Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ZENANLARA DEĞİŞLİ AÝRATYN HÄSÝETLER

Zenanlara degişli bolan aýratyn häsýetler üç sanydyr:

1. Haýyz = aýbaşy ýagdaýy: Zenan maşgalalar kämillik ýaşyna gelen wagtyndan başlap aýbaşy ýagdaýyny görýärler. “Haýyz”= aýbaşy - bir kesel ýa-da göwrelilik ýagdaýy bolmazdan, adaty döl ýatagyndan gelen gandyr. Muňa “aýbaşylyk haly” diýilýär.

Zenan maşgalalar has ir, heniz dokuz ýaşyndaka-da aýbaşy halyny görüp bilerler. Dokuz ýaşyna giren we aýbaşy görmäge başlaýan bir gyz kämillik (bulug) ýaşyna giren hasaplanylýar.

Aýbaşy haly köplenç elli bäş ýaşda tamamlanýar. Elli bäş ýaşyndan soňra gelen gan haýyz gany däldir.

Aýbaşy halynyň iň azyndan gijeleri hem hasaplanyňda üç gün (72 sagat), iň köpi bolsa, gijelerini hem hasaba alanyňda, on gündür (240 sagatdyr). Üç günden az gelen gan bilen aýbaşynyň iň köp güni bolan on günden artyk dowam eden gan aýbaşy haly däldir, öň ýygnanan gandyr, ýagny artykmaç ýa-da kesellilik sebäpli akan gandyr. Şunuň bilen baglanyşykly ýörite bölümde beýan ediljekdir. Aýbaşy haly her bir zenan da dürli-dürli bolup biler. Her aýyň belli günlerinde gelen aýbaşy gany käwagtda güni üýtgär. Aýbaşy günlerinde gelen ganyň dowamly bolmagy üçin şert däldir. Akyndy käwagt kesilse-de, bu döwürler aýbaşy halynyň wagty hasaplanylar.

Aýbaşy günlerinde zenanlardan gyzyl, sary we bulanyk reňklerde gelen öllükleriň hemmesi aýbaşy ganydyr. Akan suwuklygyň reňki ap-ak bolsa, onda aýbaşy gany kesilen hasaplanylýar.

Aýbaşy gutaranyndan soňra, onuň yzysüre edilen arassaçylygyň (ýagny iki aýbaşynyň arasyndaky arassaçylygyň) iň gysga süresi on bäş gündür. Arassaçylyk süresiniň iň uzyny hakynda belli bir çäk ýokdur. Bu arassaçylyk käwagt ýyllap hem dowam edip biler.

Aýbaşy we göwrelilik bilen baglanyşykly birnäçe dini hökümler bardygy sebäpli, aýallaryň we ýetişen gyzlaryň bu meselä örän üns bermekleriniň we ýeterlik maglumatlara eýe bolmaklarynyň has uly ähmiýeti bardyr.

Zenan maşgala ilkinji gezek aýbaşy bolanynda, kämillik ýaşyna giren hasaplanylýar. Üç günden az we on günden artyk bolmazlyk şerti bilen özünden näçe gün gan gelen bolsa, bu möhlet onuň “aýbaşydyr.”

Meselem, özünden ilkinji sapar gan gelmäge başlaýan bir gyzyň gany ýedi gün dowam edip, ondan soňra 23 gün tämiz bolsa, onuň aýbaşy ýedi gün görnüşinde kesgitlenilýär. Bu ýagdaýda özünden gan gelmäge başlan wagtynda namazy we orazany taşlamalydyr.

Bir gyz ilkinji gezek aýbaşy bolsa-da gan hiç kesilmän dowam etse, onda bu gyzyň her aýyň on gününi aýbaşy, ýigrimi gününi-de arassalyk süresi kabul ediler.

Zenan maşgalalarda hemişe şeýle meňzeş ýagdaý bolup durmaýar. Dürli täsirler netijesinde özünde emele gelen özgerişler sebäpli aýbaşy ýagdaýynyň süresi käwagt artyp ýa-da kemelip biler. Käwagt hem aý içinde belli bolan ýeri üýtgäp, öňki aýlara görä has öň ýa-da has soňra emele gelip biler.

Öňden aýbaşy süresi bäş gün bolan bir zenan maşgala soňraky aýda bäşinji günüň soňunda arassalanman, özünden altynjy, ýedinji, sekizinji, dokuzynjy we onunjy günlerde-de gan gelmäge dowam etse, bu ýagdaý on güni geçmedik halatynda öňki bäş günden soňraky akyndylar hem aýbaşy ýagdaýy hasaplanylar. Näçe günläp gan gelen bolsa, aýbaşy ýagdaýy-da şonça gündür.

Eger öňki aýlarda aýbaşy ýagdaýynyň süresi bäş gün bolan zenan maşgalanyň gan akyndysy on güni geçse, meselem, 12 gün bolsa, onuň aýbaşy ýagdaýy ýene bäş gündür. Bäş günden artyk bolan, ýagny ýedi günlük möhlet ötünçli (özür) hasaplanylar. Bu günlerde okalmaýan namazlaryň kaza edilmegi gerek. Namaz wagtynda (ol namazy okamadan) zenan maşgalanyň aýbaşy ýagdaýy bolsa, onda şol wagtyň namazy özünden aýrylan hasaplanylar.

Aýbaşy ýagdaýyndan arassalanan bir zenan maşgalanyň boý täret alyp, namaz okamak üçin wagty bar bolsa, şol wagt namazyny kaza etmegi zerurdyr. Boý täret alyp, namaz okar ýaly wagty ýok bolsa, onda şol namazy kaza etmek hökman däl.

Gan üç günden az sürede kesilse, onda bu aýbaşy ýagdaýy bolmaz. Özünden ilkinji gezek gan gelmäge başlaýan bir ýaş gyz namazy we orazany taşlar. Eger gan üç günden öň kesilse, aýbaşy ýagdaýynyň däldigi düşnükli bolar we okamadyk namazlaryny kaza eder, orazasynyda tutar.

Aýbaşy ýagdaýy on günden öň kesilse, onda şol zenan maşgala suwa düşmese, onuň bilen jynsy gatnaşyga girmeklik dogry bolmaz. Zenana derrew suwa düşüp, aradan boý täret alyp, tämizlense, arassaçylyk çärelerini geçirse, onda onuň bilen jynsy gatnaşykda bolmak halal hasaplanylýar.

Aýbaşy ýagdaýy on gün dowam edeninden soňra kesilse, ýuwunmazdan onuň bilen jynsy gatnaşykda bolmak dogry bolmaz.

Eger aýbaşy ýagdaýy üç günden köp sürse, ýöne zenan maşgalanyň bilnen aýbaşy ýagdaýynyň süresini doldurmazdan kesilse, zenan maşgala ýuwunsa-da, öňki aýbaşy ýagdaýynyň süresini doldurmasa, onuň bilen jynsy gatnaşykda bolmak halal bolmaz.

Aýbaşy we çilelilik ýagdaýlarynda oraza tutmaýan bir zenan maşgalanyň iýip-içmän, agzy bekli ýaly bolmagy dogry däldir. Arassa wagtyndaka, niýet edip, oraza başlaýan bir zenan maşgala agyz çekeninden soňra, gündiziň haýsy hem bolsa bir sagadynda aýbaşy ýagdaýly ýa-da çileli bolsa orazasy bozular. Şol güni agşama çenli agzy bekli bolmagy dogry däldir. Orazaly ýaly iýmän-içmän gezmeklik oňyn däldir. Ýöne äşgär görnüşde däl-de, gizlin şekilde iýmekligi zerurdyr. Aýbaşy bolan bir zenan maşgala gündiz arassalansa, ýagny aýbaşy gutarsa, günüň galan bölegini agşama çenli iýmän-içmän geçirmegi uýgun hasaplanylýar.

Bir zenan maşgala özüne borç bolan iki aý keffarat orazasyny (boýnunyň borjy üçin kepillik orazasy) tutanynda aýbaşy ýagdaýy bolsa,onda şol günlerde oraza tutmaz. Ýöne aýbaşy ýagdaýy gutaryp-gutarmanka, ara wagt salmazdan derrew galan ýerinden keffarat orazasyna dowam etmelidir we bu görnüşde biri-birine sepläp, jemi 60 güni tamamlamalydyr. Eger aýbaşy ýagdaýy günlerinde arassalykdan soňra derrew oraza dowam etmän, bir ýa-da iki gün ara wagt salsa, onda keffarat orazasy bozular we oňa gaýtadan başlagy zerurdyr. Çünki keffarat orazasyny ara wagt salmazdan tutmalydyr.

Aýbaşy ýagdaýy bolan zenan maşgalanyň uýat ýerine pagta ýa-da mata goýmagy we ganyň erbet ysyny aýyrmak maksady bilen oňat ysly atyr sepmegi sünnetdir. Aýbaşy ýagdaýy we çilelik dowam edýän wagtynda gije uýat ýerine goýlan pagta ýa-da matanyň ýüzüne ertir irden akyndy tutuşlygyna, ak reňkdedigi görülse, matany goýan wagtyndan başlap, çilelik ýa-da aýbaşy ýagdaýynyň gutarandygyny biler we okalmadyk ýassy namazyny kaza etmekligi zerurdyr.

Arassa bolan bir zenan maşgala gije uýat ýerine pagta ýa-da bir mata goýup, ertir irden onuň ýüzünde gan görse, gany gören wagtyndan başlap aýbaşy ýagdaýy başlanan hasap edilýär. Bir zenan maşgala aýbaşy ýagdaýynyň boljagyny duýsa, ýöne gan görünmese ýa-da ganyň gelmegi haýsydyr bir sebäbe görä bir zat bilen öňi alynsa, onda şol zenan maşgalanyň aýbaşy ýagdaýy bolan hasaplanylmaýar, şeýle ýagdaýda täreti-de bozulmaýar. Ýöne özünden aýbaşy gany geleninden soňra ganyň gelmegini haýsydyr bir zat bilen öňüni alsa, aýbaşy ýagdaýy dowam eder.

2. Nifas = çilelilik: Çaga dogranyndan soňra zenan maşgalanyň döl ýatagyndan gelen gandyr. Bu ýagdaýda bolan zenan maşgala “çileli” diýilýär.

Zenan maşgala göwreli bolanyndan soňra aýbaşy ýagdaýy bolmaz. Çilelilik ýagdaýy çaganyň dogulmagy bilen başlap, iň köp kyrk gün dowam eder. Eger kyrk günden artyk dowam etse, artykmaç bolany ötünçli ýagdaýdyr. Çileliligiň az wagtynyň çägi ýokdur. Kyrk günden öň hem gutaryp biler. Bu ýagdaýda bolan zenan maşgala boý täret alyp, ybadatlaryny ýerine ýetirmeli, adamsy bilen jynsy gatnaşyga girip biler, kyrk gün dolmagyna garaşmaz.

Çilelilik günlerinde akyndy bir süre kesilip, soňra ýene dowam etse, akyndynyň kesilen günleri-de çilelilik hasaplanylýar.

Bedeniň el, aýak ýa-da barmak ýaly käbir ýerleri belli bolan bir düşük hem dogum hasaplanylar we zenan şonuň bilen çileli bolar. Hiçbir organy belli bolmadyk düşükden soňra gelen gan üç gün dowam eder we ondan öň görlen aýbaşy ýagdaýy bilen düşükden soňra gelen ganyň arasynda iň azyndan on bäş gün arassalyk süresi bolsa, onda düşükden soňra gelen gan aýbaşy ýagdaýydyr. Eger düşükden soňra gelen gan üç gün dowam etmese ýa-da öňki bir aýbaşy ýagdaýy bilen munuň arasynda iň azyndan on bäş günlük bir tämizlik, arassaçylyk süresi bolmasa, onda şol görlen gan ötünçlilikdir.

Çaga doganyndan soňra özünden gan gelmeýän bir zenan maşgala ýuwunar we ybadatlaryny dowam etdirer.

Çileli bolan zenan maşgaladan gelen gan kyrk güni geçse, eger onuň mundan öň dogran wagtyndan başlap çilelik süresi, meselem 30 gün bolsa, onda soňky ýagdaýdaky çileligi hem öňküsi ýaly otuz gündür. Otuz günden başlap dowam edip, kyrk güni geçen gan ötünçlilik gany hasaplanylar. Şol sebäpli ötünçli hasaplanylan bu günlerde okalmaýan namazlaryň kaza edilmegi hökmandyr.

Öňki çilelik süresi 30 gün bolan bir zenan maşgaladan soňraky dogurmada gelen gan 30 günden köp dowam etse, bu süre kyrk günden artyk geçmedik halatynda artyk bolan günleriň hemmesi çilelikdir.

Öňünden çilelik görmedik bir zenan maşgalanyň çilelik süresi-de iň köp kyrk gün bolýar. Şeýlelikde ilkinji gezek çileli bolan bir zenan maşgaladan gelen gan kyrk günden artyk dowam etse, onda onuň kyrk güni çilelik, galany bolsa ötünçlik gany hasaplanylýar. Bu ýagdaýda bolan bir zenan maşgala kyrk günden soňra boý täret alyp, ötünçliler ýaly namazyny okar. Adamsy bilen jynsy gatnaşykda bolup biler. Göwreli bolan bir zenan maşgalanyň çagasy operasiýa ýa-da içi kesilip alynsa, eger gan döl ýatagy organynyň ýoly bilen gelýän bolsa, onda şol gan çilelik ganydyr. Başga ýerden gelen ganlar çilelik gany hasaplanylmaz.

3.Istihaza: Bir damardan çykyp, döl ýatagynyň ýoly bilen gelen gandyr. Ýatgydan bolmadyk, haýsy hem bolsa bir hassalyk sebäpli damardan gelen bu ganyň ysy ýokdur. Bu ýagdaý zenan maşgalalar üçin bir hassalyk we ötünçlilikdir.

Zenan maşgaladan gelen gan üç günden kem bolsa, bu aýbaşy ýagdaýy däl-de, eýsem şol zenan maşgala üçin bir hassalyk ýa-da ötünçlilik hasaplanylar. Aýbaşy ýagdaýy on günden artyk dowam etse, bu artykmaçlyk bilen çileligiň kyrk günden artygy hem hassalykdyr. Dokuz ýaşyndan öň we elli bäş ýaşyndan soňra gelen gan hem şeýle hasaplanylýar.