Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Ybadata mätäçligimiz bardyr

Bizi ýokdan bar eden Alla bedenimizi gören gözler, eşiden gulaklar ýaly kämil organ agzalary bilen gurşadypdyr, beýleki janly-jandarlardan tapawutly görnüşinde bize akyl we pikir berip, barlyklaryň arasynda saýlama bir derejä beýgeldipdir. Mukaddes Gurhanda bu babatda şeýle diýlýär

 “(Eý Muhammet!) şeýle diýip aýt: Sizi ýaradan, siziň üçin gulaklar, gözler we ýürekler bar eden oldur. Nämä az şükür edýärsiňiz?” (Mülk: 23) Bulardan başga ýaşaýşymyzy dowam etdirip bilmegimiz üçin içen suwumyzdan, dem alan howamyza çenli bize tükeniksiz derejede nygmatlar eçilendir, tebigatda ençeme barlygy biziň emrimize we hyzmatymyza berendir.

Beýik Rabbymyz mukaddes Gurhanda: 

“Allanyň beren nygmatyny hasaplajak bolsaňyz, onuň aňyrsyna çykyp bilmersiňiz.”(Nahl: 18) diýlip, bize berlen nygmatlaryň bimöçber köpdügine ünsümizi çekipdir. Biz ynsan hökmünde bize ediljek sähelçe bir ýagşylygada minnetdarlyk etmeklige mätäçlik çekeris. Bu duýgy ynsanyň gurluşynda bar bolan häsiýetli aýratynlyk häsýetidir. Hatda käbir haýwanlarda özlerini iýdirip-içiren we gorap saklan adamlara garşy oňat gatnaşyk görkezýän halatynda ýaradylanlaryň içinde iň saýlama derejede orny bolan adamyň şunça nygmatlaryň garşysynda duýgusyz galmagy, olary özüne eçilen nygmatlar üçin Allatagala minnetdarlyk bildirmezligi nähili düşündirilip bilner?! Ynha, ybadat Allatagala, onuň ägirt barlygyna we ajaýyp häsiýetine iň ýokary derejedäki hormatyň goýulmagydyr we bize beren tükeniksiz nygmatlarynyň öňünde borçly bolan minnetdarlygymyzyň berjaý edilmegidir. Adamyň şeýle hyzmaty ýerine ýetirmegi onuň ýaradylyşynyň zerurlygydyr. Eger muňa dogry düşünen halatymyzda, onda biziň wyždanymyz-da bizden muny talap eder. Şonuň ýaly-da, pygamberimizde Allanyň ägirtligi we tükeniksiz geçirimliliginiň öňünde has köp derejede minnetdarlyk etmeklige mätäçlik duýup, hatda gijelerine-de özüni ybadata baglapdyr. Hz. Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: Pygamberimiz mübärek aýaklary çişýänçä gijelerine ybadat ederdi. Şonda oňa:

Eý Allanyň resuly, geçmişdäki we geljekdäki günäleriňi bagyşlanan hem bolsa, näme üçin beýle edýärsiň?- diýip soranynda ol:

“Eysem, Rabbyma şükür ediji bir gul bolmaýynmy?” diýip jogap beripdir.(Buhary, Tehejjüd, 6)  Asly ýaradylyşymyzyň hikmeti dünýä gelşimiziň maksady Allany tanamak we oňa ybadat etmekdir. Bu mesele babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýlipdir

“Men jynslary we ynsanlary diňe maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym.”(Zariýat :56) Kämil bir gurluşyň içinde işleýän tebigatda hiçbir zadyň boşuna bolmadygyny, her bir zadyň bir maksada görä ugrugan wezipesiniň bardygyny görýaris. Bütin barlyklar beýik ýaradan tarapyndan özlerine berlen wezipeleri berjaý eden halatynda, iň ajaýyp görnüşde ýaradylan, ýerdäki we asmandaky ençeme barlyklar hyzmatyna hödürlenen adamyň ybadat wezipesini iň oňat nusgada berjaý etmegi zerur dälmi eýsem? Allatagalanyň emri bolan ybadat dini bir wezipedir we Allanyň gullarynyň boýnunyň borjudyr. Ybadat Allanyň emir edişi we pygamberimiziň öwredişi ýaly berjaý edilmelidir. Şol sebäpli ybadatlarda kemeltmäniň ýa-da köpeltmäniň bolmaýşy ýaly, oňa haýsy hem bolsa bir üýtgeşiklik girizmek hakynda-da gürrüň edip bolmaz.