Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » GONAMÇYLYK ZYÝARATY

Gonamçylyga zyýarat etmekligiň erkeklere bolşy ýaly, zenanalar üçin-de mendup hasaplanylýar.

Pygamberimiz bu babatda şeýle diýip belläpdir:

 “Gonamçylyklara zyýarat ediň. Çünki gonamçylyga edilen zyýarat size ahyreti ýatladar.” (Ibn Maje, Jenaiz, 47.)

“Men size gonamçylyklara zyýaraty gadagan edipdim. Ýöne Pygamberiňiz Muhammede (a.s.) ejesiniň gonamçylygyny zyýarat etmeklige rugsat berildi. Siz hem gonamçylyklara zyýarat ediň. Çünki gonamçylyklara edilen zyýarat ahyreti ýatladýandyr.” (Müslim, Jenaiz, 36; Tirmizi, Jenaiz, 60; Ebu Dawut, Jenaiz, 80; Ibn Maje, Jenaiz, 47; Nesei, Jenaiz, 100.)

Pygamberimiz ilki başda gonamçylyga zyýaraty gadagan edipdi.Munuň özüne ýeterlik sebäbi bardy. Şol sebäp şulardan ybaratdy: Yslam dini biribarlyk düşünjesini getiripdi. Yslamyň iň esasy aýratynlygy-da şol biribarlyk ynanjydyr, ýagny yslam dini Biribara ynanmaklyga daýanýandyr. Alla bir we Biribardyr. Onuň taýy, deň-duşy, meňzeşi ýokdur. Diňe şoňa ybadat ediler we diňe şondan kömek soralar. Şonuň üçin oňa edilen hormaty, oňa edilen ybadaty başga birine etmeklik biribarlyk ynanjyna görä ters gelýär.

Yslam dininden öň, Arap ýarym adasynda putlara ynanylyp, gonamçylyklara sejde edilýärdi. Ýahudylardyr hristianlar-da eziz görýän adamlarynyň gonamçylyklaryny edil ybadat edilýän ýere öwrüpdiler. Allany bir bilmekden we diňe şoňa ybadat etmekden ybarat bolan yslam dinini täze kabul eden adamlar yslam dininden öňki bu endiklerini yslama hem geçirip bilerler hem-de şonuň netijesinde biribarlyk ynanjyna zeper ýetirerler diýen alada bilen Pygamberimiz ilki bada gonamçylyklara zyýaraty gadagan edipdi. Musulman bolanlar yslama we onuň biribarlyk ynanjyna beren ähmiýetine oňat göz ýetirenlerinden soňra Pygamberimiz gonamçylyga zyýarat etmeklige rugsat beripdir. Hut onuň özi-de ejesi Eminäniň mazaryna gidip zyýarat edipdir. Şeýle hem Pygamberimiz her ýyl Uhud şehitleriniň gonamçylygyna zyýarat edýär eken. Wagtal-wagtal Medinedäki Baky gonamçylygyna-da zyýarat edip, aýat okaýan eken.

Hz. Äşe enemiz-de Mekgede jaýlanan dogany Abdyrahmanyň gonamçylygyna wagtal-wagtal zyýarat eder eken.

Ibn Eby Müleýke şeýle gürrüň berýärdi: Bir sapar Hz. Äşe enemiz gonamçylyga zyýaratdan gaýdyp gelýär eken. Şol wagt oňa: “Eý külli musulmanlaryň enesi, nireden gelýärsiňiz?” diýip soradym. Şonda Hz. Äşe:

“Doganym Abdyrahmanyň gonamçylygyna zyýarat edip gelýärin” diýip jogap berdi. Men oňa:“Pygamberimiz gonamçylyga zyýaraty gadagan etmänmidi näme? diýip soradym. Hz. Äşe meniň soragyma: “Hawa, wagtlaýyn gadagan edipdi, ýöne soňra gonamçylyga zyýarat etmeklige rugsat etdi” diýip jogap berdi. (Sahih-i Buhary Muhtasary, Tejrid-i Sarih terjimesi, 4/374.)

Pygamberimiziň we onuň egindeşleriniň gonamçylyklara eden zyýaratlary biz üçin ýörine nusgadyr.

Gonamçylyga zyýarat edip, öten-geçenlerimize aýatdyr tawir okamagymyz we olar üçin Alladan ötünç soramagymyz hem ölülerimiz hemde dirilerimize ölümi ýatladyp, özlerine nusga almaklary üçin peýdalydyr. Pygamberimiz gonamçylyga zyýaratyň sebäbini düşündiren halatynda: “çünki gonamçylyga zyýarat size ahyreti ýatladar” diýip belläpdir.

Gonamçylyga zyýaratyň edebi

Gonamçylyga edilýän zyýaratlary ýörite bir gün, esasanam anna ýa-da perşenbe günleri, bu bolmadyk halatynda, iň bolmanda baýramçylyk günlerinde zyýarat etmek oňat bolar. Gonamçylyga zyýarat eden adam kybla öwrülip ýa-da ölüniň ýüz tarapyna bakyp, şeýle görnüşinde aýat-doga okar:

“Eý musulmanlar ýurdunyń ýatanlary. Biz hem enşalla siziń hataryńyza goşuljakdyrys. Allatagaladan özümiz üçinem, siz üçinem bagyşlanmak (magfyret) soraýarın.”

Pygamberimiz Baky gonamçylygyna zyýarat eden halatynda şeýleräk görnüşinde salam berip, aýatdyr doga aýdar eken.Gonamçylyga zyýarat eden adamyň oturyp Gurhan okamagy-da sogap hasaplanylýar. Bu sogaby ölülere bagyş etmegi bilen olar peýdalanarlar. Özüne-de Jenaby Hak eşretlilik eçiler.

Gonamçylyga garap namaz okalmaz we mazarlaryň üstünde oturylmaz.

Pygamberimiz: “Mazarlaryň üstüne oturmaň, olara garap namaz okamaň” (Müslim, Jenaiz, 33) diýip ýörite belläpdir.

Başga bir hadysy şerifde berilýän many-da şeýleräkdir: “Siziň biriňiziň bir köz (gor) üstünde oturyp, şol közüň egin-eşigiňi ýakmagy hem-de endamyňa täsir etmegi mazaryň üstünde oturmakdan has peýdalydyr.” (Müslim, Jenaiz, 33; Ibn Maje, Jenaiz, 45)

Mazarlardaky daşlara eliňi-ýüzüňi sürmek bolmaýar. Ölülere aýdylan edilmeýär, mazarlardan haýyş-isleg edilmeýär.

Gonamçylyga zyýarat edilende mazarlary depelemek bolmaýar we mazaryň üstünde uklamak mekrudyr.

Mazarlardaky agaçlar kesilmez, gök otlar ýolunmaz. Ýöne guran agaçdyr otlary aýyrmak bolar.