwlik sejdesi berjaý edilmegi zerur bolan adam namazdan aýrylmak niýeti bilen salam beren bolsa-da, kybla tarapdan başga tarapa öwrülmedik hem-de geplemedik bolsa, onda ýene säwlik sejdesini berjaý etmelidir.

Özüne säwlik sejdesi wajyp bolan bir adam salam bereninden soňra, heniz säwlik sejdesini etmänkä, başga bir adam gelip oňa uýsa, onda eger ymam säwlik sejdesini berjaý etse, oňa uýan adam namaza giren hasaplanylýar, ýöne säwlik sejdesini etmese, onda namaza giren hasaplanylmaýar.

Ymam ahyrky oturyşdan soňra salam bermegi ýadyndan çykaryp, ýerinden tursa, onda yzyndaky köpçülik oturan ýerinde ymamyň yza gaýtmasyna garaşar. Eger ymam ýerinden turan artykmaç rekagatyň sejdesini etmezden öň yza gaýdyp otursa, köpçülik ymam bilen bilelikde salam berer. Eger artykmaç rekagatyň sejdesini berjaý etse, onda köpçülik ymama garaşman, özleri salam bererler.

Ymama birinji rekagatdan soňra uýan adam (mesbuk) säwlik sejdesinede, ymama-da uýar. Eger ymam bilen bilelikde säwlik sejdesini etmän ýokary tursa, yza gaýdyp ymam bilen bilelikde sejdeleri eder, soňra ýokary turup, namazyny tamamlar. Eger yza gaýtmasa, namazy dogry hasap ediler, ýöne namazy gutaranyndan soňra säwlik sejdesini berjaý etmelidir. Ymama soňradan uýup-da, ymamdan soňra özbaşdak namazy tamamlaýan adamyň şol wagtda atanlyk edip, säwlik sejdesini talap edýän bir ýalňyş hereket etmegi hem säwlik sejdesiniň zerurlygyny ýüze çykarar.

Ymama ikinji rekagatdan soňra uýan adam ýalňyşyp, ymam bilen bilelikde salam berse, onda oňa säwlik sejdesi hökman däl.

Dört ýa-da üç rekagatly namazy okaýan adam namazy gutarandyryn öýdüp salam bereninden soňra, iki rekagat okandygyna göz ýetirse, kybladan başga tarapa dönmedik we namaza ters gelýän bir hereket etmedik bolsa, onda täzeden tekbir aýtman, göni turup namazyny tamamlar we säwlik sejdesini berjaý eder.

Bir adam namazyň içinde näçe rekagat okandygyna şübhelense, we “üç rekagat okadymmykam ýa dört bölümmi?” diýip göwnüne getirýän bolsa, şeýle ýagdaýa iki sapar düşen halatynda namazyny bozup täzeden okar. Eger şeýle ýagdaý bilen köp gezek duşuşýan bolsa, onda öz göwnüne görä haýsysy agyrlykly gelýändir öýtse, şoňa ynanar we säwlik sejdesini berjaý eder.

“Ettehiýýatüden” soňra näçe rekagat okandygy hakynda pikir eden adam bir bölegi ýerine saljak möhlet, ýagny üç gezek “Sübhanellah” diýiljek wagt oýlanmagyny dowam etse, onda başky oturyşda bolsa, labyzly okuwy, ahyrky oturyşda bolsa, salamy gijä galdyrandygy üçin oňa säwlik sejdesi zerurdyr. Bu wagtdan az oýlansa, hökman däl. Säwlik sejdesinde parz ,wajyp we nepil namazlaryň arasynda bir tapawut ýokdur.