Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » TEÝEMMUM

Niýet edip, arassa toprak ýa-da toprak jynsyndan bolan bir zada ellerini süýkäp, ýüzüni we ellerini meshetmeklige teýemmum diýilýär.

Täret kylmak ýa-da boý täret etmek üçin suw tapylmadyk halatynda, toprak bilen gury görnüşde arassalamak täretiň we boý täretiň ornyny tutýar.

Teýemmum ybadatlary berjaý etmekligimiz üçin dinimiziň bize beren bir ýeňilligidir we tutuş ummata degişli häsiýetli aýratynlyklaryndandyr.

Teýemmum kitap (mukaddes Gurhan) we sünnet üçin üýtgewsizdir. Täret we boý täret üçin suw tapmaýanlaryň teýemmum etmekleri bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýip buýruk berilýär:

“...we suw hem şol ýagdayda tapmadyk bolsańyz, arassa bir topraga teýemmum ediň, ýüzleriňiz we elleriňizi şol bilen meshediň.”(Maide: 6)

Teýemmumyň dogry bolmagynyň şertleri

Teýemmumyň dogry bolmagynyň şerti sekiz sanydyr:

1. Niýet etmek.

Eliňi teýemmum etjek zadyňa degren wagtyňda ýa-da eliňi ýere degrip, ýüzüňi meshetjek bolanyňda: “Hajatdan tärete ýa-da namaz okamaga ýa-da täretsiz berjaý edilmegi dogry bolmaýan bir zat islenilen halatynda bir ybadaty berjaý etmek üçin edilýän niýetdir.”

Bulardan birine niýet edilmezden berjaý edilen bir teýemmum bilen namaz okalmaýşy ýaly, Gurhan okamak, mukaddes Gurhany tutmak, metjide girmek, mazarlary zyýarat etmek üçin edilen teýemmum bilen hem namaz okalmaz. Çünki olaryň bir böleginde täret şert bolman, bir böleginde-de şahsy isleg-arzuw bir ybadat däldir.

2. Teýemmum etmekligi bir sebäp bolmak.

Täret almaklyga ýa-da boý täret kylmaklyga ýeterlik derejede suwuň, adamyň bolan ýerinden iň az bir mil (dört müň ädim) uzaklykda bolmaklygy ýa-da ýanynda bolan suwy ulanan halatynda kesellemekden, şol keseliň beterlemeginden ýa-da uzak wagtlap dowam etmekliginden gorkmagy teýemmum etmeklige bolan sebäplerdendir. Ýöne suwuň tene zyýanly boljagy adamyň öz tejribesine ýa-da ýörite hünäri bolan musulman doktoryň berjek maglumatyna baglydyr.

Jynsy gatnaşykda bolan bir adam ýuwunmak üçin ýyly suw we ýuwnup bilmek üçin gyzgyn, amatly bir ýer yapmasa hem-de sowukda boý täret alanynda kesellejekdiginden gorksa, onda boý täret ýerine teýemmum edip biler. Ýöne iň gysga wagtyň içinde suwa düşmelidir.

Özi bilen aljak suwunyň arasynda bolan duşmandyr ýyrtyjy haýwandan gorkan adam ýanynda içimlik suw bolup, onuň mukdarynda täret alsa, suwsuz galjakdygyny alada eden adam guýudan suw çekmek üçin ýüp, gowa ýaly hiç zat tapmaýan adam-da teýemmum edip biler.

Bir adam täret almak bilen meşgullarýarka, jynaza we baýram namazlaryna gijä galjakdygyna göz ýetiren halatynda, bu namazlary teýemmum bilen hem okap biler.

Juma we adaty namazlaryň geçmeginden gorkmak bolsa teýemmum üçin bir sebäp däldir. Şonuň üçin täret alan adam juma namazyna ýetişmese, öýle namazyny okar. Täret alan halatynda bir parz namazyň wagtynyň geçjekdigine göz ýetiren adam-da teýemmum etmez, täret alar, namazy wagtynda okamasa, kaza eder.

Ýanynda suw bolandygyny çaklan adamyň muňa gözegçilik etmegi zerurdyr. Eger, ýakynlarynda suw bolmadygyna göz ýetirse, oňa gözegçilik etmegiň geregi ýok. Ýoldaşynda suw bar bolsa, teýemmum etmezden öň, ondan suw haýyş edip alar, eger bermese, ondan soňra teýemmum eder.

Ýanynda suw bolmaýan, ýöne suw taparyn diýip pikir eden adamyň (başlama wagtyndan öň we teýemmum edip namaza ýetişip bilmek şerti bilen) namazy wagtyň soňuna çenli gijikdirmezligi göwnejaýdyr. Suw tapsa, täret alar, eger tapmasa, onda teýemmum edip namazyny okar.

3. Teýemmumyň ýer gatlagynyň ýüzündäki jynsdan, hapa bolmadyk arassa zat bilen edilmegi.

Toprak, daş, gum, çäge, çagyl, kerpiç we keramzit ýaly zatlar bilen teýemmum ediler. Odun, demir ýaly zatlar bilen teýemmum edilmez. Ýöne bular ýaly zatlaryň ýüzündäki arassa tozan, çäge bolsa, onuň bilen teýemmum etmek bolar.

4. Teýemmumda ýüzi we elleri gurşajak görnüşde mesh etmek.

5. Meshi eliň tutuşlygy ýa-da köp bölegi bilen etmek.

Iki barmagyň bilen meshetmek dogry däldir.

6. Eliň içi bilen teýemmum ediljek zada iki gezek degirmek, ýagny toprakdan bolan zada elleriňi iki gezek sürmek.

Teýemmumda iki gezek eliňi degren ýeriňe ikinji saparda hem eliňi goýmak bolar. Bir adamyň teýemmum eden ýerinde başga biri hem teýemmum edip biler.

7.Täret almaga ýa-da boý täret etmeklige päsgelçilik berjek ýagdaýlar aradan aýrylan bolmaly.

Meselem, burnuň ganaýan wagtynda täret almaklygyň dogry bolmaýşy ýaly, teýemmum etmek hem düzgüne laýyk gelmeýär. Aýbaşysy bolan bir aýalyň gany kesilmese, boý täret almaklygynyň dogry bolmaýşy ýaly, teýemmum etmegi-de dogry däldir.

8. Meshediljek agzalarda mesh etmeklige päsgel berjek zatlar ilki aýrylmalydyr.

Bular aýrylmazdan edilen mesih bedene däl, eýsem şol zadyň üstüne edilen hasaplanylar.

Teýemmumyň parzlary

Teýemmumyň parzy iki sanydyr:

1. Niýet etmek.

2. Elleriňi arassa topraga ýa-da gum, çäge, çagyl ýaly zatlara iki gezek degirip, birinji sapar ýüzi, ikinjisinde hem elleri meshetmeli.

Teýemmumyň sünnetleri

1. Öňi bilen “Bissimillany” okamak.

2. Yzygiderlilige gözegçilik etmek, ýagny ilki ýüzüňi, soňra elleriňi mesh etmek.

3. Bulary ara wagt salman, yzygiderli tertipde berjaý etmek.

4. Topraga elleriňi degreniňden soňra ilki öňe sürmek.

5. Ondan soňra elleriňi yza sürmek.

6. Barmaklaryň arasyny açyk tutmak.

7. Elleriňi ýerden galdyranyňda, biri-birine kakyp arassalamak.

Teýemmumyň berjaý edilişi

Köýnegiň ýeňlerini tirsekleriň ýokarsyna çenli çermemeli. Näme üçin gury arassaçylyk berjaý edilýän bolsa, şoňa hem niýet etmeli. Barmaklaryň arasy açyk görnüşde bolmaly, şeýle şekilde eller arassa topraga ýa-da toprak jynsyndan bolan gury maddanyň üstüne goýmaly. Elleri ilki öňe sürmeli, soňra bolsa yza çekip, galdyrmaly. Eger tozan bolsa iki eliňi biri-birine ýuwaşja kakyp arassalamaly we ondan soňra elleriň içi bilen tutuş ýüzleriňi bir gezek meshetmeli.

Elleri gaýtadan topraga sürüp, çep eliň içi bilen sag el tirsekler bilen birlikde, sag eliň içi bilen çep el tirsekler bilen birlikde bir gezek meshetmeli.

El täret (abdest) bilen boý täret (gusül) üçin edilýän teýemmum bermeňzeşdir, ýagny berjaý edilişi taýdan arasynda tapawut ýokdur.

Bedeniň köpüsi ýa-da ýarysy ýara bolan adam boý täret eder. Bedeniň köpüsi sagdyn bolsa, onda şol sag ýerler ýuwlar, ýaraly ýerler meshediler.

Täret organlarynyň (san taýdan köpüsinde) ýa-da ýarysynda ýara bar bolsa, teýemmum eder. Köp bölegi sagdyn bolup, az mukdarda ýara bar bolsa, onda sagdyn bolan ýerlerini ýuwar, ýaraly bolan ýerlerini mesheder, teýemmum etmez.

Täret almaga güýji ýetmeýän bir adam özüne täret almaga kömek berer ýaly adam tapmasa, onda teýemmum eder.

Eli golak bolup, suwy ulanyp bilmeýän adam ýüzüni we ellerini ýere süýkäp teýemmum eder, namazyny taşlamaz. Elleri we aýaklary kesilen adam hem ýüzüni ýere degrip teýemmum eder, ýüzünde ýara bar bolsa, onda teýemmum etmezden göni namazyny okar.

Namaz wagtyna girmezden teýemmum edip biler. Bir teýemmum bilen isledigiňçe namaz okamak bolar.

Teýemmumy bozýan zatlar

1. Täreti bozýan zatlar teýemmumy-da bozýar.

2. Täret we boý täret üçin ýeterlik mukdarda suw tapylsa, şol suwy ulanmak mümkin bolsa, onda teýemmum bozulýar.

Teýemmum bilen namaz okaýan bir adam ulanyp biljek suwy namazdaka görse, onda onuň namazy bozular. Suwy namaz okap bolanyndan soňra görse, onda namaz gaýtadan ýerine ýetirilmez.

Jynsy gatnaşyk ýa-da haýsy hem bolsa bir sebäpli teýemmum eden adamdan täreti bozuljak görnüşde bir zat ýüze çyksa, onda diňe täretsiz hasap ediler. Bu ýagdaýda eger täret almaklyga ýeterlik mukdarda suw bar bolsa, onda täret alar, suw ýok bolsa, täretiň ýerine gaýtadan teýemmum eder.

3.Teýemmum etmeklige mubah döreden geçirimlikleriň aradan aýrylmagy bilen hem teýemmum bozular. Meselem, bir hassalanma gorkusy sebäpli suwy ulanmadygy üçin teýemmum eden adamyň geçirimliligi ýa-da bagyşlanylmagy aradan aýrylyşyna görä teýemmum hem bozular.