Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » SUWLAR

Hajat diýlen hökmi hapaçylygyň aýrylmagy we nejasat diýlen hakyky hapalygyň arassalanmagy esasan suw bilen ýola goýulýar. Ýöne hemme suw bilen arassalanylmaz, ýuwunylmaz. Arassaçylygyň haýsy suwlar bilen edilmezliginiň bilinmegi zerurdyr.  Şoňa görä, mutlak (umumy suwlar) we mukaýýed (garyndyly suwlar) diýen suwlaryň esasy iki görnüşini bellemek bolar: 

1. Umumy suwlar (Mutlak suwlar): Bular ýagyşdyr ýagmyr suwy, gar suwy, köl, derýadyr deňiz, çeşme we guýy suwlary göz öňüne gelýär.

2. Garyndyly suwlar (Mukaýýed suwlar): Bular gawun, garpyz, gül suwy, üzüm suwy ýaly suwlar bilen arasynda umumy suw bolan halatynda-da başga bir maddalaryň garyndysy bilen emele gelip, asyllyk hem-de akyjylygyny ýitirip bozulan suwlardyr. Beýle suwlar bilen ele suw alynmaz, täret kylynmaz, boý täreti alynmaz, boýdan-başa suw alynmaz, suwa düşülmez. Arassaçylyk babatdan, hökmi hapaçylygy tämizlemeklige ýaraýanlygy ýa-da ýaramaýanlygy jähtden umumy suwlar bäş bölege bölünýär:

a. Arassa we arassalaýjy bolup, ullanylmagy mekru bolmaýan suwlar: Bular reňki, tagamy, ysy üýtgemedik, asly bolşy ýaly duran we heniz ulanylmadyk suwlardyr. Bu suwlar bilen her hili arassaçylyk işleri ediler, ele suw alnar, täret kylynar, boýdan başa suw alnar, boý täret kylynar, suwa düşüler. Bu suwlar içiler hem-de iýmek we içmek üçin naharlarda ulanylar. 

b. Arassa we arassalaýjy bolup, ullanylmagy mekru bolan suwlar: Bular pişik, towuk ýaly öý haýwanlar bilen birlikde gyrgy, bürgüt we elguş ýaly guşlaryň nejasaty bolan suwlardyr. Başga arassa suw barka, bu hili suwlar bilen ele suw almak, täret kylmak, boýdan başa suw almak, boý täretini kylmak mekrudyr. Başga arassa suw ýok bolsa, onda şunuň ýaly suwlary hem ulanmaklygyň zyýany ýokdur.

ç. Özüniň arassa bolmagyna garamazdan, hökmi nejasaty arassalamaýan, başga zatlary tämizläp bilmeýän suwlar: Bular ele suw almakda, täretde we boýdan-başa suw almakda, boý täretde ulanylan suwlardyr.

Şeýle suwlara “ma-i mustamel”= ulanylan suw diýilýär. Bu suwlary gaýtadan ulanyp bolmaz, şol suwlar bilen täret kylynmaz, boý täreti alynmaz. Ýöne bu ulanylan suw hapa däldigi sebäpli degen ýerini kirleden hasaplanylmaz. Şunuň bilen bir hatarda täret kylan adam bular ýaly suwlaryň üstüne syçramagyna-da seresaply bolmalydyr. 

d. Arassa bolmaýan suwlar: Bular içine hapa-haşal, maslyk, tezek-haçat ýaly zatlar gaçan ýata suwlardyr. Akar ýa-da uly suwlara hapa zatlar gaçsa, suw bilen şol hapa garyşar we hapa zadyň reňki, tagamy hem-de ysy suwda duýulsa, onda şol suwlar arassa däldir. 

e. Şübheli suwlar: Bular arassa bolup bolmadygy şübhe edilen suwlardyr. Eşeklerdir gatyrlaryň nejasaty bolan suwlar hem şeýledir. Munuň ýaly suwlada hapa zatlar ýuwular. Ýöne başga arassa suw bar bolsa, şeýle görnüşdäki suw bilen ele suw alynmaz, täret kylynmaz, boýdan-başa suw alynmaz boý täreti kylynmaz. Başga suw ýok bolsa, onda täret kylynar we boý täreti alnar, yzyndan hem teýemüm ediler (arassa gumdur çäge bilen tämizleniler).

Artyk suwlar

Adamyň we haýwanyň içeninden soňra galdyran suwuna “artyk suw” diýilýär. Atryk suwlar bilen baglanyşykly düzgünler dört sanydyr:

1. Arassa we arassalaýjy bolup, ulanylmagy mekru bolmadyk artyk suwlar: Bular agyzlary arassa bolmak şerti bilen adamdan, at, goýun, sygyr we düýe ýaly etleri iýilýän öý we çöl haýwanlaryndan we guşlardan artan suwlardyr. Bu artyk suwlar hem arassa, hem-de arassalaýjydyr. Bular her hili tämizlemek, arassalamak işinde ulanylyp bilner. Agyzlary arassa bolmaýanlaryň artyk suwlary bolsa arassa däldir. Şerap içen ýa-da agyz dolduryp gusan bir adam onuň yzyndan suw içse, ondan artan suw arassa hasaplanylmaz.

2. Hapa bolan artyk suwlar: Bular doňuz, it, möjek, arslan ýaly haýwanlardan artyk galan suwlardyr. Bularyň artyk suwlaryny arassaçylykda ulanmak bolmaýar we içilmeýär.

3. Ulanylmagy mekru bolan artyklar: Bular pişigiň, köçelerde gezip ýören towugyň, gyrgy, bürgüt we elguş ýaly ýyrtyjy guşlaryň artyk suwlarydyr.

Başga suw bar bolsa, bularyň artyk suwlary arassaçylykda ulanylmagy mekrudyr. Ýöne başga suw bolmadyk halatynda, bular bilen arassaçylanyp bolar.

3.Şübheli artyk suwlar: Bular eşegiň we gatyryň artyk suwlarydyr. Bu artyk suwlaryň özleri arassadyr, ýöne arassaçylyk üçin ulanyp-ulanylmazlygy şübhelidir. Başga suw tapylmadyk halatynda bu suwlar bilen ele suw alnar, täret kylynar we soňundan-da teýýemmüm ediler.

Guýularyň arassalanylmagy

Giňişligi ýüz arşyndan (=68m2) az bolan guýy, suwy näçe köp mukdarda bolsa bolsun, tapawudy ýok, ol “kiçi howuz” hasaplanylar.  Şeýle bir guýynyň içine gan, siýdik ýaly suwuklyk ýa-da ynsan, pişik, it ýaly eti iýilmeýän; towuk, gaz we ördek ýaly eti iýilýän haýwanlaryň nejasaty gatyşsa, hatda guýa doňuz gaçsa, doňuz ölmänkä ýa-da agzy suwa degmänkä çykarylsa-da, guýynyň suwy hapalanan hasaplanylýar we suwuň tutuşlygyna boşadylmagy zerurdyr. Guýa adam ýa-da goýun, geçi ýaly uly göwresi bolan bir haýwan gaçyp ölen halatynda ýa-da serçe we syçan ýaly kiçi haýwan gaşyp, ölenden soňra çişse, dargap böleklere aýrylsa, tüýleri, ganatlary dökülse, ýene guýudaky suwuň tutuşlygyna boşadylmagy zerurdyr. Bu sanap geçenlerimiz başga bir ýerde öleninden soňra guýa atylan hem bolsa, hut şol öňki düzgüne degişli hasaplanylmalydyr. Bir guýuda hapalyk görlen halatyndan başlap, guýy hapalanan ha-saplanylar. Eger guýuda bir haýwan ölüsi görülse, onuň gaçan wagty bilinýän bolsa, şol wagtdan başlap, suw hapalanan bolýar. Eger haýwan ölüsiniň, maslygynyň guýa näwagt gaçandygy bilinmeýän bolsa, şeýle hem çişmedik bolsa, onda bir gün öň, çişen bolsa-da üç gün öň gaçan hasaplanylýar. Şol möhletiň içinde şeýle suwdan täret kylanlar täretlerini, boý täret alanlar boý täretlerini we okan namazlaryny gaýtadan berjaý etmekleri zerurdyr. Şonuň ýaly suw bilen ýuwlan egin-eşikleriňde gaýtadan ýuwulmagy oňyn hasaplanylýar. Döwrebap usullar bilen suwuň arassa bolup bolmadygynyň barlanylmagy saglyk babatdan has amatly bir ýoldur. Elbetde, arassaçylygyň düýpli sütüniniň üstünde gurlan uly bir diniň wekili bolan musulmanlaryň bu usullardan mümkinçiligine görä peýdalanmaklary möhümdir. Ýöne muny her ýerde edip bolmajakdygy hem öz-özünden düşnüklidir.

Arassaçylyk nämeler bilen berjaý ediler?

Hapa bolan zatlary arassalamaklygyň birnäçe ýollary bardyr. Onuň esasylary şulardyr:

1.      Suw bilen ýuwup arassalama:

“Hajat” diýilýän we hökmi bir hapaçylyk görnüşinde häsiýetlendirilen täretsizlik, jynsy gatnaşygyň, aýbaşy we göwreliligiň ýagdaýlary arassa bolan umumy suwlar bilen ele suw almak, täret kylmak we boýdan-başa suw almak, boý täretini almak şerti bilen aýrylýar. Suw tapylmadyk halatynda bularyň ýerine teýemmüm edilýär. “Nejasat-y hakkiýýe” diýilýän maddy hapalarda tämiz suwlar bilen arassalanylýar. Hapalar:

a) görnen,

b) görünmeýän diýlip, esasan iki topara bölünýär.

Görnen hapa bilen kirlenen bir zat suw bilen ýa-da arassa bir suwuklyk bilen ýuwlup, hapa aýrylanyndan soň arassalanan hasap edilýär. Görünmeýän hapa (peşew ýaly) bilen kirlenen bir zat üç gezek ýuwlup, her gezeginde sykmaklyk bilen arassalanylýar. Üçünji gezek sykmada hiç hili suw dammajak görnüşinde sykylmalydyr. Eger ýuwlan zat haly, kilim, keçe ýaly sykylmaýan zat bolsa, onda her gezek ýuwlanynda suw damjalary kesilýänçä goýberiler we şeýdip arassalanar. Tutuşlygyna guramaklygyna zerurlyk bolmaz. Şeýle bir zat akar suwuň içine taşlanylar ýa-da üstüne köp mukdarda suw döküp hapadan yz galdyrylman ýuwulsa-da arassalandygy bolar. Onuň aýratyn sykylmagyna, guradylmagyna we suwa gaýtadan sokulmagyna zerurlyk ýokdur. Keramika bolmaýan we ýüzünde syrça bolmadyk, ýagny içine suw çeken toprakdan ýasalyp, otda bişirilen gap-gaçlar hapalansa, üç gezek ýuwlar we her gezek ýuwlanynda damjalar kesilýänçä garaşylar. Hapanyň ysy tutuşlygyna giden halatynda gap-gaçlar arassalanan hasap edilýär.

2.Süpürip arassalama: Pyçak, aýna, tekiz mermer, keramika gaplar, demirden edilen zat daşalýan abzallar hapalansa, şunuň ýaly zatlar içine hapa sormaýandygy sebäpli, arassa esgi ýa-da toprak bilen süpürmek ýoly bilen arassalanylýar.

3. Otda ýakyp arassalama: Käbir hapa zatlar otda ýakylyp arassalanar. Meselem, tezek ýanyp, küle öwrülende, arassa bolýar. Käbir zatlar-da suw bilen gaýnadylyp, bir-näçe maddalar-da gazymak ýoly bilen arassalanylýar. Şeýle hem häzirki wagtda birnäçe arassalaýjy abzallar ýasalypdyr we dürli görnüşdäki arassaçylyk maddalary önderilipdir. Şoňa görä kir-kimirlerden, hapalardan tämizlenmegiń ansatlaşdyrylandygy sebäpli, arassaçylyk işleriniň oňat görnüşde berjaý edilmegi üçin mümkinçilige görä olardan peýdalanylmagy zerurdyr.