Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Täretiň sünnetleri

Täretiň esasy sünnetleri şulardyr:

1. Tärete başlan halatyňda ilki bilen elleri bileklere çenli ýuwmak. Eller arassa bolsa, ýuwmak sünnetdir. Arassa bolmasa, olary öňünden ýuwup arassalamak parzdyr. Şeýlelikde, beýleki organlar hapalanmaz.

2. Tärete “Euzu” we “bismilla” bilen başlamak, ýagny “Euzu billahi mineş-şeýtanir-rajim. Bismillähir-Rahmanyr- Rahym” diýmek.(Tärete başlan wagtyňda “Bismilla” unudylyp, ýatdan çykarylsa, onda sünnet terk-i sünnet edilen hasaplanylýar. Täret kylynýan döwürde ýadyna düşen wagty “Bismillany” aýtmak göwnejaýdyr.)

3. Niýet etmek. Niýet tüýs ýürekden bolar. Dil bilen “Allanyň razylygy üçin täret kylmaga niýet etdim” diýmek göwnejaýdyr.

4. Tärete başlanyňda ýa-da ondan öň dişleriňi sürtgülemek. Syntgy ýa-da sürtgüç ýok bolsa, onda dişleriňi barmaklaryň bilen owkalamak hem ýeterlikdir. Dişleri we agzy arassalaýan syntgy saglyk taýdan peýdaly bolşy ýaly, Allanyň razylygynyň gazanylmagynda-da serişdeleriň biridir. Diş sürtgüji hökmünde ulanylan syntgy Arabystanda ösen Erak agajynyň şahalaryndan ýasalýar. Hoşroý ysly we ýeňil ajylygy bilen antibiotik (mikrop öldüriji) aýratynlygy bolan syntgynyň diş kesellerine garşy-da peýdaly bolandygy bellidir.

5. Agzyňa üç gezek suw alyp her saparynda dökmek. Agza suw almaklyga “mazmaza” diýilýär.

6. Buruňa üç sapar suw çekmek. Muňa “ istinşak” diýilýär.

7. Agza we burna suwy oňat çekmek. Şeýledir: Täret kylan adam agzy bekli bolmasa, suwy agzynda çaýkar we suwy burnuna çeker. Eger agzy bekli bolsa, onda bogazyna suw gaçyp, orazanyň bozulma ähtimallygyna garşy agzyna we burnuna suw alan halatynda gaty seresaply çemeleşer.

8. Täretde agzalyp geçilen zatlaryň yzygiderlilik tertibini göz öňün-de tutmak, ýagny aýatda beýan edilişi ýaly, ilki ýüzi, soňra gollary, ondan soňra-da başy meshetmek we yzyndan-da aýaklary ýuwmak.

9. Elleri we aýaklary ýuwanyňda, ilki sagdan başlamak. Bu ýuwulmagy zerur bolan goşa agzalar hakyndadyr. Ýüz ýeke-täk agza bolandygy üçin, munda sagdan başlamak hakynda gürrüň edilmez. Aýaklara geýilýän messiler meshedilen halatynda sünnet bolan ikisini birden meshetmekdir. Ýöne ellerinden biriniň bolmazlygy ýa-da bir hassalyk sebäpli ulanman, ýeke eli bilen meshetmeli bolsa, onda sagdan başlanar.

10. Ýuwulýan her organy üç sapar ýuwmak. Bu ýuwluşyň birinjisi parz, beýleki ikisi-de sünnetdir.Üç gezekden artyk ýuwmak sünnete laýyk bolmasa-da, hakyky hasaplanylýar. Ýöne täret kylan adam bir saý-sebäp bilen aljyraňylykda bolsa, anyklamak üçin üç sapardyr öýdüp, ondan artyk-da ýuwup biler. Suw az bolan ýagdaýynda, üçden az hem ýuwup biler. Meshedilen organlar bolsa bir gezekden artyk meshedilmez.

11. Elleri we aýaklary ýuwmaklyga barmak uçlaryndan başlamak. Elleriň barmaklarynyň arasynyň ýuwulmagy barmaklaryň biri-biriniň içinden geçirilmegi bilen, aýak barmaklarynyň arasynyň ýuwulmagy bolsa el barmaklaryndan birini aýak barmaklarynyň arasyna sokmak bilen berjaý edilýär. Şeýle usulda: çep eliň külbike barmagy bilen sag aýagyň kiçi barmagynyň arasyndan başlap, tertip bilen dowam etdirip, sol aýagyň kiçi barmagynda tamamlanmagy dogry bolar. Aýak barmaklaryny akar suwa sokmak el barmaklarynyň aralamak hyzmatynyň ýerine geçerlidir.

12. Ýüzi üç gezek ýuwanyňdan soňra, (sakgaly bolan adamyň) gür bolan sakgallaryny barmaklary bilen aşakdan ýokaryk daran şekilde aralamagy.

13. Başyňy tutuşlygyna meshetmek. Muňa “gaplama mesih” diýilýär. Başyň dörtden birini meshetmek parzdyr, tutuşlygyna meshetmek bolsa sünnetdir. Şeýle edilýär: Eller suw bilen öllenilýär. Iki eliňi barmaklary bilen bilelikde başyň öň tarapyna goýmaly we yza tarap sypap, soň ýokaryk galdyrmaly. Gaplama meshiň başga şekilleri bar bolsa-da, iň aňsady şudur. 

14. Gulaklary meshetmek. Baş meshedileninden soňra, elleriň öllügi bar bolsa, täzeden öllemezden, gulaklar meshediler. Ýöne eller täzeden öllenenden soňra gulaklaryň meshedilmegi hasda oňatdyr. Ellerde öllük galmadyk bolsa, sünnetiň berjaý edilmegi elleriň gaýtadan öllenilmegine baglydyr. Gulaklaryň içi süýem barmaklar bilen, daşy bolsa başam barmaklar bilen meshediler.

15. Boýny meshetmek. Baş we gulaklar meshedileninden soňra, elleri gaýtadan öllemezden, iki eliň arkasy bilen boýun meshediler, bokurdak, bogaz meshedilmez.

16. Täret agzalaryny ýuwan halatyňda oňatja owkalamak.

17. Täret agzalaryny arasyny kesmän, yzygiderlilikde ýuwmak. Muňa “wila” diýilýär. Manysy:bir agzany ýuwanyňdan soňra, şol guramanka, beýlekilerini ýuwmak. Howanyň gury we yssy bolmagy ýaly sebäpler bilen ýuwlan organyň çalt guramaklygy ýagdaýynda bolsa, sünnet terk edilen hasaplanylmaz.