Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Tamakynlyk (töwekgellik) we işlemekligiň ähmiýeti

Tamakynlyk (töwekgellik) näme?

Tamakynlyk – adamyň Allatagala daýanmagy we oňa bil baglamagydyr. Bu adam üçin ruhy bir güýçdür. Adamzady ýaradan we oňa tükeniksiz möçberde nygmatlar eçilen Alladyr. Adam her bir işinde oňa ynanmak we özüne ýetenini berjaý edeninden soňra, işiň netijesini ondan garaşmaga mätäçdir. Munuň iň oňat mysaly daýhandyr. Ol wagtynda öz usulyna görä mellegini eker, soňra bol-sa Alla bil baglar, onadan umyt eder, tamakyn bolar. Şeýle eden halatynda Allatagala şol adama rysgal eçiler. Bu hakynda pygamberimiz: “Siz Alla zerur bolşy ýaly tamakynlyk edip, bil baglan bolsadyňyz, (daň bilen) garny aç gidip, (agşam düşeninde) dok görnüşde gaýdyp gelen guşlara rysgal berşi ýaly, size-de rysgal bererdi.”( Tirmizi, Zühd, 33) diýip belläpdir. Bu ýagdaý hem şuny açykdan-açyk görkezýär, ýagny tamakynlyk etmek, bil baglamak üçin özüne düşeni berjaý etmek, işlemek, zähmet çekmek şertdir. Çünki, ýatan wagtynda guşlaryň rysgallary aýagy bilen gelmeýär. Garynlary doýurmak üçin Allanyň ýaradan rysgalyny gözläp tapýarlar. Şeýle bolsa onda tamakynlyk adamyň özüni ahmal etmegi we işlemegini taşlap, “nähili bolsa-da Alla meniň rysgalymy berjekdir” diýmekligi aňlatmaýar. Her bir mesele babatda bolşy ýaly, tamakynlyk babatynda-da iň ajaýyp nusga pygamberimizdir. Ol her bir işinde özüne düşeni berjaý edeninden soňra, Alladan tamakynlyk edendir, umydygär bolandyr. Pygamberimize: “düýäni daňyp Alladan tamakyn bolaýalymy ýa-dabaşyna goýberip tamakyn bolaýalymy?” diýip sorana: “düýäňi duşakla, ondan soňra tamakyn bol” diýip jogap beripdir.(Tirmizi, Kyýame, 60)  Şeýle eden, ýagny her hili ýerine ýetirmeli çäräni berjaý edeniňden soňra, Alladan tamakynlyk eden adam isleginiň netijesini alyp bilmesede gynanmaz, “Men özüme düşenini berjaý etdim, ýöne Alla takdyr etmedi” diýer, teselli tapar. Bu ynanja eýe bolmaýan adam bolsa, her bir işde ikigöwünli bolup, böwrüni diňlär, hiçbir işe başlap bilmez.